Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 783
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, türk kompaniýalarynyň öňdebaryjy tilsimatlaryny we iň gowy tejribesini ýurdumyzda ornaşdyrmak, şeýle hem hyzmatdaşygyň mümkinçiliklerini öwrenmek we özara bähbitli şertnamalary baglaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna “Meridyen Uluslararasi Fuarсilik San. ve Tic. Şti.” türk kompaniýasy bilen bilelikde 2013-nji ýylyň 21-23-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergisini geçirmek tabşyryldy we oňa şu kompaniýa bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlaryna bagyşlanan sergisini geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky Halkara saglygy goraýyş merkezini döwrebaplaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky halkara saglygy goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek we onuň 120 orunlyk täze binasyny gurmak we olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak şertinde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we desgany 2015-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tilsimatly öňdebaryjy lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman Okuw-ylmy merkezini döretmek hem-de lukmanlaryň, ylmy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäheriniň 1970-nji köçesiniň ugrunda Okuw-ylmy merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap okuw, barlaghana we lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak şertinde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we Okuw-ylmy merkezini 2015-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-hindi toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2012-nji ýylyň 2-nji martynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde döredilen Strategiki Maslahat beriş Geňeşiniň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary, maliýe edaralary, daşary ýurt kompaniýalary we gaznalary, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalary, şahsy taraplary tarapyndan Türkmenistanyň ministrliklerine we pudak edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine, dini toparlaryna we dini guramalaryna, şeýle hem beýleki edara görnüşli we şahsy taraplaryna berilýän daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň ähli görnüşlerini hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak boýunça ýeke-täk ýörite ulgamlaýyn binýadyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almak işini utgaşdyrmak we gözegçilik etmek boýunça Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanda daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalaryny we maksatnamalaryny hem-de höweslendirmeleri döwlet tarapyndan hasaba almagyň we Daşary ýurt enjamlaýyn, maliýe, ynsanperwerlik muzdsuz kömeginiň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň hem-de höweslendirmeleriň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmegiň Tertibi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek we halkara maliýe bazarlarynda abraýyny ýokarlandyrmak, bank edaralarynyň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak we goýumçylaryň hem-de karz berijileriň bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň esaslyk maýasynyň iň az möçberi bellenildi. Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklaryna hususy maýanyň düzümindjäki esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we sap peýdadan döredilen beýleki gaznalaryň serişdeleriniň hem-de geçen ýyllaryň paýlanylmadyk peýdasynyň erkin bölegini esaslyk maýasyny artdyrmak üçin gönükdirmäge, gazanýan sap peýdasynyň 50 göterimden az bolmadyk möçberini esaslyk maýasyny artdyrmak üçin yzygiderli gönükdirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu karara laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň Tertipnamalaryna girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary bellige almak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

* * *

“Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda “Galkynyş” gaz känini özleşdirip, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy çykarmak işlerini çaltlandyrmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna “Galkynyş” gaz käninde gazyljak üç sany ulanyş guýusynda gazuw, buraw erginlerini taýýarlamak we oturtma turbalary berkitmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Panama Respublikasynyň “Schlumberger Logelco Inc.” korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan baradaky möhüm halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Owganystana ýardam bermek boýunça “Sebit üpjünçilik ulgamlary” atly ynamy berkitmek çärelerini durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapyndan taýýarlanylan çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygyny geçirmek tabşyryldy.