Türkmen futbolçylary şu gün Filippinleriň paýtagtynda geçirilýän AFK-2014 Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Kambojanyň ýygyndy toparyny 7:0 hasabynda utup, ýaryşlara şowly başladylar.
Bu yklym derejesindäki bäsleşiklere milli ýygyndy toparlaryň 20-si gatnaşýar. Olar bäş topara bölündi. Toparlarda ýeňiş gazanan komandalar we iň oňat netije görkezen ikinji ýeri alan komandalaryň ikisi indiki ýyl Maldiwlerde geçiriljek bu ýaryşlaryň jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. AFK-2014 Kubogyna mynasyp bolan topar 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýa – 2015 Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleýji tapgyrynda çykyş eder.
Bije atylmagynyň netijesinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Kambojanyň, Bruneýiň we Filippinleriň toparlary bilen “E” toparynda çykyş edýär. Bu toparyň oýunlary Manilada geçiriler.
Özüniň ilkinji bäsdeşi bolan Kambojanyň ýygyndy topary bilen türkmen futbolçylary ozal iki gezek – 2007-nji ýylda 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çäklerinde duşuşypdy. Şonda duşuşyklaryň ikisinde-de: Pnompende 1:0 we Aşgabatda 4:1 hasabynda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazanypdy.
Şug günki duşuşyk hem türkmenistanlylaryň örän uly artykmaçlyklary bilen häsiýetlendi. Oýnuň 7-nji minutynda A.Amanow hasaby açdy. Duşuşygyň 23-nji we 36-njy minutlarynda biziň toparymyzyň kapitany W.Baýramow iki pökgini geçirmegi başardy. Duşuşygyň birinji ýarymynyň tamamlanmagyna 4 minut galanda Kambojanyň goragçysy Om Tawrak öz derwezesine pökgüni geçirdi. Netijede, türgenler 4:0 hasabynda arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji ýarymynda hem biziň futbolçylarymyz hasaby saklajak bolup dyrjaşyp durmadylar. Duşuşygyň 74-nji, 81-nji we 87-nji minutlarynda oýnuň ikinji ýarymynda G.Abylowy çalşyp, futbol meýdançasyna çykan B.Şamyradow we G.Batyrow bäsdeşleriň derwezesine ýene üç pökgi geçirdiler we gutarnykly hasap 7:0-a deň goldy.