Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyna gatnaşdy
Şu gün Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, wekilçilikli maslahat Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Nowruz baýramyna gabatlanan halkara çäreleriniň çäklerinde geçirilýär. Maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi guradylar.
Uly ähmiýetli maslahatyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebitleýin we dünýä derejesindäki möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir we dünýä bileleşiginiň doly goldawyna hem-de ykrar etmegine eýe bolýar.
Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk bu gün dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamak, olaryň syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk üçin oňaýly ýagdaýy döretmekde möhüm gural bolup durýar. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň bu işde jebisleşdiriji ähmiýeti aýdyňdyr. Türkmenistan ýokary ruhubelentligiň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde bu gün sebitde parahatçylygyň hem-dedurnuklylygyň daýanjy bolup, ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny yzygiderli tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän içeri we daşary syýasaty gadymy Nowruz baýramyna halkara derejesini berip, onuň umumy siwilizasiýa ähmiýetini tassyklan Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri bilen bagly bolup durýar.
Türkmenleriň medeni durmuşynda asyrlarboýy möhüm orun eýeläp gelen gadymy bahar baýramy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze mazmuna eýe boldy. Baharda gije-gündiziň deňleşýän döwründe bellenilýän bu baýram ozaly bilen tebigatyň janlanmagy, täzeleniş bilen utgaşyp, durmuşyň gözelligini we şatlygyny beýan edýär, parahatçylygy we hoşniýetliligi, bereket bolçulygy, bagtyýarlygy we abadançylygy – Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň many-mazmunyna öwrülen zatlary alamatlandyrýar.
Nowruz häzirki zaman dünýäde diňe baramçylygy aňlatman, eýsem, özünde ylmy, filosofiki many-mazmuny jemleýär. Medeni mirasyň we köpasyrlyk däpleriň bitewüligini öz içine almak bilen, ol hemişelik gymmatlyklaryň berk binýadyna esaslanýar, birek-birege hormat goýmagyň hem-de parahatçylygyň we hoşniýetliligiň maksatlarynyň esasynda halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Ine, şonuň üçin hem häzirki zaman jemgyýetiniň dünýä möçberinde mundan beýläk-de ösmeginiň we döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýan medeniýete üns berilmegi “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyň tapawutly aýratynlygy bolup durýandygy kanunalaýyklykdyr.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüne geldi, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli garşyladylar we Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi milli Liderimize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde rowaçlyk hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän belent sepgitlerine üstünlikli ýetilmegini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, müňlerçe ýyl mundan ozal bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň öňküsi ýaly öz baý, özboluşly medeniýetini we taryhyny aýawly saklap, ajaýyp milli däp-dessurlarymyzda ebedileşdirilen ata-babalarymyzyň gymmatly ruhy mirasyny baýlaşdyrýandygyny we nesilden-nesle geçirip gelýändigini aýtdy. Nowruz baýramy şol däpleriň hatarynda aýratyn orun eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz bu nurana baýram diňe milletiň bitewiligini, agzybirligini we jebisligini berkitmäge, onuň ruhy taýdan ösmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, gündogar halklaryň umumy taryhy-medeni däplerini wagyz etmäge, olaryň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam edýär diýip belledi.
Bu gadymy baýramçylyga Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite kararnamasy esasynda halkara derejesiniň berilmegi bütin dünýäde Nowruza berilýän ägirt uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halky şu ýyl goňşy döwletlerden belent mertebeli myhmanlary garşylamak hem-de Nowruz baýramyny ýakyn dostlarynyň arasynda bellemek hormatyna tüýs ýürekden buýsanýar diýip nygtady.
Milli Liderimiz öz egindeşlerine hoşniýetli arzuwlary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny nurana baýram bilen gutlady hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan we biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Nowruz baýramynyň her bir maşgala bagt, abadançylyk we bolçulyk getirmegini arzuw etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, baýramçylyk çärelerine, şol sanda “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Kasymjomart Tokaýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon, Pakistan Yslam Respublitkasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad, RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Elçin Efendiýew, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministri Sultan Raýew, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakupow geldiler.
Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Kasymjomart Tokaýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon hem-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” demir ýoluny gurmagyň taslamasy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şu gün irden halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşýan belent mertebeli myhmanlar paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldiler. Olary Köşgüň giň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Halkara maslahatynyň resmi banneriniň öňünde däbe görä bilelikde surata düşenlerinden soň belent mertebeli myhmanlar maslahatlar zalyna çagyryldy. Bu ýere köp sanly maslahata gatnaşyjylar ýygnandylar.
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümetiň agzalary harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän pudaklaýyn institutlaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ylym we döredijilik işgärleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.
Dünýäniň 30-dan gowrak döwleti öz görnükli ylmy işgärlerini “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iberdiler. Halkara maslahatyna daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň hatarynda Ylymlar akademiýalarynyň, iri ylmy we medeni merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriň, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky guramasynyň /UNESKO/ ýolbaşçylary we wekilleri, dünýä belli alymlar bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Ruhyýet köşgüniň maslahatlar zalyna gelýär. Bu ýerde türkmen Liderini ör turup, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhmanlar sahna çykýarlar we prezidiumda özleri üçin niýetlenen ýerlere geçýärler.
Hormatly Prezidentimiz “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyna gatnaşýanlar hem-de ýurdumyzyň belent mertebeli myhmanlary bilen mähirli salamlaşyp, wekilçilikli maslahaty açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatyň umumy mejlisiniň gün tertibine geçmek bilen şu günki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. “Bu gün biz birek-birek bilen hakyky doganlar kimin öz şatlygymyzy paýlaşýarys. Bu bolsa, biziň kalbymyza uly joşgun berýän ýatdan çykmajak taryhy pursatdyr!” diýip, milli Liderimiz döwlet Baştutanlaryna we dostlukly ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryna halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara çakylyklary kabul edendikleri we olara gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz baýramy tutuş adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.Bu baýramyň belent gymmatlyklary bolan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri Milletler Bileleşiginiň hem baş maksatlarynyň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara 2009-njy ýylda bu gadymy baýramyň UNESKO-nyň maddy däl gymmatlyklaryň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilendigini ýatlatdy. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy, Nowruz baýramyny Halkara güni hökmünde yglan etdi we bu barada ýörite kararnama kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, bu guramanyň Ženewadaky bölüminiň baş direktory jenap Kasymjomart Tokaýewe ýüzlenip, Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatynda BMG-ä wekilçilik edýändigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Muna mähirli gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Biziň döwletimiz medeni-gumanitar meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen bir hatarda, möhüm teklipleri we başlangyçlary bilen çykyş edýär. Bitarap döwletimiziň uzakmöhletleýin daşary syýasy maksatlarynyň çäklerinde biz bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy dowam ederis we onuň many-mazmunyny anyk işler bilen baýlaşdyrarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň bu sözlerini maslahata gatngaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çykyş etmek üçin söz berýär.
Milli Liderimiz wekilçilikli maslahatyň belent münberinden bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, olary baýramçylyk bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar.
Şu gün biz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde mukaddes Nowruz baýramyny uly ruhubelentlik we şatlyk bilen, giňden hem-de dabaraly belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bahar baýramyny doganlyk goňşy halklar bilen birlikde toý- dabara besläp garşylamagyň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi. Şatlygymyzy paýlaşmak üçin Bitarap Watanymyza gelen doganlarymyzy uly hormat bilen, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda myhmansöýerlik görkezip, kabul etmek biziň üçin uly mertebedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bahar baýramy tebigata aýratyn öwüşgin berýän, ynsan kalbyny tämizleýän möwsümiň hökmürowanlygyny aňladýar diýip, hormatly Prezidentimiz müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň beýik manysynyň we ýörelgeleriniň täzelenişiň, halal ýaşaýşyň we zähmetiň nyşany bolup durýandygyny belledi. Nowruz gelende ene ýerimiz janlanýar, al-ýaşyl lybasa beslenip, täze keşbe girýär. Tebigatyň gözel görke gelşiniň şaýady bolýan adamlar bu pursatdan ylham alýarlar.
Milli Liderimiz bu baýramyň esasyny düzýän etika-filosofiýa we medeniýeti öwreniş meselelerine ünsi çekip, “Mukaddes Nowruz baýramy ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beýan edýän ajaýp baýramdyr. Bu baýramda biz şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görýäris. Nowruz baýramynyň dörediji we özgerdiji güýji biziň milletlerimiziň özboluşly medeni däpleriniň nesilden-nesle geçip, häzirki günlerimize çenli ýetmegine uly täsir etdi” diýip belledi.
Dünýäniň medeni genji-hazynasynda, beýik ynsanperwer däpleriň hatarynda hemişelik orun alan Nowruz baýramy adamzadyň medeni ösüşiniň iň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Nowruz baýramynyň düýp mazmuny parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen, adamyň mynasyp durmuşda ýaşamagyna hem-de döretmegine gönükdirilendir.
Nowruz baýramynyň dünýädäki jebisleşdiriji ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda Nowruzyň halkara baýramy hökmünde ykrar edilmegi biziň her birimizde guwanç we buýsanç duýgusyny döredýär diýip belledi, çünki Nowruz baýramy biziň halklarymyzy ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklarymyzy has-da ýokary derejä göterýän belent sepgitlere tarap täze ýollary açýar.
Bu mukaddes bahar baýramy ýurtlary we halklary hoşniýetli goňşuçylyga we dostluga çagyrýar. Biziň Nowruz baýramyny bilelikde bellemegimiz hem dost-doganlygyň aýdyň nyşanydyr diýip, milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ýörelgeleriniň biri-de dünýä döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, öz ýakyn goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň sebitdäki döwletler bilen bilelikde durmuşa geçiren, şeýle hem geljekde amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ençeme iri taslamalary mysal getirdi. Bu taslamalar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, tebigy we energiýa baýlyklarymyzy umymy bähbitleriň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine ulanmak bilen baglydyr diýip, milli Liderimiz şeýle ysnyşykly hyzmatdaşlygyň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitleriniň hatyrasyna netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny dowam edip, halkara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik meselesi barada durup geçdi. Adamzadyň beýik ynsanperwerlik we ruhy-medeni gymmatlyklary häzirki zamanyň çylşyrymly ýagýdalarynda hem dogry çözgütleri tapmaga ýol görkezýär we bu düşünje dünýä syýasatynda aýratyn üns merkezinde durýar. Şoňa görä-de, bilim we ylym, sungat hem-de döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugurlarynda uly orny eýeleýär diýip, milli Liderimiz belledi. Biz umumy gymmatlyklarymyza esaslanyp, bu ugurda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryhy hyzmatdaşlyk müňýyllyklaryň dowamynda ýola goýulýar, biziň medeni umumylyklarymyz tebigy ýagdaýda emele gelýän hoşniýetli gatnaşyklar arkaly döreýär. Bu gatnaşyklaryň esasyny düzýän ruhy hem-de ahlak gymmatlyklary her bir millete mahsusdyr. Munuň şeýledigini Nowruz baýramynyň ajaýyp ýörelgelerinde we many-mazmunynda aýdyň görmek bolýar.
Özara hyzmatdaşlygy berkitmekde we medeniýetlerimizi baýlaşdyrmakda ynsanperwer däpleriň möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz milli baýramlarymyzy we däplerimizi halkara derejesinde dünýä jemgyýetçiligine beýan edýän ýörite neşiri esaslandyrmagy hem-de ony “Nowruz” diýip atlandyryp, her ýylda bir gezek – bahar baýramynyň öň ýanynda çap etmegi teklip etdi.
Soňra milli Liderimiz türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň—akyldarlarymyzyň eserlerinde Nowruz baýramynyň beýan edilişine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň aňyýet we ylym-bilim taýdan ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan dünýä belli taryhy şahsyýetlerimiz Nowruz baýramynyň ähmiýetini öz eserlerinde täsirli beýan edipdirler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly, meşhur şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Güzeşt eýle” atly goşgusyny mysal getirdi. Onda akyldar şahyrymyz Nowruz baýramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çeşmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezýär:
“Gökde ýyldyz hormaty, Ýerde Nowruz hormaty, Gije-gündiz hormaty, Günähim güzeşt eýle!”.
Milli Liderimiz şeýle hem nusgawy şahyrymyz Şabendäniň goşgusyndan “Geldi Nowruz, jümleýi-älem gülüstandyr bu gün” diýen setirleri mysal getirdi.
Şeýle mysallaryň ençemesini her ýurduň beýik akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde görmek bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu eserler Nowruz baýramynyň mukaddesligine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň halklarymyzyň meşhur alymlary we şahyrlary bütindünýä medeni mirasynyň kemala gelmegine hem-de baýlaşmagyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Biz Nowruz baýramynyň şu günki dabarasynda dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran we adamzadyň medeni ösüşiniň taryhynda atlary altyn harplar bilen ýazylan şahslary hormat bilen ýatlaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu akyldarlaryň tebigaty öwreniş ylymlarynda, takyk ylymlarda, lukmançylykda we amaly ylymlarda döreden eserleri häzirki döwürde hem dünýä ylmynyň ösmeginde esas bolup durýar. Şeýle ägirt uly ylmy-medeni mirasy kämilleşdirmek we onuň ähmiýetini has-da belende götermek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ylmy maslahata gatnaşyjylara Nowruz baýramyna bagyşlap, iň oňat edebi-çeper we sungat eserleri üçin halkara döredijilik bäsleşigini geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlendi. Bu bäsleşige biziň doganlyk ýurtlarymyzyň ýazyjy-şahyrlary, suratkeşleri we heýkeltaraşlary, sungatyň dürli ugurlarynda işleýän hem-de döredýän wekilleri gatnaşyp bilerler. Şeýle döredijilik bäsleşigi biziň halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda, gatnaşyklarymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibini maslahata gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalary bilen goldadylar.
Nowruz—bu täze günüň, täze ýaşaýşyň başlangyjydyr. Bu gün ähli adamlar bagtly geljege uly umyt bilen garaýarlar. Goý, bu ýagşy umytlar hasyl bolsun we adamlaryň göwünleri bahar gülleri ýaly açylsyn diýip, milli Liderimiz sözüniň ahyrynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüni tamamlamak bilen, maslahata gatnaşyjylary nurana Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikleri, doganlyk ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatynyň mejlisini dowam edip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaýewe söz berdi.
Halkara maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistanyň Baştutanyna, tutuş türkmen halkyna mähirli kabul edişlik, şeýle hem abraýly halkara maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna, halkara derejesinde bellenilýän Nowruz baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara gatnaşyjylara BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Jenap K.Tokaýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde, şeýle hem daşary syýasatynda uly üstünliklere eýe boldy, “açyk gapylar” syýasatyna ygrarly bolmagy, oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa yzygiderli geçirmegi, öňdengörüjilikli halkara başlangyçlary netijesinde türkmen döwleti bu gün sebitde durnuklylygy berkitmäge hem-de netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşýar we dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolýar.
Nowruz baýramynyň ähmiýeti oňa halkara derejesini beren BMG-niň Baş assambleýasynyň kararnamasynda beýan edilýär. Bu derejäniň berilmegine ýardam eden ýurtlaryň ýolbaşçylary we wekilleri şu gün Aşgabatda ýygnandylar.
Üç müň ýyldan gowrak taryhy bolan Nowruz baýramy täzelenişi alamatlandyryp we jemgyýetiň bitewülik ruhuna eýlenip, dünýä halklaryny täze beýik işlere ruhlandyrýar diýip, jenap K.Tokaýew häzirki zaman dünýäde, globallaşmagyň we innowasiýalaryň asyrynda däpleriň we ruhy mirasyň möhüm ornuny hem-de wajypdygyny belledi.
Nowruz baýramy bize sabyr-takatlylyk, özara hormat goýmak we özara düşünişmek ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygy tassyklamaga, ähli adamlaryň deňhukuklylygyny ykrar etmäge mümkinçilik berýär diýip, ol sözüni dowam etdi.
Nowruz baýramynyň esasyny düzýän zatlaryň—tebigata hormat bilen garamagyň, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamaga ymtylmanyň ähmiýetini nygtamak bilen, ol bu babatda Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň oňyndygyny belledi. Häzir dünýäniň duçar bolýan şu we beýleki meseleleriniň çözülmegi bizi ösüşi çaltlandyrmaga, BMG-niň we sebitleýin düzümleriň halkara derejesindäki gatnaşyklaryny giňeltmäge iterýär diýip, BMG-niň ýokary wezipeli wekili Türkmenistan bu ugurda ýokary baha mynasyp bolan anyk çäreleri amala aşyrýar diýip belledi.
BMG-niň dünýäde ikinji möhüm kabulhanasy hökmünde BMG-niň Ženewa bölüminiň işi barada aýtmak bilen, onuň baştutany türkmen Lideriniň iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynyň ähmiýetini belledi. Şol duşuşyk geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.
Ajaýyp türkmen paýtagtynda – halkara derejesine eýe bolan şäherde halkara Nowruz baýramynyň şanyna geçirilýän çäreler bize tutuş dünýä hoşniýetli habary ibermek hem-de ähli halklaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyna umumy ygrarlylygymyzy görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory öz çykyşyny tamamlady.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, onuň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky tagallalaryna işjeň gatnaşmak Türkmenistan üçin daşary syýasatda üýtgewsiz strategiki ähmiýete eýedir diýip belledi. Bizi umumy wezipeler we gymmatlyklar birleşdirýär, biz öňde goýan maksatlarymyzy amala aşyrmakda bilelikde hereket edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
BMG bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge, sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işlere goşant goşmaga, şeýle hem içerki ösüşiň meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Biz syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlary hem-de beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde berýän goldawy üçin Birleşen Milletler Guramasyna minnetdardyrys diýip, milli Liderimiz BMG-niň baştutanynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaýewiň çykyşynda beýan edilen Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk işine BMG-niň ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi.
Maslahatyň işiniň barşynda döwlet Baştutanymyz belent münbere Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmadinežady çagyrdy. Ol öz çykyşyny Nowruz baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň tutuş halkyna gutlaglary bilen başlady. Dostlukly ýurduň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli myhmansöýerlik hem-de baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Nowruzyň belent many-mazmuny we alamatlary barada aýtmak bilen, eýran lideri bu ajaýyp baýramyň pelsepewi esasyny, tebigatyň janlanmagyny, durmuşyň täzelenmegini, adamyň ruhy taýdan galkynmagyny beýan edýän şahyrana setirleri mysal getirdi.
EYR-nyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bu baýramyň ajaýyp many-mazmuny mukaddes däp-dessurlarda, asylly işlerde öz beýanyny tapyp, olaryň hatarynda dürli adamlar bilen dostlukly, mähirli gatnaşyklary saklamak, ata-eneňe hormat goýmak, halypalaryňa sarpa goýmak, mätäçlere kömek etmek, ýagşylygy artdyrmak ýaly sogap işler bar.
Gadymy Nowruz gadymdan bäri tebigatyň baharda täzelenmeginiň nyşany hökmünde adamlarda ajaýyp duýgulary döredip, halklaryň onlarçasynyň ruhy mirasyna öwrülmek bilen, olaryň birleşmegine ýardam edip geldi diýip, Mahmut Ahmadinežad bu baýramçylygy halkara derejesinde bellenilmeginiň dünýäde dostlukly gatnşyklary saklamak, hyzmatdaşlygy ösdürmek we dürli halklaryň medeni gatnaşyklaryny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmut Ahmadinežada örän manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, müňýyllyklaryň dowamynda Nowruzy baýram edip gelýän eýran halkynyň bu baýramçylyk bilen bagly däpleri we tutuş medeniýeti adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant bolup durýar diýip belledi. Doganlyk Eýran Nowruz baýramyna halkara derejesiniň berilmegi üçin netijeli tagallalary etdi. Eýran Halkara Nowruz baýramyny öz topragynda iki gezek ýokary guramaçylyk we myhmansöýerlik bilen belläp geçdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýa söz berdi. Owgan lideri bu ýere ýygnananlary—döwlet Baştutanlaryny we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny, maslahata gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny mübärekläp, olary nurana bahar baýramy bolan Nowruz bilen tüýs ýürekden gutlady. Şu ýyl biz Nowruz baýramyny dostlukly Türkmenistanda belleýäris we bu ajaýyp baýramyň şatlygyny doganlyk türkmen halky bilen paýlaşýarys diýip, Prezident Hamid Karzaý belledi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip görmek we Nowruz baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara gatnaşmak baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegi ugur edinmegi Nowruz baýramynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, Prezident Hamid Karzaý bu gadymy baýramyň biziň sebitimiziň ýurtlary üçin parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň nyşany bolup durýandygyny belledi. Her bir halkyň Nowruzy baýram etmekde özboluşly däpleri emele geldi, bu ajaýyp baýramçylyk köp ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň medeniýetinde we edebiýatynda mynasyp orun eýeledi diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Nowruz baýramynyň bilelikde baýram edilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan biziň sebitimiziň halklarynyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin uly ähmiýete eýedir. Öz gezeginde Owganystan hem geljekde umumy bähbitlere gabat gelýän şol netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary eder diýip, Prezident Hamid Karzaý aýtdy.
Owganystanyň Baştutany sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi we türkmen topragynda belent myhmansöýerligi görkezendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabaralara gatnaşyjylary Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Owganystanyň baştutany Hamid Karzaýa çuňňur we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, owgan halkynyň gadymy we baý medeni mirasynyň bardygyny belläp, onda Nowruz baýramy aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa parahatçylygy we abadan durmuşy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir diýip nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmona söz berdi.
Täjik lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin itüýs ýürekden hoşallyk bildirip, maslahata gatnaşýan döwlet Baştutanlaryny, şeýle hem dabaralara gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny we agzalaryny Nowruz baýramy bilen gutlady.
Şu ýyl Halkara Nowruz baýramynyň doganlyk Türkmenistanda bellenilmeginiň çuň many-mazmuny bar diýip, Prezident Emomaly Rahmon belledi. Geçmişde we häzirki wagtda röwşen Nowruzyň mekany hasaplanýan bu myhmansöýer ülke bir bitewi siwilizasiýa giňişligine girýär diýip, Täjigistanyň baştutany belledi. Nowruz Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň halklarynyň hem-de milletleriniň baýramy bolmak bilen, ynsanyň, tebigatyň we älemiň bitewüligi, şeýle hem adamzat nesliniň bitewüligi hakynda jar çekýän transmilli waka bolup durýar. Bu bitewi nusga akyl ýetirmek bilen biziň ata-babalarymyz bu baýramy globallaşdyrmak üçin baryp biziň eramyzdan öňki bäşinji asyrda eýýäm şertleri döredipdirler.
Prezident Emomaly Rahmonyň belleýşi ýaly, Nowruzyň gadym döwürlerden bäri we häzir meşhur bolmagynyň sebäbi onuň tebigatyň janlanmagyny, baharda gije-gündiziň deňleşmegini, şeýle hem belent umumadamzat gymmatlyklarynyň, ägirt uly siwilizasiýa giňişliginde dürli halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny we parahat durmuşda ýaşamagyny alamatlandyrýanlygydyr. Biziň günlerimizde öçmez-ýitmez döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän Nowruz häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde, ozaly bilen dünýä halklarynyň dostluk we özara gatnaşyklar maksatnamasy hökmünde zerur bolmalydyr.
Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa baýramçylygyň öň ýanynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy hakynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama ylalaşyldy we gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, täjik lideri Nowruzyň medeni giňişliginde ulag-aragatnaşyk ýollarynyň we habar beriş köprüleriniň gaýtadan dikeldilmegi we döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam eder diýip belledi. Elbetde, bu baýramçylyk ynsanperwer-medeni we ylym-bilim ulgamlarynda ýakyndan gatnaşmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti çykyşyny tamamlamak bilen, Nowruz baýramynyň şanyna geçirilýän şu günki dabaralaryň netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek işine gulluk etjekdigine ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy we beýan eden möhüm ähmiýetli pikirleri üçin öz täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gündogaryň bu nurana baýramy täjik halkynyň gadymyýetden bäri gelýän däp-dessurlarynda hem aýratyn orny eýeleýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany halkara Nowruz baýramynyň täjik topragynda dabaraly ýagdaýda bellenilendigini ýatlady.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä söz berilýär. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy, döwlet Baştutanlaryny we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny, maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Nowruz baýramynyň şanyna Aşgabatda geçirilýän halkara dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolup durýandygyny belledi.
Nowruz—täze ýylyň başlanmagynyň alamaty bolup, bu baýramçylyk halklary birleşdirýär. Onuň BMG tarapyndan bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilmegi parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we ynsanperwerligiň dabaralanmagyny alamatlandyrýar diýip, Pakistanyň Prezidenti belledi. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentini, daşary ýurtly kärdeşlerini, şeýle hem Nowruz baýramyna ýygnananlary mähirli gutlap, dostlukly türkmen halkyna we dünýäniň ähli halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Nowruz baýramy—bu biziň umumy gymmatlyklarymyzyň beýany bolmak bilen biziň umumy mirasymyzyň nyşany bolup durýar. Biz hem öz gezegimizde şol gymmatlyklara daýanyp, sebitde ähli ugurlarda, şol sanla ykdysady ulgamda, energetikada, ulag-aragatnaşyk pudagynda, düzümi döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmelidiris we ösdürmelidiris diýip, Prezident Asif Ali Zardari sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan tarapynyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Pakistanyň baştutany Türkmenistanyň başyny başlan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol giň gerimli taslama gatnaşýan ýurtlaryň halklarynyň, şeýle hem tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, Prezident Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň türkmen topragynda mähirli kabul edidendigi we myhmansöýerlik görkezilendigi üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň baştutanyna manyly çykyşy, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň taryhynda we medeniýetinde Nowruz baýramy uly ähmiýete eýedir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara bahar baýramyna Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň beýik sarpa goýýan taryhy şahsyýeti, görnükli döwlet işgäri Baýram hanyň hem öz eserlerini bagyşlandygyny aýtdy.
Soňra halkara maslahatynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz çykyş etdi. Ol öz çykyşyna maslahatyň ýokary derejede guralandygy, şeýle hem däbe öwrülen türkmen myhmansöýerligi üçin hoşallyk sözleri bilen başlap, doganlyk Türkmenistanyň halkyny we ýolbaşçylaryny halkara Nowruz baýramy bilen gutlady. Türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň hem-de Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bu nurana baýramyň jebisleşdiriji ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman baharyň gelmegini, durmuşa bolan söýgüni, päkligi, täzelenmegi, tebigatyň janlanmagyny, şeýle hem abadançylygy we bolçulygy alamatlandyrýan Nowruz biziň doganlyk halklarymyzyň medeniýetleriniň arasynda özboluşly köpri bolup durýar diýip belledi.
Nowruz edebiýatda we sungatda hem uly orun eýeleýär diýip, Taner Ýyldyz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan setirleri mysal getirdi. Olarda bu ajaýyp bahar baýramy wasp edilýär.
Soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ösýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri şol hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösjekdigine ynam bildirdi.
Halkara Nowruz gününi Aşgabatda baýram etmek başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, Taner Ýyldyz Türkmenistanyň Baştutanyna köpugurly işlerinde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Myhman türkmen Lideriniň döredijilikli başlangyçlaryna, şol sanda döwletara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha bermek bilen, Türkiýäniň olary tutuşlygyna goldaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana gyzykly we mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe gadymy we baý medeni mirasy aýawly saklamak hem-de bu medeniýet bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrýar diýip belledi. Milli gymmatlyklaryň we ata-baba gelýän ajaýyp däp-dessurlaryň adamzat ösüşine nähili oňat we netijeli täsir edýändigini Türkiýäniň mysalynda görmek bolýar diýip, milli Liderimiz geljekde mukaddes Nowruz baýramynyň Türkiýäniň topragynda hem bilelikde belleniljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa söz berildi.
Prezident Rustam Minnihanow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan Tatarystan Respublikasynyň köpmilletli halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, doganlyk Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady.
Tatarystan Respublikasynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary we medeniýetleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi müňlerçe ýyl mundan öň dörän, durmuşa bolan söýgä beslenen hem-de tebigatyň täzelenmegini, hoşniýetliligiň we nuranalygyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramynyň däplerinde öz beýanyny tapýar.
Şu zalda ýygnanan dürli ýurtlardan we dürli milletlden bolan adamlary parahatçylyga, döredijilikli zähmete we ähli halklaryň bähbidine bilelikdäki işlere bolan isleg birleşdirýär diýip, Rustam Minnihanow belledi.
Ata-babalarymyzyň Nowruz baýramynyň esasynda goýan ynsanperwerlik wesýeti barada aýtmak bilen, Tatarystanyň baştutany Nowruzyň häzir aýratyn zerurdygyny belläp, dürli milletlerden bolan adamlaryň hoşniýetlilik we adalatlylyk pikirini özünde jemleýän bu baýramy bellemegi hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip nygtady.
Türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirmek bilen, Tatarystan Respublikasynyň baştutany Aşgabat şäherine her bir saparynyň iki doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň nyşanyna öwrülýändigini aýtdy. Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, Tatarystanda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar, türkmen halky öz Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ýolunda ägirt uly üstünlikleri gazandy.
Türkmenistanda bolşy ýaly, Tatarystan Respublikasynda hem däpleriň, taryhy ýadygärlikleriň dikeldilmegine uly üns berilýär diýip, Rustam Minnihanow bu gün halkara baýramy derejesine eýe bolan hem-de parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we zähmetsöýerligiň belent ýörelgelerini beýan edýän Nowruzyň baýram edilmeginiň ähmiýetini belledi. Tatarystanyň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, UNESKO-nyň 2009-njy ýylda Nowruzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi hem-de 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 21-nji martyň Halkara Nowruz güni diýlip yglan edilmegi halklary birleşdirýän bu baýramyň ähmiýetiniň uludygyny tassyklady.
Prezident Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda täsin taryhy ýadygärlikleriň birnäçesiniň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Sabantuý tatar halk baýramyny UNESKO-nyň maddy däl mirasyň sanawyna girizmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu baýram Russiýa Federasiýasynda Nowruz hem-de beýleki baýramlar bilen bir hatarda giňden bellenilýär. Munuň özi köp milletli Russiýanyň köp asyrlyk ruhy, taryhy we medeni däpleriniň dikeldilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Tatarystan Respublikasynyň baştutany şunuň ýaly baýramlaryň ähli döwürlerde adamlara parahatçylygy we agzybirligi saklap, ýaşamaga we döretmäge ýardam edendigini aýtdy.
Tatarystandan görnükli alymlaryň hem gatnaşýan şu günki maslahatynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Prezident Rustam Minnihanow bu duşuşygyň Nowruz baýramynyň gadymy däplerini medeni we ykdysady gatnaşyklar üçin açyk dünýäniň häzirki zaman meýilleri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Dabaralara gatnaşyjylara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti şu gün Türkmenistanda bellenilýän Nowruz baýramy doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow manyly we gyzykly çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda medeniýet, ylym, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip belledi, şol gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giň gerim bilen alnyp baryljakdygyna we hil taýdan ýokary derejä göteriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Elçin Efendiýewe söz berildi.
Dostlukly ýurduň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçysy Halkara maslahatyna gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, döwlet baştutanlaryna we resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna, halkara maslahatyna gatnaşyjylara Azerbaýjan Pespublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Nowruz baýramy—bu doganlygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň nyşany. Bu gün bu nurana baýramy ýer ýüzünde adamlaryň iki milliarddan gowragy belleýär diýip, Elçin Efendiýew Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda halkara Nowruz gününiň hormatyna geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Nowruzyň täzelenişiň we döredijiligiň nyşany bolup durýandygyny belläp, Elçin Efendiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we onuň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere haýran galýandygyny aýtdy. Şol özgertmelerde bu nurana bahar baýramynyň döredijilikli maksatlary öz beýanyny tapdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary öz çykyşyny tamamlap, hemmeleri halkara Nowruz güni bilen ýene bir gezek gutlady hem-de türkmen döwletiniň Baştutanyna türkmen topragynda azerbaýjan wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Elçin Efendiýewe çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän umumy taryhy we medeni kökleri bar diýip belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde biziň doganlyk gatnaşyklarymyz hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar, şunuň bilen baglylykda, Nowruz baýramyna, bilelikde geçirýän medeni çärelerimize, alymlarymyzyň we döredijilik işgärlerimiziň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris.
Soňra maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Gazagystan Respublikasynyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakubow çykyş etdi.
Şu gün türkmen paýtagtynda giňden bellenilýän halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirmek bilen, myhman doganlyk we dostlukly ýurtlaryň baştutanlaryny, ýokary wezipeli wekillerini röwşen baýram bilen gutlady we olara bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Nurana baýramyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, gazak wekiliýetiniň ýolbaşçysy ynha eýýäm üç müň ýyl bäri türki we pars halklary bilen bilelikde bahar baýramy we tebigatyň täzelenmegi hökmünde bellenilýän Nowruzyň döreýşiniň taryhy häzirki zaman dinleriň we milletleriň entek döremedik döwründen gözbaş alýar. Şunuň bilen baglylykda, Kabibulla Jakupow beýik şahyr we alym Omar Haýýamyň XI asyrda seljuk soltany Jelaleddin Mälik şa ibn Alp Arslanyň şalyk eden döwründe täze senenamany döredendigi baradaky rowaýaty mysal getirdi. Şol senenama “Mäligiň ýyl ýazgysy” diýip atlandyrylypdyr we günüň Hamal ýyldyzlar toparyna girýän gününe hem-de baharda gije bilen gündiziň deňleşmeginden soň başlanýan ýylyň tebigy başlangyjyna esaslanypdyr.
Kabibulla Jakupow çykyşyny dowam edip, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny beýan edýän Nowruz baýramy häzirki döwürde çuňňur ruhy-etiki many-mazmuna eýe boldy diýip belledi. Gazaklaryň Nowruzy halkyň beýik güni diýip atlandyrýandygyny nygtap, myhman Nowruzyň Gazagystanda Prezident Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen döwlet derejesinde bellenilýändigini aýtdy.
Bu gün Nowruz Türkmenistanyň gadymy topragynda biziň halklarymyzyň umumy baýramy hökmünde bellenilýär. Şeýle çäreleriň geçirilmegi netijesinde Nowruz ähli adamlaryň agzybirliginiň we özara düşünişmeginiň beýanyna, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrülýär diýip, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň wekiline gyzykly çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda asyrlarboýu dowam edip gelýän dost - doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýarys diýip belledi. Biziň halklarymyzyň umumy medeni we ruhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen we gazak halklarynyň ajaýyp däpleriniň biri bolan Nowruz baýramynyň bellenilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwletara gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Gazagystana boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde we ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministri Sultan Raýewe söz berildi. Myhman çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem maslahata gatnaşyjylara Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň we tutuş gyrgyz halkynyň mähirli salamlaryny hem-de halkara Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Dabaralaryň ajaýyp guralandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hoşallyk bildirmek bilen, Sultan Raýew Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, taryhy emele gelen ysnyşykly gatnaşyklar we medeni däpleriň umumylygy Gündogaryň halklaryny asyrlarboýy birleşdirdi. Gadymy Nowruz baýramy hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Nowruz tebigatyň täzelenmegini, döredijilikli başlangyjy we durmuşyň öçmejek şatlygyny alamatlandyryp, ony Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň ähli halklary giňden belleýärler. Nowruz baýramynyň UNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi, 21-nji martyň bolsa indi halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýändigi guwançly ýagdaýdyr diýip, Sultan Raýew belledi.
Nowruz –bu hakyky halk baýramçylygy. Baharda gije-gündiziň deňleşýän bu mukaddes güni birek-biregiňkä myhmançylyga barmak, garyndaşlaryňy soramak, agaç nahallaryny ekmek, janlanýan tebigatyň gözelligini synlamak kada öwrülipdir. Maslahata gatnaşyjylary bu ajaýyp baýram bilen ýene bir gezek mähirli gutlap, Gyrgyzystanyň medeniet, habar beriş we syýahatçylyk ministri Nowruz baýramynyň bilelikde bellenilmeginiň asylly däbe öwrüljekdigine hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek we ösdürmek işine öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Gyrgyzystandan gelen myhmana gyzykly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, gyrgyz halky hem baý medeni mirasa eýe bolmak bilen, ony wagyz edip, dünýä ýaýmak üçin uly tagallalary edýär diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz Nowruz baýramynyň türkmen we gyrgyz halklarynyň gadymdan gelýän, iň gowy baýramlarynyň biri bolup, biziň günlerimizde parahat we asuda durmuşy pugtalandyrmakda öz mynasyp ornuny eýeleýär diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyň umumy mejlisiniň jemini jemläp, maslahata gatnaşyjylara ýüzlendi hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekiline, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryna, şeýle hem resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna gyzykly we manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkara maslahatyň dowamynda mukaddes Nowruz baýramynyň birleşdiriji güýji, parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny has-da belende götermekdäki uly ähmiýeti biragyzdan nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz doganlyk döwletlerimiziň özara hyzmatdaşlygynyň, halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde edýän bilelikdäki tagallalarynyň mundan beýläk-de maksada okgunly we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
Nowruz baýramynyň we onuň gymmatlyklarynyň ähmiýeti biziň sebitimiziň çäklerinden has uzaklara ýaýraýar hem-de Bütindünýä derejesine eýe bolýar. Munuň şeýledigini nurana Nowruz baýramynyň Halkara baýramy hökmünde giňden bellenmegi hem subut edýär. Biz muňa tüýs ýürekden buýsanýarys we guwanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu ýere ýygnananlary Nowruz baýramy bilen ýene bir gezek gutlap hem-de halkara maslahatyna gatnaşyjylara netijeli işlemegini arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynyň açylyş dabarasyny ýapyk diýip yglan etdi.
Milli Liderimiz öz myhmanlaryny Nowruzyň hormatyna geçirilýän baýramçylyk çärelerini Ahal ýaýlasynda dowam etmäge çagyryp, maslahata gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde Ruhyýet köşgüniň maslahatlar zalyndan çykdy.
***
Günüň ikinji ýarymynda “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahaty öz işini “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Nowruz baýramynyň häzirki zaman ösüşginleri”, “Nowruz baýramynyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy”, “Nowruz baýramynyň Gündogaryň maddy we ruhy medeniýetiniň ösüşine täsiri” diýen bölümçeler boýunça dowam etdi. Bölümçeleriň işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zallarynda geçirildi. Maslahatyň wekilçilikli düzümi we oňa gatnaşýan döwletleriň sany dünýäde Türkmenistanyň gadymy we täze taryhyna ägirt uly gyzyklanmanyň bildirilýändigini nobatdaky gezek tassyklap, türkmen halkynyň adamzadyň medeni-ruhy ösüşine möhüm goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.
Bölümçelerde geçirilen mejlisleriň barşynda Nowruz baýramynyň gelip çykyşynyň taryhyny we däplerini öwrenmegiň, halkara bileleşiginde baýramçylygyň mirasy hakynda bilimleri ýaýratmagyň möhüm meseleleri, şeýle hem döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde we halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz etmekde onuň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler ata-babalarymyzyň medeni mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we dünýäde wagyz etmekde, ylmy işleri giňden geçirmäge ýardam edýän giň halkara gatnaşyklaryny we oňaýly içeri syýasat ýagdaýyny ýola goýmakda, beýleki ýurtlaryň esasy hünärmenlerini hyzmatdaşlyga çekmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny bellediler. Şonda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ylmyň we medeniýetiň okgunly ösüşi, milli gymmatlyklaryň we olaryň dünýä gatnaşyklaryň ulgamyndaky ähmiýetine düşünmegiň ösüşi bolup geçýär.
“Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen ýapylyş dabarasynda onuň işiniň netijeleri jemlendi.
“Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahat öz işini tamamlandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýüzlenme kabul etdiler. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza halkara duşuşygynyň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür, parahatçylygy berkitmäge, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna, dürli ýurtlaryň we halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna gönükdirilen beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.