Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nowruz - parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynda eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nowruz - parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynda eden çykyşy

view-icon 841
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Nowruz - parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynda eden çykyşy

(Aşgabat, 2013-nji ýylyň 21-nji marty)


Siziň Alyhezretleriňiz!
Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary!
Gadyrly adamlar!

Şu gün biz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde mukaddes Nowruz baýramyny uly ruhubelentlik we şatlyk bilen, giňden hem-de dabaraly belleýäris. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bahar baýramyny doganlyk goňşy halklar bilen birlikde toý-dabara besläp garşylamak aýratyn many-mazmuna eýedir. Şatlygymyzy paýlaşmak üçin Bitarap Watanymyza gelen doganlarymyzy uly hormat bilen, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda myhmansöýerlik görkezip, kabul etmek biziň üçin uly mertebedir.

Bahar baýramy tebigata aýratyn öwüşgin berýän, ynsan kalbyny tämizleýän möwsümiň hökmürowanlygyny aňladýar. Nowruz baýramy biziň halklarymyzyň durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň beýik manysy we ýörelgeleri täzelenişiň, halal ýaşaýşyň we zähmetiň nyşanydyr. Nowruz gelende ene ýerimiz janlanýar, al-ýaşyl lybasa beslenip, täze keşbe girýär. Tebigatyň gözel görke gelşiniň şaýady bolýan adamlar bu pursatdan ylham alýarlar.

Mukaddes Nowruz baýramy ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beýan edýän ajaýyp baýramdyr. Bu baýramda biz şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görýäris. Nowruz baýramynyň dörediji we özgerdiji güýji biziň milletlerimiziň özboluşly medeni däpleriniň nesilden-nesle geçip, häzirki günlerimize çenli ýetmegine uly täsir etdi.

Dünýäniň medeni genji-hazynasynda, beýik ynsanperwerlik däpleriniň hatarynda hemişelik orun alan Nowruz baýramy adamzadyň medeni ösüşiniň iň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Nowruz baýramynyň düýp mazmuny parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen, adamyň mynasyp durmuşda ýaşamagyna hem-de döretmegine gönükdirilendir.

Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Nowruzyň halkara baýramy hökmünde ykrar edilmegi biziň her birimizde guwanç we buýsanç duýgusyny döredýär. Nowruz baýramy biziň halklarymyzy ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklarymyzy has-da ýokary derejä göterýän belent sepgitlere tarap täze ýollary açýar. Bu mukaddes bahar baýramy ýurtlary we halklary hoşniýetli goňşuçylyga we dostluga çagyrýar. Biziň Nowruz baýramyny bilelikde bellemegimiz hem dost-doganlygyň aýdyň nyşanydyr.

Nowruz baýramynyň beýik gymmatlyklary parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri üçin esas bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ýörelgeleriniň biri-de dünýä döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, öz ýakyn goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.

Munuň hut şeýledigine biziň ýurdumyzyň sebitdäki döwletler bilen bilelikde durmuşa geçiren, şeýle hem geljekde amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ençeme iri taslamalary şaýatlyk edýär. Bu taslamalar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, tebigy we energiýa baýlyklarymyzy umumy bähbitleriň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna ulanmak bilen baglydyr.

Şeýle ysnyşykly hyzmatdaşlygyň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitleriniň hatyrasyna netijeli dowam etdiriljekdigine şu günki şatlykly pursatda aýratyn hem berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Mälim bolşy ýaly, adamzadyň beýik ynsanperwerlik we ruhy - medeni gymmatlyklary häzirki zamanyň çylşyrymly ýagdaýlarynda hem dogry çözgütleri tapmaga ýol görkezýär. Şu düşünje dünýä syýasatynda aýratyn üns merkezinde durýar. Şoňa görä-de, bilim we ylym, sungat hem-de döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ileri tutýan ugurlarynda uly orny eýeleýär. Biz umumy gymmatlyklarymyza esaslanyp, bu ugurda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýäris. Sebäbi, taryhy hyzmatdaşlyk müňýyllyklaryň dowamynda ýola goýulýar. Biziň medeni umumylyklarymyz tebigy ýagdaýda emele gelýän hoşniýetli gatnaşyklar arkaly döreýär. Bu gatnaşyklaryň esasyny düzýän ruhy hem-de ahlak gymmatlyklary her bir millete mahsusdyr. Munuň şeýledigini Nowruz baýramynyň ajaýyp ýörelgelerinde we many-mazmunynda aýdyň görmek bolýar.

Hakyky ynsanperwerlik däplerimiz esasynda özara hyzmatdaşlygy berkitmek we medeniýetlerimizi baýlaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli baýramlarymyzy we däplerimizi halkara derejesinde dünýä jemgyýetçiligine beýan edýän ýörite neşiri esaslandyrmagy hem-de ony «Nowruz» diýip atlandyryp, her ýylda bir gezek – bahar baýramynyň öňýanynda çap etmegi teklip edýärin.

Adamzadyň aňyýet we ylym-bilim taýdan ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan dünýä belli taryhy şahsyýetlerimiz Nowruz baýramynyň ähmiýetini öz eserlerinde täsirli beýan edipdirler.

Türkmen halkynyň beýik ogly, meşhur şahyr Magtymguly Pyragy hem Nowruzyň keramatly we tämizleýji güýjüni öz goşgularynda wasp edipdir.

Beýik akyldar özüniň «Güzeşt eýle» goşgusynda Nowruz baýramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çeşmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezýär:

«Gökde ýyldyz hormaty,
Ýerde Nowruz hormaty,
Gije-gündiz hormaty,
Günähim güzeşt eýle!»

Nusgawy şahyrymyz Şabende hem Nowruz barada şeýle setirleri galdyrypdyr:

«Geldi Nowruz, jümleýi-älem gülüstandyr bu gün».

Şeýle mysallaryň ençemesini her ýurduň beýik akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde görmek bolýar. Bu eserler Nowruz baýramynyň mukaddesligine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Biziň halklarymyzyň meşhur alymlary we şahyrlary bütindünýä medeni mirasynyň emele gelmegine hem-de baýlaşmagyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular. Nowruz baýramynyň şu günki dabarasynda dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran we adamzadyň medeni ösüşiniň taryhynda atlary altyn harplar bilen ýazylan şahslary hormat bilen ýatlaýarys.

Bu akyldarlaryň tebigaty öwreniş ylymlarynda, takyk ylymlarda, lukmançylykda we amaly ylymlarda döreden eserleri häzirki döwürde hem dünýä ylmynyň ösmeginde esas bolup durýar. Şeýle ägirt uly ylmy-medeni mirasy kämilleşdirmek we onuň ähmiýetini has-da belende götermek biziň öňümizde durýan uly wezipeleriň biridir.

Şunuň bilen bagly, men, eger goldasaňyz, Nowruz baýramyna bagyşlap, iň oňat edebi-çeper we sungat eserleri üçin halkara döredijilik bäsleşigini geçirmegi teklip edýärin. Bu bäsleşige biziň doganlyk ýurtlarymyzyň ýazyjy-şahyrlary, suratkeşleri we heýkeltaraşlary, sungatyň dürli ugurlarynda işleýän hem-de döredýän wekilleri gatnaşyp bilerler. Şeýle döredijilik bäsleşigi biziň halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda, gatnaşyklarymyzy berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly adamlar!

Nowruz – bu täze günüň, täze ýaşaýşyň başlangyjydyr. Bu gün ähli adamlar bagtly geljege uly umyt bilen garaýarlar. Goý, bu ýagşy umytlar hasyl bolsun we adamlaryň göwünleri bahar gülleri ýaly açylsyn!

Sözümi tamamlamak bilen, men siziň ähliňizi nurana Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, bagtyýar durmuş we uly üstünlikler arzuw edýärin! Doganlyk ýurtlaryň halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!