Ï Ildeşlerimiziň BAE-de geçirilen halkara ýaryşyndaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşlerimiziň BAE-de geçirilen halkara ýaryşyndaky üstünligi

view-icon 650
Türkmen türgenleri Dubaýda (BAE) pauerlifting boýunça beden taýdan mümkinçilikleri çäkli adamlaryň arasynda tamamlanan 5-nji halkara ýaryşynda altyn, kümüş we bürünç medallara eýe boldular.

Şu ýldan başlap Halkara paralimpiýa komiteti türgenleriň pauerliftingde çykyş etmek üçin täze agramlyk derejelerini girizdi. Biziň ildeşlerimiziň şu möwsümdäki ilkinji halkara ýaryşlarynda has oňat çykyş edendigini bellemek ýakymlydyr.

65 kilograma çenli agramlyk derejede aşgabatly halkara sport ussady, 2004-nji ýylda Afinyda we 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Bütindünýä paralimpiýa oýunlarynda gatnaşan S.Meladze ştangany ýatan ýerinden silkip götermekde 177 kilogram agramy galdyryp, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol 2005-nji ýylda geçirilen Aziýanyň we Ýuwaş umman sebitiniň çempionatynyň, 2006-njy ýylda Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna, şeýle hem 2010-njy ýylda Guançžou şäherinde (Hytaý) geçirilen Aziýa paralimpiadasynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Londonda geçirilen soňky Bütindünýä paralipiýa oýunlarynda S.Meladze 180 kilogram netije bilen 67,5 kilograma çenli agramda iň güýçli türgenleriň altylygyna girmegi başardy. Ine, indi bolsa ol altyn medaly eýeledi.

88 kilograma çenli agramlyk derejesinde 172 kilogram agramlygy galdyran S.Ramazanow kümüş medala, zenanlaryň arasyndaky bäsleşikde 2008-nji ýylda Pekinde we 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Bütindünýä paralimpiýa oýunlaryna gatanaşan W.Semakowa 61 kilograma çenli agramlykda ýatan ýerinden 95 kilogram agramy galdyryp, bürünç medala mynasyp boldular.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türgenleriň, şol sanda beden taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan türgenleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ägirt uly üns berýändigi hemmelere mälimdir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Şol ýerde Paralimpiýa toplumy hem göz öňünde tutulandyr.

Milli Liderimiziň berýän goldawy, döwletiň hemmetaraplaýyn alada etmegi netijesinde türkmenistanlylar dünä sport giňişligine barha ynamly çykýarlar. Biziň ildeşlerimiziň Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen şu halkara ýaryşynda gazanan üstünlikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.