Ï Türkmenistan atçylyk sporty boýunça halkara sergisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan atçylyk sporty boýunça halkara sergisine gatnaşdy

view-icon 677
Şu günler Germaniýanyň Kýoln şäherinde atçylyk sporty boýunça “Spoga horse” atly halkara sergisi guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu sergide türkmen atçylyk pudagy arkaly, Türkmenistanyň ekspozisiýasy hem görkezildi.

Şu ýylda serginiň işine dünýäniň 25 ýurdundan 200-den gowrak kompaniýalar gatnaşdy, olar at esbaplaryny, sport harytlaryny we atlara degişli zatlary, şeýle hem bedewleri saklamak we olara ideg etmek üçin niýetlenen enjamlary, iýmleri we esbaplary, atçylyk boýunça edebiýaty görkezdiler.

Ýurdumyzyň bu uly halkara gözden geçirilişe gatnaşmagy atçylyk boýunça hünärmenler üçin milli atçylygyň – tohumçylyk we sport pudagynyň halkara derejesine goşulyşmagyna degişli wezipeler bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen atşynaslarynyň, tohumçylyk bilen iş salyşýanlaryň we seýisleriň öňünde hut şol wezipäni goýmak arkaly, aharteke bedewiniň tohumyny kämilleşdirmekde, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we şu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ähli şertleri döredýär.

Türkmenistanyň “Spoga horse” atly sergidäki ekspozisiýasy gözden geçirilişe gelenleriň we oňa gatnaşanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda guralan “Spoga horse” atly halkara sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýädäki atçylyk pudagynyň öňdebaryjy hataryna goşulyşmagy, türkmen halkynyň elmydama ileri tutan şu ugry boýunça ysnyşykly we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda ýene-de ädime öwrüldi. Seýisleriň we çapyksuwarlaryň birgiden nesilleriniň toplan bu gymmatly tejribesine bolsa, häzirki wagtda köp sanly ýurtlarda uly gyzyklanma bildirilýär. Diýmek, munuň özi atçylyga degişli gadymy ýörelgeleri döwrebap, innowasion esasda ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.