Ï Buzly meýdançadaky ýaryşyň öňüsyrasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Buzly meýdançadaky ýaryşyň öňüsyrasynda

view-icon 992
Türkmeniň gyşky oýunlarynyň ösüş taryhyna täze sahypany ýazjak sport wakasynyň başlanmagyna bary –ýogy birnäçe gün galdy. 10-18 fewral aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda 17 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler.


Halkara ýaryşyň abraýly baýragy ugrunda 8 sany topar bäsleşer. Biziň ýurdumyzyň adyndan iki sany: Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň „Galkan“ we „Tükmengaz“ döwlet konserniniň „Oguzhan“ sport toparlary çykyş ederler. Olar bu halkara ýaryşa gatnaşmak hukugyny geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen saýlama ýaryşlarynda mynasyp bolupdyrlar. Şu günki günde „Oguzhan“ topary biziň ýurdumyzda ilkinji we ýeke-täk resmi ussat topary derejesine eýe olanlygyny hem belläp geçmeli. Bu ýaryşlara „Himik“ (Moskwa oblasty), „Kümüş ýolbarslary“ (Sankt-Peterburg), „Nebitçi“ (Almetýewsk), „Raubiçi-96“ (Belarus döwleti), Turkiýeden we Birleşen Arap emirliklerinden toparlar gatnaşar.

Gatnaşyjylar iki topara bölünip, olardan 1 we 2 hatarlardaky toparlar baýraklar üçin soňky bäsleşigi dowam ederler. Ýeňijiler we baýraklara eýe bolanlar, bäsleşigiň esasy baýragynyň we medallardan daşary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklaryny: birinji orun üçin- 20000, ikinji orun üçin 10000, üçünji orun üçin 5000 ABŞ-nyň dollaryna mynasyp bolarlar.


Bu geçiriljek ýaryş türkmen hokkeýistleri üçin halkara ýaryşlara gatnaşmaklygyň ilkinji tejribe bolanyna garamazdan olar ýeňişe uly ynam berýärler. Ýurdumyzda gurnalan berk maddy – sport esaslary , türgenleşmek üçin giň mümkinçilikleri döretdi, öňdebaryjy türgenleşik maksatnamalary ornaşdyryldy.

Gysga döwrüň içinde türkmen hokkeý mekdebiniň ösüşinde uly öňegidişlikler boldy. Bu bolsa, gürrüňsiz Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesindedir Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda şu halkara ýayş gurnaldy we spotuň gyşky görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli merkezi döredildi.

Şu ýylyň ýaz aýlarynda Aşgabatda bu milli merkeziň maslahaty geçirilip, onda Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň ýanynda hokkeý boýunça ýörite komiteti döretmeklik meselesine garalar. Komiteti Tükmenistanyň hokkeýiň halkara federasiýasyna assosiirlenen agzasy bolmak üçin hökmanydyr. Bu bolsa türkmen türgenlerine halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmaklyga, şol sanda dünöä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýol açar.