Türkmenistanyň Prezidenti “Oguzhan” Köşkler toplumynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda geçen hepdäniň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine we öňde durýan wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Tamamlanan hepdäniň dowamynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahaty, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Halkara Nowruz baýramyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary, halkara guramalaryň we wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary möhüm wakalaryň hatarynda boldy.
Milli Liderimiz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabaralaryň guramaçylyk derejesine ýokary baha bermek bilen, bu şanly senäniň halkara hyzmatdaşlygynda, dost-doganlygyň pugtalanmagynda hem-de milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda we halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlar boýunça ösdürilmeginiň döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu işleriň mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan ynsanperwerligiň beýik ýörelgeleriniň, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde bolup, halkyň hal-ýagdaýyny içgin öwrenmek, ýurdumyzyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek, şeýle hem saýlawçylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli möhüm wezipeler boýunça wagyz-nesihat işini alyp barmak babatda durmuşa geçirýän çäreleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Maslahatyň barşynda wise-premýerler A.Goçyýew we B.Nurmyradowa, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Metbugat öýüniň taslamasy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdylar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň we neşirýat ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bu ulgamda durmuşa geçirilýän çäreleriň dünýä ölçeglerine gabat gelmegini üpjün etmekde möhüm orny eýelejek bu binanyň taslamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekip, teklip edilýän taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalaryň, ykdysady topluma girýän düzümleriň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, bu ulgamyň işine dolandyrmagyň häzirki zaman usullarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýän toplumlaýyn meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guralýan medeni çäreleriň maksatnamalarynyň göwnejaý derejede düzülmelidigini bellemek bilen, milli medeniýetimiziň, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagatyny, söwda we hyzmatlar ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede yzygiderli ösdürmek, Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwrüň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümdigini bellemek bilen, obasenagat toplumyny özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamanyň çäklerinde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga uly üns bermegiň derwaýysdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanydyrylan gurluşyk-binagärlik maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzyň iri edara ediş we işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurluşyk ulgamynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk önümleriniň hilini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmelidigini belledi. Gurluşyk işleriniň depginleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, ýollaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygy barada aýtmak bilen, bu ýoluň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ýurdumyzyň ulaglar pudagynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýoluň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän köprüleriň, sil-suw akabalarynyň, köp zolakly, köprüli, ýol çatryklarynyň taslamalaryny göwnejaý düzmäge oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz häzirki döwürde Arçabil şaýolunyň ugrunda köp sanly edara ediş binalarynyň gurlup ulanmaga berlendigini, köpüsiniň bolsa gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny nazarda tutup, bu künjekde ugurdaş düzümleriň yzygiderli döredilmelidigini aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň hem-de Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançalaryň dabaralaryň, şanly senelerimiz mynasybetli medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýändigini bellemek bilen, bu ýerde giň möçberli dabaralaryň, hususan-da, Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilen pursatlarynda bu ýerlerde ugurdaş desgalaryň, ýagny ýerasty geçelgeleri we beýleki düzümleri döretmek zerurlygynyň ýüze çykandygyny äşgär etdi diýip nygtady.
Şeýle-de bu şaýoluň ugrunda ýerleşýän ministrliklerde we pudak edaralarynda işleýän adamlaryň işe päsgelçiliksiz gatnamagy üçin şertleri döreder diýip belledi.
Milli Liderimiz şeýle hem Arçabil şaýolunyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi bilen Konstitusiýa binasynyň aralygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna kybap häzirki zaman seýilgähiniň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde guruljak seýiilgähde adamlaryň oňaýly dynç alyp, wagtlaryny medeniýetli geçirmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz sebitde deňi-taýy bolmadyk seýilgähiň nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny, onda ulular we çagalar üçin ähli amatlyklaryň üpjün edilmelidigini, seýilgähde adamlaryň gezelenç etmekleri, dynç almaklary, şeýle hem şanly senelerimiz mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini, oýun merkezleriniň, çaýhanalaryň, medeni ojaklaryň göwnejaý ýerleşdirilmelidigini, şeýle hem bu künjekde ýerasty geçelgeleriň gurulmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Arçabil şaýolunyň ugrunda birnäçe erasty geçelgeleri we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan ulag we aragatnaşyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip belledi. Alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz täze demir ýollar gurlanda we ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylanda gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny, olarda iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmalydygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Özüniň egindeşleri bilen geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, sport we syýahatçylyk ugurlarynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini, bu işleriň ösdürilmegi degişli düzümleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajyp ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer BAE-niň Dubaý şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2013” atly halkara maslahatynyň geçirilendigini we onda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem biziň ýurdumyz bilen gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda bar bolan baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlanan , türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde bu ulgamyň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde daşary ýurtlarda guralýan halkara çärelerine biziň ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy bu ugurda alnyp barylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi hem-de abadanlaşdyrmagy çaltlandyrmak, nebitgaz çykarýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ykrar edilen kuwwatly energetika döwleti hökmündäki öz energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça netijeli çäreleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watwanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.