Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda birinji fewraldan başlap ilkinji sapar çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça gysga möhletleýin kurslar açylýar. Mundan beýläk bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda çapyksuwar hünärini ýa-da ussat çapyksuwar endigini edinmek isleýänleriň diňe bir paýtagtyň ýaşlary däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlarynyň ýaşlary hem bu hünäri edinip bilerler.
Milli sport we syýahatçylyk institutyndan habar berişleri ýaly, türkmen halkynyň aýratyn guwanjy bolan ahalteke tohumly atlaryň meşhurlygyny dünýä ýüzüne işjeň ýaýradylmagynyň çäklerinde, ýaşlaryň çapyksuwarlyk hünärine bolan barha ösýän islegleri nazarda tutulyp, şeýle kurslar guraldy.
Bu kurslara ýaşy 17-den 30-a çenli bolan diňleýjiler kabul edilýär. Praktiki sapaklar aýlawda geçiriler. Okuw möhletiniň dowamlylygy 3 we 6 aýlykdyr. Okuwy tamamlanlara ýörite şahadatnamalar gowşurylýar.