Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekilini kabul etdi

view-icon 855
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistandaky söwda meseleleri boýunça ýörite wekili jenap Çarlz Hendrini kabul etdi. Ol türkmen-britan sport forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Dewid Kemeronyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen halkyna täze, 2013-nji ýylda bagt, parahatçylyk we durnuklylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Beýik Britaniýanyň hökümeti okgunly ösýän Türkmenistan bilen däbe öwrülen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge uly ähmiýet berýär. Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

Milli Liderimiz Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde dostlukly ýurduň şa zenany Ýelizaweta II we hökümet baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýollady. Türkmenistan bu ýurt bilen gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň ugry boýunça we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde geljekde hem ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň ileri tutýan ugurlaryny we milli bähbitlerini nazara almak bilen, olary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanmak bilen bellediler.

Syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň gyzyklanma bildirýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygy hökümet derejesinde, şeýle hem aýry-aýry döwlet we işewürlik düzümleriniň arasynda has-da ösdürmek barada pikirlerini aýtdylar. Aýratyn gyzyklanma döredýän ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag ulgamlary, aragatnaşyk, bilim, saglygy goraýyş we beýlekiler görkezildi.

Sport ulgamynda, hususan-da, iri halkara sport ýaryşlaryny taýýarlamak we geçirmek meselelerinde ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görmegi bilen has-da möhüm bolup durýar.

Sporty ösdürmekde we ösen düzümi döretmekde, hususan-da, sebitde iri sport toplumlaryny we häzirki zaman Olimpiýa şäherjigini gurmakda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine ýokary baha bermek bilen, myhman sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz-nesihatçysy bolan türkmen döwletiniň Baştutanyna bu möhüm ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Düýn Aşgabatda geçirilen türkmen-britan sport forumy munuň nobatdaky subutnamasy bolup, oňa gatnaşmak üçin iri sport ýaryşlaryny, şol sanda Aziýa oýunlaryny we Olimpiadalary guramak bilen meşgullanýan esasy britan kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy. Bellenilişi ýaly, britan hyzmatdaşlar eýýäm Olimpiýa şäherjigini gurmaga işjeň gatnaşýarlar, desganyň birinji nobatdakysyny geljek ýylyň baharynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hyzmatdaşlar şeýle hem ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleglerini beýan edýärler.

Täze keşbe eýe bolýan Türkmenistanyň aýdyň nyşany bolan ajaýyp türkmen paýtagtynyň gözelligine tüýs ýürekden haýran galandygyny aýdyp, jenap Çarlz Hendri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga çagyrandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili hoşlaşanlarynda, biri-birine hoşniýetli arzuwlary beýan edip, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň gyşarnyksyz ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Kit Renni Alan, şeýle hem Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy Ronald Neş hem-de gatnaşdylar.

* * *

Dürli ugurlar boýunça türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenistanyň Hökümetinde we Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol duşuşyklaryň çäklerinde bar bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda anyk ädimler bellenildi.