Ï Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 912
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýokary üstünlikler sportyna höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, olary durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman, halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň giň ulgamy gurulýar we ulanmaga berilýär. Olaryň sanawyna Atamyrat etrabynyň O.Söhbedow adyndaky daýhan birleşiginde açylan 365 orunlyk täze sport mekdebi hem goşuldy.

Täze desganyň açylyş dabarasyna obanyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar, sazandalar, aýdymçylar, tansçylar konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler, ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Dabara gatnaşyjylary welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gutladylar, olar öz gapylaryny giňden açan bu sport toplumy obanyň ýaş türgenlerini taýýarlamagyň merkezi bolar diýip bellediler.

“Döwletli öý” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman binagärlik keşbinde gurlan täze sport desgasy şäherçäniň bezegi boldy. Ýöriteleşdirilen mekdepde oba ýaşlarynyň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanyp, tälimçileriň kömegi arkaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp bilmekleri üçin zerur şertler döredildi. Toplumyň giň binasynda woleýbol, basketbol, boks, göreş, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlaryny geçirmek üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Ähli zallar häzirki zaman türgenleşik we sport esbaplary, enjamlar bilen üpjün edildi, lukmançylyk bölümi, tälimçiler üçin otaglar, suwa düşülýän ýerler we beýleki gulluk jaýlary bar. Sport merkezi özbaşdak ýylylyk, energiýa we suw ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Mekdebiň çäklerinde ýerleşen açyk sport şäherçesi dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge hyzmat eder. Bu ýerde oňat enjamlaşdyrylan woleýbol, basketbol, ýeňil atletika meýdançalary, tennis korty, kiçi futbol oýnamak üçin meýdança bar. Sport toplumynyň çäkleri oňat abadanlaşdyryldy, yşyklandyryldy, bagy-bossanlyga öwrüldi.

Obanyň minnetdar ýaşaýjylary has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlary gowşurdylar, olar dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alyp barýan asylly işi üçin Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.