Ï Türkmenistan – GDA: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – GDA: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 818
15-nji martda Moskwada Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň hem-de 11 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň syýahatçylyk boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA-nyň giňişliginde syýahatçylygy ösdürmegiň geljegine bagyşlanan maslahata Türkmenistan hem gatnaşdy. Häzir biziň ýurdumyzda bu pudak milli ykdysadyýetiň möhüm bölegine we işjeň halkara gatnaşyklarynyň ugruna öwrülýär.

Milli syýahatçylyk edaralarynyň, agentlikleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň, pudagyň hünärmenleriniň çykyşlarynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmegiň, raýatlaryň ruhy islegerini kanagatlandyrmagyň, olary medeni-taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdyrmagyň şerti bolup durýan halkara syýahatçylyk aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleriň döredilýändigine üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. GDA ýurtlary bilen syýahatçylyk ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, Londondaky Bütindünýä syýahatçylyk ýarmarkasynda ministrler maslahatynyň çäklerinde Arkalaşygyň döwletlerinden kärdeşleri bilen netijeli duşuşyklaryň, şeýle hem beýleki halkara maslahatlarynyň mysallary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň ýakynda geçirilen ITB Berlin - 2013 sergisine gatnaşmagy hem mysal bolup biler. Şonda biziň ýurdumyz diňe öz mümkinçilikleri bilen däl-de, eýsem Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň bilelikdäki syýahatçylyk taslamasy bilen hem tanyşdyrdy.

Bellenilişi ýaly, syýahatlar bazarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak we atçylyk syýahatçylygynda uly mümkinçilikleri amala aşyrmak Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Geňeşiň mejlisinde 2012-nji ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde gol çekilen GDA gatnaşýan döwletleriň syýahatçylyk boýunça geňeşi hakynda Ylalaşyk babatda GDA gatnaşýan döwletler hem-de dünýä bileleşigi bilen halkara syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we berkidilmegine üns berildi.

Resminama laýyklykda, Geňeş syýahatçylygy ösdürmek, bu ugur boýunça ylmy işgärleri we mugallymlary, hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça milli maksatnamalary işläp taýýarlamagy we amala aşyrmagy, häzirki zaman syýahatçylyk düzümini döretmek üçin maýalary çekmegi we halkara ülňüleriniň esasynda ýokary hilli hyzmatlary etmegi ugur edinýär.

Şu mejlisde 2020-nji ýyla çenli döwür üçin syýahatçylyk ulgamynda goşulyşmak işlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasy, 2014-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Syýahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.