Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda milli göreş boýunça geçirilen bäsleşige pälwanlaryň ýetmiş töweregi ýygnandy.
Baş baýrak ugrunda absolýut agram derejede bäsleşildi. Bu baýrak ugrunda ykrar edilen sport ussatlary – maşgala dinastiýasynyň wekili bolan Görogly etrabyndan 30 ýaşly Parahat Atjykow hem-de Mary welaýatyndan Jumadurdy Hanow bäsleşdiler. Bu gujurly pälwanlaryň aýgytlaýjy tutluşygyny köp sanly tomaşaçylar – janköýerler gyzgyn goldadylar.
Parahat Atjykow taktiki usullary ulanmak bilen, öz garşydaşyny ýeňmegi başardy. Oňa, däp bolşy ýaly, uludan tutulýan türkmen toýlarynda bellenilýän baýragy – düýe malyny baýrak hökmünde gowşurdylar.
Maşgala pälwanlarynyň wekilleriniň ýene-de dört sanysy – Nurmyrat, Mekan, Muham we Gahryman Atjykowlar gymmat bahaly höweslendiriji baýraklara mynasyp boldylar.