Köýtendagyň eňňitlerinde Lebap welaýatynda ilkinji gezek gaýa çykmak boýunça „Agama“ alpinistler klubynyň guramagynda Balkanabadyň „Mert“ alpinistler klubynyň ýerli türgenleriniň gatnaşmaklarynda ýeryş geçirildi. Daraýyderäniň tebigy gaýalarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň üç ýüzden gowragy gatnaşdy.
Birinji ýeri bellenilen gaýa ýoluny 1 minut 13 sekuntda geçmegi başaran Aşgabadyň „Agama“ alpinistler klubynyň türgeni Timur Durdyýew almagy başardy. Ikinji orny 1 minut 26 sekunt netije bilen Balkanabatly Witaliý Sagdeýew, üçünji orny Aşgabatly Sergeý Doronin eýelemegi başardy. Ýerli türgenlerden Köýtendag goraghanasynyň işgäri, kert gaýalaryň birnäçe on metrini 1 minut 45 sekuntda geçmegi başaran Jora Şernäýew iň çalasyn hökmünde özüni görkezmegi başardy.
Köýtendagyň gaýalarynda geçirilen bu sport çäresi türkmen alpiniziminiň taryhynda ilkinji ýaryşdyr. Daraýydere jülgesinde gaýa çykylýan ýörite ýer geçen ýylyň dekabr aýynda „Agama“ alpinistler klubynyň alpinistleri tarapynda guraldy. Şol ýyl hem görkezme çykyşlary geçirildi. Alpnizm üçin şular ýaly ýörite ýerler eýýäm Köpetdagyň we Uly Balkanyň gaýalarynda guraldy. Bu sport desgalarynyň sanawynyň hataryna Köýtendagyň hem goşulmagy ýurtda alpinizmiň we gaýa çykmagyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bu, haçan-da 2013-nji ýylda „Agama“ alpinistler klubyna 20 ýylyň we Türkmenistanda alpinizimiň guralmagyna 40 ýyl bolýandygyny nazara alanyňda, aýratyn bellärliklidir.
Bu bäsleşik türkmen alpinistleriniň ýurduň iň belent ýeri bolan Köýtendagyna bolan ekspedisiýasynyň çäklerinde geçirildi. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Aýrybaba belenligine çykmak boýunça türgenleşik we sport çäreleri geçirildi.