Şu gün köpugurly “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan tennis boýunça däbe öwrülen milli ýaryş tamamlandy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan türgenleriň 130-dan gowragy 14 ýaşa çenli we şondan uly toparlaryň ikisinde oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýeňiş ugrunda güýç synanyşdylar.
Iň kiçi ýaş toparynda B.Nurberdiýew we D.Bezrutçenko bäsleşdiler. Uly toparda bolsa, üstünlik garaşylyşy ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ussatlaryna Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň talyplary A.Ernepesowa we A.Prenko ýaran boldy. Ýekelikde we jübütleýin bäsleşiklerde olara taý bolan tapylmady.
Ýaryşda erkekler toparynyň lideri A.Ernepesowyň goşa ýeňşi özüniň doglan gününde – 18 ýaşan güni gazanandygy guwançlydyr. Ýekelikdäki bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ol G.Poçaýy 6:2, 6:3 hasaby bilen ýeňdi. Soňra onuň bilen aýgytlaýjy ýaryşda jübütler B.Atabaýewi / D.Ilmyradowy 4:6, 6:2, 6:1 hasaby bilen ýeňmegi başardylar.
A.Ernepesow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň şanyna geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi diýen ada eýýäm üçünji gezek mynasyp bolýar. Zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň beýleki öňdebaryjy oýunçysy A.Prenko täze üstünlik gazanyp, bu ýaryşda eýýäm onunjy gezek öňdeligi eýeledi. Ol ýubileý ýeňşini G.Muhammetkulyýewa garşy 6:0, 6:0 hasaby we D.Kadyrowa bilen bilelikde jübütler D.Bekmyradowa / D.Muhammetkulyýewa garşy aýgytlaýjy bäsleşikde 6:3, 6:4 hasaby bilen belledi.
Şu ýaryş türkmen tennisçileriniň Dewisiň Kubogyna taýýarlyk tapgyrlarynyň biri boldy. Bu abraýly ýaryşda biziň watandaşlarymyz Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş ederler. Bu topara şeýle hem Bangladeşiň, Mýanmanyň, Gyrgyzystanyň, Kataryň, Bahreýniň, Yragyň, Saud Arabystanynyň, Singapuryň we Iordaniýanyň komandalary girdiler. Iki topara gatnaşyjylaryň düzümini kesgitlemek boýunça bije 29-njy aprelden 5-nji maý aralygynda geçiriljek ýaryşyň öň ýanynda çekiler. Onuň netijeleri boýunça gowy toparlaryň ikisi geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk gazanarlar.