Ï Türkmen figuristleriň „Ilkinjileri“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen figuristleriň „Ilkinjileri“

view-icon 854
Gyşky oýunlar boýunça sport toplumynda Sport baradaky döwlet komitetiniň we sportuň gyşky görnüşleri boýunça Milli merkeziň gurnamagynda figuralaýyn typmak boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi. Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Olimpiýa mekdebiniň wekilleri bu ýaryşyň gatnaşyjylary bolarlar. Ýaryşyň baýragy ugrunda Özbegistandan (Anastasiýa Uspenskaýa) we Şweýsariýa (Nuriýa Milani Grimm) döwletiden wekilleriň gatnaşmagy bu ýaryşa „halkara“ derejesini berdi.


Şäheriň açyk birinjiliginde „A“ topara giren figuristleriň çykyşlary has täsirlisi boldy. Olar Aşgabadyň buzly köşgüniň açylany bäri figuralaýyn typmak boýunça ýurdumyzda ilkinji açylan gurnaklara gatnap, tälim alýan ýaşlardyr. Mysal üçin, 16 ýaşa çenli çykyş edýän toparda ýeňiji bolan D.Durdýewanyň okuwçysy Maýa Gylyjowa, geçen ýylda „Dubaýyň altyn kubogy“ ýaryşynda kümüş medala eýe boldy. 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merjen Orazberdiýewa ilkinji boldy. Şeýle-de Aýlar Mämmedowa we Anastasiýa Uspenskaýa hem ýeňişlerini öz „ýeňiş sanawlaryna “ goşdular.


Iki ýyla çenli tälim alanlar „B“ toparynda altyn medala mynasyp bolanlaryň hatarynda Röwşen Aşyrow, Maral Orazmyradowa bar. Şeýle -de Jennet Durdyýewanyň okuwçylary Aýlar Hydyrowa , Bekmyradowa we Aşirowa hem olaryň hatarynda boldular. Ýana Wahitowanyň okuwçysy Selbi Garajaýewa hem ýene bir altyn medalyna mynasyp bolup,üstünlige mynasyp boldy. Tomaşaçylar her bir çykyş eden gatnaşyjyny uly şowhun bilen garşylap, däp bolşy ýaly çykyş tamamlanandan soň gülleri we sowgatlary buzuň üstüne zyňyp, özleriniň olara bolan buýsanjyny bildirdiler.

„Ýaş figuraçy“ adyň ugrunda 2005-nji ýylda doglanlar we ondan hem ýaşajyk körpeler ýaryşdylar. Olaryň hökmany çykyşynda çylşyrymly däl oýunlary ýerine ýetirmeli. Şonuň üçin ilkinji bilen eminler çykyş edenleriň ykjamlygyna we ussatlygyna baha berdiler. Iň gowularyň hatarynda Ýana Wahitowanyň okuwçylary Eziz Annadurdyýew we Ilaýa Ataýewa boldular.