Ï Birinji orun sekizinji sapar eýelendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birinji orun sekizinji sapar eýelendi

view-icon 906
“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy 2012-nji ýylyň jemlerini jemledi. Lebap welaýat bölümi indi sekiznji sapar yzygiderli ýeňiji diýlip yglan edildi. Welaýat bölüminiň öňki gazanan baýraklarynyň üstüne ýene-de “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomy we kubogy goşuldy.


Lebaplylar 29 utuk toplap, ikinji we üçünji orny eýelän marylylaryň we daşoguzlylaryň öňüne geçmegi başardylar. Olar degişlilikde 4 we 13 utuk topladylar. Hasap bäş ugur boýunça ýöredildi. Bu ýerde mekdep okuwçlarynyň we mugallymlarynyň döwlet bäsleşiklerinde görkezen netijeleri, ýerlerde geçirilen bäsleşikleriň sany, şol sanda tomus dynç alyş döwründe geçirilen bäsleşikleriň netijeleri hasaba alyndy. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk, resminamalaryň we guramaçylyk işleriniň alnyp barylşy göz öňünde tutuldy. Ýurduň gündogar sebitiniň wekilleri sanawyň başky dört ornuny we bir sany ikinji orny eýelemegi başardylar. Bu bolsa olaryň üstünligini kesgitledi.

Ýaş lebaplylar 2012-nji ýylda “Türkmenistan – ýokary ruhy galkynyşyň we sagdynlygyň ýurdy!” ady bilen geçirilen mekdep okuwçylarynyň III Milli spartakiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Şular ýaly bäsleşiklerde ýurduň gündogar sebitiniň mugallymlary ikinji orny eýelediler.