Ýakynda Baýramalyly (Mary welaýaty) Maýa Hydyrowa sport sambosy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti N.Nazarbaýewiň baýragyny almak ugrunda Uralskide geçirilen Dünýä kubogynda bürünç medalyň eýesi boldy. Bäsleşige dünýäniň 20 ýurdundan 200-den gowrak türgen gatnaşdy.
19 ýaşly biziň ildeşimiz bu üstünligi 56 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Ol üç tutluşygyň ikisinde ýeňiş gazanmagy başardy. Maýanyň Dünýä kubogynda gazanan bu medaly halkara baýraklarynyň ilkinjisi däldir. Täze ýylyň öň ýanynda Maýa sambo boýunça Daşkentde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medaly gazandy.
Maýa 2009-njy ýylda ýaşlar toparynda Türkmenistanyň çempiony diýen drejä eýe boldy, bir ýyldan soňra bolsa, dzýudo boýunça şunuň ýaly üstünligi gaüanmagy başardy. Ondan soňra Maýa milli ýygyndyň düzümine alyndy. Ol bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Omar Muhammetnazarowyň we Çemengül Geldibaýewanyň ýolbaşçylyklarynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär.
SURATDA: M.Hydyrowa we O.Muhammetnazarow.