Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary deňme-deň oýnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary deňme-deň oýnady

view-icon 831
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Türkiýede geçirilýän okuw türgenleşiklerinde Ukrainanyň ýokary ligasynda çykyş edýän Lusk şäheriniň “Wolyn” topary bilen duşuşygy deňme-deň tamamladylar.

Oýnuň 85-nji minutynda ilki ukrain futbolçylary hasaby açdylar. Şondan dört minut geçeninden soň meýdançanyň burçundan edilen urgudan soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän türgenleri hasaby deňlediler we oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ukrainanyň güýçli toparlarynyň biri bolan, öz wagtynda meşhur futbolçy hökmünde Kiýewiň “Dinamo” toparynyň ençeme ýyllap kapitany, 1988-nji ýylda Ýewropada ikinji orny eýelän toparyň düzüminde çykyş eden Anatoliý Demýanenkonyň tälimçilik edýän “Wolyn” topary bilen deňme-deň oýun oňat netije görkezilendigini aňladýar.

25-nji fewrala çenli dowam etjek okuw-türgenleşikleriniň barşynda biziň futbolçylarymyz Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda 2014-nji ýylda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin saýlama bäsleşikleriniň çäklerinde ýene-de toparlaryň ikisi bilen duşuşyk geçirer.

Öz ähmiýeti boýunça yklymda ikinji derejeli ýaryşlaryň ýeňijisi bolan topar 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleýji oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Bu hukugy almak ugrunda güýç synanyşjak 20 komanda bäş topara bölüner. Türkmenistanyň futbolçylary “E” toparynda Filippinleriň, Kambojanyň we Bruneýiň komandalary bilen bäsleşer. Bu toparyň oýunlary 22-26-njy mart aralygynda Filippinlerde geçiriler.

2014-nji ýylda Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň jemleýji oýunlarynda toparlarda ýeňiji bolan bäş komanda, ikinji orunlary alan komandalaryň ikisi we ýer eýeleri hökmünde Maldiw adalarynyň topary çykyş eder.

Bu bäsleşikler 2006-njy ýyldan bäri geçirilýär. Şol ýaryşlaryň ikisinde - 2010-njy we 2012-nji ýyllarda biziň futbolçylarymyz degişlilikde Şri-Lankada hem-de Nepalda geçirilen ýaryşlaryň jemleýji oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazanyp, şonda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň toparyndan utulypdylar.