Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 677
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy hem-de örän möhüm milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ileri tutulýan meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowy we Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. H.Muhammedow çykyşynda özüne ynanylan ulgamlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän Ahal welaýatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler, hususan-da, welaýatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, sebitde Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halkara Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri alyp barmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň we şu welaýatda iş saparynda bolýan wise-premýer A.Ýegeleýewiň hasabatlaryny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda wise-premýeriň hasabatyny diňledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna bolan iş sapary döwründe beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we öňde duran wezipeleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň deňiz menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derwaýys orny eýeleýändigini belledi we binalaryň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk derejede gurlup ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde alnyp barylýan meýdan işlerine ünsi çekip, oba hojalyk pudagyny sazlaşykly ösdürmek babatda ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy we Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de welaýat oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň işlerine geçirilen seljerme bilen baglanyşykly mesele barada hasabat berdi. Häkim bolsa öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy, hususan-da, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Şu pursatda milli Liderimiz iş maslahatyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany hem çagyrdy. Milli parlamentiň baştutany ýurdumyzyň milli kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etjek täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamak bilen baglanşykly alnyp barylýan çäreler babatda Mejlisiň deputatlarynyň ýerine ýetirýän işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň degişli kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini, gurulýan desgalarda ýokary hiliň üpjün edilmelidigini we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmelidigini belläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçiilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz welaýat oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň işini jikme-jik seljerip, bu düzümleri üýtgetmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamalydygyny aýtdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki döwürde sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz munuň Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş ulgamyna degişli ähli çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli alnyp barylmagy barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow özüniň hasabatynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, dänelik ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işi üpjün etmek babatda edilýän tagallalar hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda ak ekinlere ideg etmegiň möhüm çäredigini belläp, bu işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagynyň derwaýysdygyny aýtdy. Sebitde gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda, hususan-da, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ulag ýollarynyň durkuny täzelemek, olaryň täzelerini gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe taslamalary hödürledi.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de abadançylyk we arassaçylyk boýunça alnyp barylýan işler, şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binasynyň guruljak ýeri bilen baglanşykly birnäçe taslamalary görkezdi.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy hem-de olaryň döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmelidigini aýratyn nygtap, taslamalara möhüm düzedeşleri we teklipleri aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almaklary ugrunda döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belläp, ulgamyň sazlaşykly ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornunyň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara türkmen-türk uniwersiteti kämil hünärli ýaşlary taýýarlamak bilen bir hatarda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýan Türkiýe bilen aragatnaşyklarynyň ýokary derejelere çykmagynda, bu ugur boýunça kämil bilimi bolan hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şeýlelikde, milli Liderimiz Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binasynyň ýerleşjek ýeri bilen baglanyşykly taslamalary umuman oňlap, gurluşygy göwnejaý derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere ykjam taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şäher häkimine ýüzlenip, paýtagtymyzda ýolagçy awtobuslarynyň kadaly hereketini we ilata medeniýetli hyzmat edilmegini sazlaşykly guramak işini mydama gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda ulag ýollarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde awtomobil ulgamynyň we ulag ýollarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi öňde goýlan belent wezipelere, häzirki döwrüň ýokary talarlaryna örän oýlanyşykly çemeleşmek esasynda ulag ýollaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda ägirt uly çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredowyň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ulag ýollarynyň göwnejaý derejede saklanmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy degişli ýolbaşçylardan berk talap etdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz ykdysady toplumynyň edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman düzümlerini kemala getirmäge gönükdirilen býujet serişdeleriniň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem maliýe serişdeleriniň maksada laýyk bölünip berilmegi, öz garamagyndaky edaralarda maliýe işgärleriniň sanawy bilen bagly düzgün-tertibi ýerine ýetirmek babatda birnäçe görkezmeler berdi.

Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşykda Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow bilen söhbetdeş boldy. Ministr özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde amala aşyrylýan maýa goýumly taslamalaryň maliýeleşdirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp, welaýatlary özgertmek boýunça uly möçberli maksatnamany durmuşa geçirmegiň häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijeli guralynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleri jikme-jik seljermegiň hem-de geljekde her bir welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli we gijikdirmän berjaý etmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini gurmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer bu merkezi gurmak babatda geçirilen bäsleşigiň netijeleri, ony gurmak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine şertnama baglaşmaga hem-de kararyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi, umuman oňlap, dikeldiş merkezini gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunyň gurluşygynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan üstaşyr ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, tutuşlygyna alnanda, sebitde durnukly, howpsuz we durmuş-ykdysady ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen ulag aragatnaşyklarynyň sebitleýin düzümini kemala getirmäge işjeň gatnaşýar diýip belledi.

Şu jähetden milli Liderimiz Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça taslamanyň möhüm halkara ähmiýete eýedigini belläp, onuň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda ajaýyp ulag ugry boljakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz demir ýol pudagyny sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy. Ol özüne ynanylan düzümde alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna geçirilen seljerme işleri hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge, sebitlerde degişli häzirki zaman düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen bu maksatnamanyň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, gurluşyk işleriniň hiline we täze binalaryň öz möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, medeni-durmuş we önümçilik maksatly ähli desgalarda işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow prokuratura edaralarynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilişine alnyp barylýan gözegçilik işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp we prokuratura işgärlerine örän uly jogapkärçiligiň degişlidigini nygtap, olaryň eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilişine we ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmelidiklerini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň, sebitleriň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda degişi düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça iş maslahatyna gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kabul edilýän we işlenip taýýarlanylýan pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryň hemmesiniň, aýratyn-da, senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we inžener-tehniki ähmiýetli desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly wezipeleriň birkemsiz durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýurdumyzyň beýik ýeňişlere, rowaçlyklara beslenmegini, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi häzirki eýýamda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, her bir adamyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berer diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine işde we öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.