Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky birinji halkara bäsleşigi tamamlandy. Moskwa oblastynyň ýaşlar ýygyndy topary bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu topar jemleýji duşuşyga çenli bäsleşigiň hemme tapgyrlarynda ynamly çykyş etdi. Moskwa oblastynyň hokkeý federasiýasynyň wise-prezidenti Konstantin Pogodin bu barada şeýle diýdi:
- „Himik“ (Woskresensk ş.) toparynyň we „Elektrostal“ (Podolsk ş.) toparynyň oýunçylary biziň ýygyndy toparymyzyň esasyny düzýär. Biz Aşgabada öz ýaş hokkeýçilerimizi synag etmäge ýa-da haýsydyr bir bäsleşige taýýarlamak üçin gelmedik. Gowy, ýokary hilli hokkeý oýnuny görkezmek – biziň baş maksadymyz boldy.
Biz öz wezipämizi azyndan ýerine ýetirdik, ýagny – bäsleşigiň jemleýji duşuşygyna çykdyk. Biz bu duşuşykda „Oguzhan“ türkmen topary bilen duşuşdyk. Altyn medaly gazanyp bilendigimiz üçin biziň begenjimiziň çägi ýokdur.
Moskwanyň eteginden gelen hokkeýçileri bäsleşigiň baş baýragyny almak ugrunda köp sanly ýeňil bolmadyk duşuşyklary geçirdi, ýöne iň soňky oýnuň biz üçin örän çylşyrymly bolandygyny boýun almalydyryus. Sebäbi tzrkmen topary Türkmenistanyň Prezidebtiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen bu ýaryşda biziň bäsleşen toparlarymyzyň içinde iň güýçlisi boldy.
Türkmenistanyň sportuň gyşky oýunlary Milli merkezinden çakylyk almak ilkibaşda biz üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ýöne Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň Aziýa sebiti üçin öz wagtynda geçirilen we zerur bäsleşikdigine biz soňra düşünip galdyk. Bu ýerde sportyň gyşky görnüşleri ýakynda işjeň ösdürilip başlandy. Türkmenistanyň geçiren bu ýaryşy Aziýada sportuň gyşky görnüşleriniň mundan beýläk hem ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsizdir.
Şular ýaly geçirilýän ýaryşlaryň ýene-de bir aýratynlygy – ol hem sport tejribesini ösdürmäge berýän mümkinçiligidir. Sebäbi bu ýerde, Aşgabatda örän güýçli hokkeý toparlary ýygnandy. Olar bilen geçirilen özara duşuşyklar bolsa türgenleriň ussatlygyny artdyrmaklaryna kömek edýär. Munuň üstesine hem, ýaryşlar, aýratyn hem toparlaýyn, - täze we oňat dost tutunmagyň iň gowy usulydyr.