Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýanynda kiçi myhmanhana işgärlerini taýýarlamak üçin täze gysga mňhletleýin okuwlar açyldy.
Orta hünär okuw mekdebiniň direktory Muhammetnazar Atagarryýewiň belleýşi ýaly, bu okuwlar ýylsaýyn muhmanalaryň sanynyň artýan ýeri we golaý wagtda täze desgalar toplumynyň açyljak ýeri bolan „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda işelemk üçin myhmana hyzmat ediş işgärlerini taýýarlamak üçin ýörite açyldy. Okuwlar iki aýlyk bolar hem-de gerek bolan hünärleri:myhmana işleriniň esaslary, barmençilik işiniň alamatlary, myhmanhanalarda hymat etmegiň standartlary, jemgyýetçilik iýmitiniň tehnologiýasy we hile baha bermegiň standartlary,myhmahanalaryň işlerinde kompýuter tehnologiýalary, işde iňlis we rus dilleri, hünär edep-düzgüni ýaly hünärleri öz içine alýar. Okuwyň maksatnamasy kiçi myhmanhana işgärlerini taýýarlamagyň halkara standartlaryna laýyk gelýär. Okuwy tamamlanlara aşpez, otag hyzmatçysy, ofisiant, marketing we söwda gullugynyň hünärmeni, administrator hünärleri boýunça şahadatnama berilýär
Myhmanhan işinde hyzmat edýän işgärlere täze talaplar bildirilýär. Türkmenistanda syýhatçylyk-myhmanhana senagatynyň ösdürilmegi şu okuw ýylynda Aşgabatda orta hünärleri işgärleri taýýarlaýan we ýurduň syýahatçylyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilen syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebini açmaga şertlendirdi.
Mekdepde iki ýyllyk okuwyň dowamynda myhmanhana hyzmaty, durmuş-medeni hyzmaty we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, syýahatçylylkda ykdysadyýet we dolandyryş, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň tehnologiýasy ýaly ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwçylar pkuwyň dowamynda umumyteoretiki we praktiki bilimleri alýarlar, myhmanhanalarda okuw-tanyşdyrylyş we önümçilik iş tejribelerini geçýärler. Bir ýyllyk gündüzki we agşamky okuwlar hem işleýär. Bu bolsa ikinji hünäri edinmek isleýänler üçin oňaýlydyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda halkara we içerki syýahatçylyk uly ösüşlere eýe boldy. Syýahatçylyk guramalary ýurduň taryhy we ajaýyp ýadigärlik ýerleri boýunça syýahatçylyk hyzmatlary bilen awtobusly gezelenleri teklip edýär. Bu bolsa syýahatçylygyň taýýarlykly guramaçylaryny, gidleri talap edýär. Şu mynasibetli bu hünär okuw mekdebi syýahatçylyk firmalaryň we myhmanhanalaryň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirdi. Umumylyk ýüzden gowrak hünärmenler öz hünär derejelerini ýokarlandyrdylar.
Gadymdan bäri ýedi ýoluň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan bu günki gün durmuş-ykdysady ösüşiň öňdebaryjysy bolmak üçin uly mümkinçilige eýe bolan syýahatçylyk senagatyny ösdürmäge uly ähmiýet berýar. Ýurt gadymy ajaýyp arhitektura ýadigärliklerine baýdyr, örän owadan tebigy ýerler aýratyn özüne çekijidir, rekreasion mümkinçiligi bilen ajaýypdyr.