Ï Amatlyklar we däp-dessurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amatlyklar we däp-dessurlar

view-icon 991
Maryda 350 orunlyk myhmanhananyň gurluşygyna başlanyldy. Kaşaňlylylygyň we amatlylygyň, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleriň we gadymy milli binagärçilik dessurlarynyň utgaşmasyny özünde jemleýän bu taslama milli ykdysadyýetiň geljegi uly bolan pudaklarynyň birini ösdürmäge gönükdirilen “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda syýahatçylyk ulgamyny goldamak we ösdürmek milli maksatnamanyň” çäklerinde amala aşyrylýar.


Myhmanhana toplumy dört gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Bu bolsa ýokary derejeli mynmanhana gurluşyny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde Murgap sebitleriniň myhmanlary üçin dünýä derejesinde hyzmatlar ediler – oňaýly nomerler, dynç alyş merkezi, lukmançylyk hyzmaty, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň ählisi, alyş-çalyş nokady myhmanlaryň hyzatynda bolar.

Myhmanhananyň çäklerinde kafe, suw basseýni, sport meýdançalary, tennis kortlary, ulag duralgasy, agşamky wagtlarda yşyklandyrylýan suw çüwdürimleri işlär. Şeýle hem bu ýerde myhmanhana hojalygy üçin gerek bolan özbaşdak işleýän bug gazany, arassa suw guýulýan uly göwrüli gaplar, transformator podstansiýasy, inženerçilik kommunikasiýalary ýerleşer.