Ï Maryda ýene-de sport mekdebi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maryda ýene-de sport mekdebi gurulýar

view-icon 1074
Mary welaýatynyň sport ulgamynyň üstüni ýene-de bir 365 orunlyk sport mekdebi ýetirer. Soňky bir ýylyň dowamynda bu ýerde 1800-den gowrak ýaşlary kabul eden sport mekdepleriniň 5-si ulanylmaga berildi. Şu döwürde umumy sygymlygy 6 müň adam bolan dört sany sport desgalary guruldy.

Täze sport mekdebi Mary şäheriniň gündogar böleginde Togrul beg köçesiniň ugrunda ýerli gurluşyk firmasy tarapyndan guruýar. Häzir bu desgada timarlama işleri alnyp barylýar.

Binanyň birinji gatynda sport zallary – zeper gimnastika we agyr atletika, şeýle hem tälimçiler, egin-eşik çalşyrylýan,kömekçi jaýlar ýerleşer. Ikinji gatynda - okuw otaglary, beýleki otaglar we adminstratiw otaglar ýerleşer. Tomaşaçylar üçin niýetlenen ýer ýerleşýän uly sport zaly dürli sport çärelerini, şeýle hem köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenendir. Suw akydylynýan, egin-baş çalşyrylýan, lukmançylyk otagy, tälimçiler üçin otaglar we beýleki hyzmat ediş otaglary türgenleriň hyzmatynda bolar.

Mekdebiň çäklerinde eýýäm transformatpr podstansiýasynyň we bug gazanynyň bloklary taýýar edildi, inžnerçilik torlaryny, elektrik yşyklandyryjylarynyň kabellerini çekmek işleri tamamlanyp barýar. Golaý wagtda ýan ýodalaryny, gül ekilýän ýerleri gekmek boýunça abadanlaşdyrmak işlerine başlanar.

Bu sport mekdebini şu ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.Ol şäheriň Güneş kiçi etrapçasynda we Murgap ýolunyň ugrunda ýerleşýän täze sport mekdepleriniň üstüni ýetirer. Şhäerde üsti ýapyk ýüzülýän howuz, sportuň suwda ýüzülýän görnüşi boýunça mekdep, „Merw“ stadiony işleýär. Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze 10 müň orunlyk stadion şäheriň, umuman welaýatyň sport durmuşynyň merkezi hasap edilýär. Bu ýerde uly sport bäsleşikleri we uly göwrümli tomaşa çäreleri geçirilýär.