“Awaza” milli syhatçylyk zolagynyň II tapgyrynyň gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň täze binalary güýçli depginde ösýär. Olaryň hatarynda eýýäm gurluşyk agaçlaryndan arassalanan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Saglyk merkeziniň we maşgala dynç alyş 12 gatly binasyny görkezmek bolar. Bu myhmanhananyň gurluşygyna bir ýarym ýyl mundan ozal başlanylypdy. Türkiýäniň “Şahin” firmasy onuň baş potratçysy bolup çykyş edýär. Bu gurluşykda işçileriň we inžener-tehniki işgärleriň 300 töweregi işleýär. Olaryň köpüsi bolsa biziň ildeşlerimizdir.
Myhmanhananyň köp gatly binasynyň ýerden ýokarlygyna çenli beýikligi 57 metrden hem geçip, taslama belentligine çykdy. Daşky işleri diňe portaly gurmakda hem-de sokol bölegini granit bilen örtmek işlerine taýýarlamak dowam etdirilär. Binanyň perimetri boýunça diwarlaryny mramor bilen bezemek, binanyň gatlaryny, piýada ýörelýän basgançaklary we lift şahtalaryny aýnalama işleri tamamlandy. Olaryň üçüsinde deňiz tarapyndan deňzi syn ediş ýörite ýerler gurular.

Bu belent binanyň birinji we ikinji gatlarynda içki işleri çaltlandyrylýar – bu ýerde adminstratiw gulluklary, lumançylyk otaglary we halakara derejelerine laýyk gelýän hyzmat ediş gurluşlary ýerleşer. Beýleki gatlatrda, VIP-şahslar üçin 11-12-nji gatlary goşmak bilen, iň soňky işler galdy. Ol ýerde elektrikler we aragatnaşyk toparlary ýöriteleşdirilen işleriň esasy bölegini ýerine ýetirdiler. Kommunikasion ugurlar asma potoloklary bilen örtüldi. Binanyň ýerzemininde we 13-nji tehniki gatynda aragatnaşygyň kommunikasion, teleradioalnyp eşitdiriliş liniýalaryny gurnama işleri ýerine ýetirildi, lift, wentilýasion, suw geçirijiler-lagym enjamlary we binanyň beýleki durmuş üpjünçilik ulgamy goýuldy.
Saglyk merkeziniň we maşgala dynç alyşyny gurmak üçin 15,36 ga ýer bölünip berildi. Bu günki gün bu “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iň uly edara bu dynç alyş binasydyr. Umumy sygymlygy 2500 kubometr bolan ýerasty demirbeton uly göwrümli gaplarynyň bäşisi oturdyldy. Ýangyna garşy zerurulyk üçin niýetlenen gplaryň ikisi goýuldy, ýene-de ikisi gök baglary suwarmak üçin we iň soňkusy myhmanhana toplumyny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin goýuldy. Onuň golaýynda gurulan arassalaýjy gurluşlaryň we deňiz suwuny süýjediji desgalar enjamlaşdyrylyp başlandy. Toplumda bu desgalar bilen birlikde bug gazanynyň, transformator jaýynyň we dizel kiçi stansiýasynyň monolit gurluşygy dikeldildi. Desgalaryň ählisi daşky inženerçilik toruna birikdirildi. Gurluşygyň çäklerinde teniki gurluşlara hyzmat etmek üçin awtoulag ýoly çekilýär.
Nobatdaky tomusky möwsüm başlanýança – desgany ulanyşa tabşyrmagyň möhletine çenli – gurluşykçylaryň öňünde myhmanhananyň töwereginiň giňişligini gurnamak we abadanlaşdyrmak wezipesu durýar. Taslama görä ol suwa oklanan daşyň emele getirýän tolkunlaryny şekillendirýän görnüşde bolar. Olaryň wezipesi ýollary, binalary we gurluşlary, şol sanda ýarym aýlawly görnüşde gurulan myhmanhanany ýerine ýetirmekden ybarat.
Aýlawly ýollar dynç alyş merkezine barýan geçelgeleri kesip geçýär. Ol betondan guýulan Oguz hanyň sekizburç ýyldyzy görnüşinde guýlan üsti çadyrdan ýapylan tomusky kafe-bar boldy. Kafeden başlap iki tarapynda hem eýýäm çagalar oýun meýdançalary we suwa düşülýän howuz hem-de gurluşygyň birinji aýlawyny düzýän suw attraksionlary guruldy.
Suw akydylynýan öýjagalar, agaç sekiler, kürsiler bilen abadanlaşdyrylan suwa düşülýän ýer we owadan tentler ýaşyl seýilgähine alyp barar. Ol myhmanhanany deňiz pirsi bilen baglanyşdyrar, gezelenç edilýän gämiler üçin duralga gurular. Bu desganyň gurluşygynda ttebigy landşafty we suwa düşülýän ýeri saklanylmagyna berk üns berilýär, ekologiki howpsuzlygyň halkara standartlarynyň talaplaryny berk berjaý edilýär.