Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün göni aragatnaşykda
geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P. Meredowyň hasabatlarynda aýdylan maglumatlary ýerinde baryp görmek maksady bilen paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenbaşy şaýoly bilen paýtagtymyzyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoluň günorta künjeginiň çatrygyna gelip, ol ýerde paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýol gurluşygy boýunça iň häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýollary yşyklandyrmak we zerur aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek bilen baglanyşykly meseleleri oýlanyşykly çözmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän ýokary tizlikli halkalaýyn ýoluň gurluşygynda alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, milli Liderimiz täze ulag ýollarynyň, köprüleriň, köp zolakly bölüji ýollaryň, şol sanda gurluşygy yzygidlerli alnyp barylýan künjekde gurulýan ýollaryň depginleri we gurluşygyň hili bilen gyzyklandy.
Dünýä derejeli ulag ýoly hasaplanýan Arçabil şaýoly häzirki döwürde ýol gurujylar üçin nusga bolup durýar we ol türkmen paýtagtynyň baş nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň iri ulag ýoluna öwrüljek täze döwrebap awtomagistralyň Aşgabadyň daşyndan halkalaýyn herekete başlajak güni indi daşda däl. Halkalaýyn ýoly gurmakdan baş maksat üstaşyr hereketleri we agyr ýükli ulaglaryň Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçmegini üpjün etmekden, şäher içindäki ýollaryň hereketini azaltmakdan, ýollaryň ulanyş möhletini uzaltmakdan we paýtagtymyzyň ekologýa ýagdaýynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýollaryň oňaýly hereketi bilen şäher giňişliginde adamlar üçin amatlyklaryň döredilmeginiň sazlaşygyny emele getirmelidigini aýdyp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe we “Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň başlygy P.Meredowa bu ugurda geçirilýän işler babatda nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu işde toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmeler zerurdyr, onda ýol gurluşygynyň we abatlaýyş işleriniň hilinden başlap, ýolagçylar üçin duralgalaryň, ýanýodalaryň, ýol ýakalaryndaky raýyşlaryň, olaryň yşyklandyrylyşynyň, ýol belgileriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, döwrebap gök zolaklaryň döredilmegi zerurdyr. Çylşyrymly inženerçilik-tehniki desgalar bolup durýan köpugurly bölüji zolaklary bolan ýollar şäher binagärligine utgaşyp, bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini, binagärlik keşbini ýokarlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunlukda, milli Liderimiz ulag - aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýdäk-de döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň üns merkezinde durar diýip aýtdy.
Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda ýokary depginleriň hem-de hiliň üpjün edilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk düzümi Aşgabadyň durmuş ulgamynda möhüm orny eýelemek bilen, ol ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmagyň geljegini nazara alyp, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän derejede durmuşa geçirilmelidir.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň binagärlik toplumy özüniň meýdançalary, seýilgähleri we gök zolaklary bilen özboluşlylygy, ýatda galyjy we täsirliligi arkaly ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbini özgertmelidigini aýtdy. Inženerçilik-tehniki düzümler, şol sanda häzirki döwrüň nusgalaryna laýyklykda bina edilýän ýol bölüji zolaklar paýtagttymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini hormatly Prezidentimiz tabşyrdy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasy adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatlyklaryň üpjün edilmegini nazarlaýar diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyny dowam etmek bilen, estakada köprüsinden Arçabil şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygyndaky halkalaýyn hereketiň kesişýän ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işlere syn edip, degişli ýolbaşçylara ýoluň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy we degişli düzümiň döredilişi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçillikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýol ugruna halkalaýyn ýoluň çatrygynda saklandy. Ol ýerde milli Liderimiz şähergurluşyk tejribesine tebigy gözellik ulgamlary bilen gök zolaklary döretmek işlerini utgaşyklykda alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ähli gurulýan desgalar umumy kabul edilen tehniki kadalara we ülňülere doly laýyk gelmelidir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi, hususan-da, gülleri we bezeg nahallaryny oturtmagyň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan ulag-ýol düzümine degişli desgalaryň gurluşygyna jogapkärli we çynlakaý çemeleşmegi talap edip, olara işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden Köpetdagyň eteginde ýerleşýän serhet birikmeleriniň birine geldi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berýär.
Milletiň Lideri hasabaty kabul edip, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Milli howpsuzlyk ministrligi üçin niýetlenen dikuçara tarap ugrady.
Döwlet Baştutany ýörite meýdançada duran dikuçarlaryň birine girip, uçarmanlaryň kabinasyna barýar hem-de dikuçaryň tehniki taýdan üpjün edilişini, hususan-da, onuň örän takyk görkezýän enjamlarynyň işleýşini üns bilen synlaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylaryň taýýarlygy barada aýdyp, şunda terbiýeçilik we watançylyk işiniň, ýaş hünärmenlere – ata Watanymyzyň geljekki goragçylaryna söweşjeňlik bilen bagly tälimiň berilmeginiň we olaryň aň-düşünje taýdan ösüşiniň höweslendirilmeginiň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny we olaryň döwrebap, çylşyrymly tehnika ussatlarça erk etmek bilen çäklenmän, guramaçylyk we taktiki meseleleri çözmeli boljakdygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz täze tehnikanyň, gündelik işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatlaýyn çärelere elmydama aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň harby düzümleriniň ählisinde toplumlaýyn harby özgertmeler amala aşyrylýar. Bu möhüm ähmiýetli jähet Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň düzgünlerinde öz beýanyny tapdy, şol doktrinanyň esasy maksady türkmen halkynyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň tagallalarynyň ilkinji nobatda hut şu ugra gönükdirilmelidigini hem-de bu edaralaryň ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly gadam urmagyna ýardam bermelidigini belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlarynyň goragynda durup, harby borjuny abraý bilen berjaý edýän we ata Watanymyzyň goragçylary diýen belent ady göterýän merdana ogullaryna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutany asyrlarboýy türkmenleriň dogduk Diýarymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny goraýanlara aýratyn hormat – sarpa goýýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda bu ýörelgeler täzeden dowam etdirilip, Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmelere esaslanýan syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özüniň Bitaraplyk derejesini yzygiderli ýagdaýda amala aşyrmak arkaly daşary syýasaty parahatçylyga we ynsanperwerlige, giň halkara hyzmatdaşlygyna, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ýörelgelere laýyklykda durmuşa geçirýändigini hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýändigini we pugtalandyrýandygyny, şol döwletleriň ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygyň täze global gurluşynyň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny oňlaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň wajyp ähmiýetlidigini belläp, bu ýerdäki ýolbaşçylardan şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmek, işgärleriň hünär ussatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ýerdäki işleriň ýagdaýy boýunça jogapkärçiligini artdyrmak ýaly meselelere içgin üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň ahyrynda hemmelere öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde üstünlik gazanmagy arzuw edip, şol wezipeleriň göwnejaý berjaý edilmeginiň türkmen topragynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň, diýmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagynyň we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etjekdigine ynam bildirdi.