Şu gün paýtagtymyzyň Sportuň gyşgy görnüşleri boýunça toplumynda geçýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda hokkeý bounça birinji Halkara ýaryşyndaky bäsleşiklerde ýarym finalda çykyş etjek toparlar mälim boldy. “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Oguzhan” toparynyň iň güýçli toparlaryň dördüsiniň hatarynda ýarym finalda çykyş etmek hukugyna öň eýe bolandygyny ýatladýarys. Ol bäsdeşleriniň ikisinden üstün çykypdy. Şeýlelikde, jemleýji oýunlarynyň netijesine garamazdan türkmenistanlylar ýarym finalda çykyş ederler.
Biziň hokkeýçilerimiz Belarusyň “Raubiçi-96” topary bilen şu günki geçirilen duşuşyşygy goranmakdan başlamasa-da, örän aýdyň, hüjüm ediji oýun görkezip, münberleri dolduran köp sanly tomaşaçylary begendirdiler. Hünärmenler bu oýny şu ýaryşyň iň gowy duşuşyklarynyň biri diýip bellediler.
Oýnuň ilkinji pursatyndan başlap hokkeýçiler ýokary depgini iň soňky sekundlara çenli sakladylar. Türkmenistanlylar özleriniň san taýdan artykmaçlygyndan peýdalanyp, oýnuň 9-nji minudynda hasaby açdylar. Myhmanlaryň derwezesine geçirilen hokkeý topy biziň hokkeýçilerimiziň has-da ruhuny göterdi. Belarusly türgenler hem öz gezeginde biziň toparymyzyň derwezesine häli-şindi hüjüm edip, “Oguzhan” toparynyň derwezeçisini öz ussatlygyny görkezmäge mejbur etdiler. Duşuşygyň birinji döwri 1:0 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Ikinji döwri hem biziň hokkeýçilerimiz okgunly hüjüm etmek bilen başladylar. Hokkeý topy häli-şindi “Raubiçi-96” toparynyň derezesiniň golaýynda bolýardy, bu bolsa myhmanlaryň derwezeçisini hemişe dartgynly ýagdaýda bolmaga itekleýärdi. Ikinji döwrüň ahyryna çenli türkmen türgenleri hasaby 3:0-a ýetirdiler. Özi-de “Oguzhan” topary hokkeý toplarynyň birini san taýdan azlykda oýnaýan wagtlary geçirdi. Biziň oýunçylarymyz hüjümi barha güýçlendirýärdiler. Diňe ikinji döwrüň tamamlanandygy baradaky eminiň çürlewüginiň sesi belarus hokkeýçileriniň derwezesini ýene bir hokkeý topunyň geçirilmeginden gorady.
Üçünji döwür hem dartgynly boldy. Belorus hokkeýçileri ähli güýjüni hüjüme berdiler. Şeýle-de bolsa türkmen türgenleri garşylyklaýyn hüjüme geçip, 4-nji minutda nobatdaky hokkeý topuny geçirmegi başardylar.
Jemleýji döwrüň 9-njy minutynda türkmen türgenleri okgunly garşylyklaýyn hüjüm edip, hasaby 5:0-a ýetirdiler. Bu hasap üçünji döwrüň 16-njy minudyna çenli saklandy. Şondan soňra biziň türgenlerimiz ýene bir hokkeý topuny geçirdiler.
Ýöne bu ýagdaý hem “Oguzhan” toparynyň hüjümini gowşatmady. Oýnuň iň soňky minudy has-da netijeli boldy. Ilkibaşda biziň hokkeýçilerimiz ýene bir nobatdaky hokkeý topuny geçirdiler. Soňra myhmanlar bir hokkeý topuny geçirip, “gury” utulyşdan halas boldular. Oýnuň tamamlanmagyna 4 sekund galanda duşuşygyň gutarnykly hasaby 8:1-e deň boldy.
Türkmenistanyň ýene bir topary – “Galkan” komandasynyň Almetýewsk şäheriniň “Neftýanik” topary bilen duşuşygy has çekeleşikli boldy. Toparlaryň ikisine-de ýeňiş gazanmak gerekdi.
Duşuşygyň ikinji minudynda myhmanlar öňe saýlandylar. Ýöne bary-ýogy bir minut geçenden soň türkmen türgenleri hasaby deňlediler we tizara öňe saýlandylar.
Duşuşygyň 12-nji minudynda biziň toparymyz iki hokkeý top tapawudy bilen öňde barýardy. Şu pursatda türkmen ýetginjek hokkeýçileri bäsdeşleriniň garşysyna has ynamly oýnaýarlar. Emma tiz wagtdan Tatarystandan gelen hokkeýçiler duşuşygyň birinji döwrüniň tamamlanmagyna 3 minut galanda hasabyň tapawudyny gysgaldyp, 2:3-e ýetirdiler. Şu hasap bilen hem türgenler arakesmä çykdylar.
Ikinji döwürde myhmanlar hüjümi güýçlendirip, 7-nji minutda hasaby deňlediler, 3 minut geçenden soň bolsa öňe saýlandylar. Indi “Galkanyň” hokkekýçileri bar güýjüni jemläp, hüjüme geçmeli boldular. Emma “Neftýanygyň” toparynyň derwezeçisi ähli urgulary gaýtarmagy başarýardy. Myhmanlar ýene iki gezek hokkeý topuny geçirdiler we diňe bir şu duşuşykda ýeňiş gazanmak bilen çäklenmän, eýsem ýarym finala hem çykdylar.
Şeýle hem şu günki geçirilen duşuşyklardan Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy topary bilen Sankt-Peterburgyň “Serebrýanyýe lwy” toparynyň arasyndaky duşuşygy barada durup geçesimiz gelýär. Bu duşuşykda adatdan daşary köp hokkeý topy geçirildi. 60 hokkeý topunyň ählisi hem arap türgenleriniň derwezesine geçirildi. Bu netije şu gezekki Halkara ýaryşynyň iň ýokary görkezijisidir. Şunuň ýaly hasap halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde örän seýrek ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň örän gyzykly bolandygyny ynamly tassyklamak mümkindir.
“Himik” topary (Moskwa oblasty) bilen Türkiýäniň ýetginjekler ýygyndy toparynyň arasynda geçirilen duşuşykda hem hokkeý toplarynyň köp geçirilendigi tomaşaçylary begendirdi. Bu oýun 24:0 hasabynda russiýaly türgenleriň peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, 15-nji fewralda geçiriljek ýarym final oýunlarynda “Oguzhan” bilen “Neftýanik”, “Serebrýanye lwy” bilen “Himik” özara bäsleşerler. Oýunler degişlilikde sagat 15.00-da we 18.00-da başlanylar. Hokkeý bäsleşiklerine adatça bolşy ýaly, tomaşaçylar mugt tomaşa edip bilerler.