Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

view-icon 812
Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä syýasatçylyk guramasynyň Baş sekretary jenap Taleb Rifaini kabul etdi.

Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny Täze—2013-nji ýyl bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk, rowaçlyk we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda uly üstünlikler arzuw etdi.

Jenap Taleb Rifai özüniň saparynyň baş maksadynyň Türkmenistanyň okgunly ösdürilýän syýahatçylyk ulgamynyň kuwwaty hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri taslamalary we maksatnamalary nazara almak bilen, ýurduň ösüşiniň geljegi bilen tanyşmakdan ybaratdygyny aýtdy. Geçen ýylyň ahyrynda “Jahankeşdeligiň bütindünýä bazary” ady bilen Londonda geçirilen Halkara syýahatçylyk sergisiniň barşynda bu pudagy ösdürmegiň maksatnamasy bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň BMG-niň halkara guramalary we agentlikleri, şol sanda BMG-niň syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşdirilen Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Syýahatçylyk biziň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baý taryhy mirasy nazara alanyňda, biziň ýurdumyzy açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý diýip atlandyryp boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk ulgamynyň we netijeli dynç alyş boýunça dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de ony işjeň peýdalanmagyň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtdy. Myhman bu ýaş, emma geljegi uly pudagyň işiniň kämilleşdirilmegi üçin, 2012-2016-njy ýyllara niýetlenip, ýörite işlenip taýýarlanylan Milli maksatnama bilen tanyşdyryldy. Onuň çäklerinde geçen ýylyň ahyrynda daşary ýurtlarda Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmäge niýetlenen Türkmenistanyň täze syýahatçylyk kartasy taýýarlanyldy we onuň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Gadymy döwürleriň onlarça gymmatly ýadygärlikleriniň, şol sanda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý, Gadymy Merw we Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetmegi daşary ýurtly jahankeşdeleriň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny şertlendirýär diýip bellemek bilen, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary birnäçe iri möçberli möhüm taslamalary, şol sanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany öňe süren Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary baha berdi. Şypahana - dynç alyş we ekologiýa syýahatçylygy üçin giň mümkinçilikleri açýan bu taslama XXI asyryň ägirt uly taslamasy diýip baha bermek bilen, jenap Taleb Rifai döwlet Baştutanymyzy daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň işjeň gatnaşýan bu möhüm taslamany amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler bilen gutlady.

Men Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň uly geljeginiň bardygyna we onuň siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn diýip, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýolbaşçysy aýtdy we bu guramanyň geljekde hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde Türkmenistana hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary türkmen Lideriniň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berip we syýahatçylygy ösdürmegiň milli strategiýasyny makullap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň hem-de Bütindünýä jahankeşdelik we syýahatçylyk boýunça geňeşiniň “Dünýä Liderleri syýahatçylygy goldaýarlar” atly bilelikdäki çäresine goşulmaga çagyryp, milli Liderimize döwlet we hökümet Baştutanlaryna Açyk haty gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlar aýdyp, ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak dowam etdirildi. Duşuşykda şeýle hem BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri we geljegi baradaky meselelere garaldy.

Halkara guramasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýahatçylygy ösdürmek babatdaky başlangyçlaryna ýokary baha berip, Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny döretmäge gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi. Guramanyň Baş sekretary jenap Taleb Rifai halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly we umumy elýeterli syýahatçylyk ýaly möhüm ugry barada aýdyp, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň hem-de Bütindünýä jahankeşdelik we syýahatçylyk boýunça geňeşiniň “Dünýä Liderleri syýahatçylygy goldaýarlar” atly bilelikdäki çäresine biziň ýurdumyzyň gatnaşmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.