Türkmenistana ABŞ-niň meşhur türgenleri we jemgyýetçilik wekilleri – batlonist, „Amerika-300“ meýletin we kommersiýa däl guramasynyň ýolbaşçysy we guraýjysy Robert Pauers we akademiki küreklemek boýunça afina Olimpiada-2004-ň altyn baýragyny alan we rekordsmen Daniel Biri dostluk sapary bilen geldiler. Myhmanlar geçen hepdäniň bütin dowamynda ýaş türkmen türgenleri bilen öz tejribelerini paýlaşdylar: Türkmenistanyň Ýeňil atketika milli merkeziniň wekilleri bilen her günde türgenleşikler we master-klas geçirdiler; Lebap welaýatynyň merkezinde ýerleşýän 5-nji sport mekdebine beryp gördüler; Sport baradaky döwlet komitetiniň Olimpiýa rezerwleri mekdebinde okaýanlaryň öňünde çykyş etdiler; Gurtly kölündäki sort kürekleme merkezine baryp gördüler özleri, öz işleri we biziň ýurdumyza gelişleri barada gürrüň berdiler. Söz myhmanlardam:
Daniel BIRI:
Bpzpň Türkmenistana gelmegimiz siziň medeniýetiňiz, sportuň ösdürilişi bilen tanyşmaklyk bilen bagly, öz tejribämizi paýlamakdan ybarat. Umuman – türkmen we amerikan türgenleriniň we halkalrynyň arasynda dostlyk köprüsini gurmakdan ybaratdyr.
Ýadyma düşýär, haçan-da men ýaşajyk türgenkäm, bize daşary ýurtlardan – Italiýadan, Polşadan, Germaniýadan, Ýugoslawiýadan we beýleki ýurtlardan tälimçiler we tügenler gelerdi. Men sportuň başga görnüşi öwredenleri ýadymda, bu maňa soňra kömek hem etdi. Şonuň üçin hem, häzirki ýagdaýda Türkmenistanda tejribäňi özara paýlaşmak biziň hemmämiz üçin diňe öz peýdasyny berer. Mundan beýläk şular ýaly hyzmatdaşlyk has hem berk esasa eýe boljakdygyna ynanýaryn. Türkmen türgenleriniň meniň toplan sport abraýyma bolan gyzyklanmasy aýratyn täsir galdyrdy. Bu sportda ýokary netijeleri gazanmaga bolan aýratyn islegiň bardygyna we ony gazanmaga çalşylýandygyna şaýatlyk edýär. Meslem, Olimpiýa rezerwleri mekdebinde meniň çykyşymyň dowamynda okuwçylaryň biri „Haçan-da siz olimpiýa çempiony bplanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz“ diýip, sorady. Bu sorag meni hyýalymda 2004-nji ýylda Afina eltdi. Şonda haçan-da alyp baryjy biziň „sekizligimiziň“ ýeňşi barada yglan edende men öz ýadawdygymy duýdum, aýaklarymda ysgyn galmandygy anyk ýadymda, sebäbi bellenen ýoly geçmek üçin ähli güýjümizi goýduk. Diňe şondan soňra, haçan-da güýç gaýdyp gelip ugranda özümiň ajaýyp üstünligimi dabaralanmasyny duýdum, onuň bilen bilelikde bolsa, meniň kalbymda maňa köp güýç toplamaga we serişdeleri sarp eden öz tälimçime, döwletime bolan minetdarlyk oýandy. Men öz gezegimde olaryň ynamyny ödedim.
Türkmenabatly ýaş türgenler çekişmelere işjeň gatnaşdylar. Olaryň oňa çynlakaý çemeleşýändikleri maňa ýarady. Olar sport bilen meşgullanmaga doly taýýar. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda men, ýaş türgenleriň hiç bir zada garaman ahyryna çenli göreşýändiklerini, sport olimpiniň ýokar başyna çykmaga çalyşýandyklaryny men çagalaryň aňyna ýetiresim gelýär
Akademiki kürekleme temasyna gaýdyp gelmek bilen, men türkmen kürekleýjileriniň geçmişde gazanan üstünliklerini bilýärin, olar öz wagtynda halkara derejesindäki iri bäsleşiklerde ýokary orunlary eýeläpdirler. Häzir sizde sportuň bu görnüşiniň gaýtadan dikeldiş döwri bolup geçýär. Golaý geljekde siziň ýokary sport netijelerini gazanjakdygyňyza mende şübhe ýok. Muny wagt görkezer.
2017-nji ýylyň temasyna seretmän geçip bilemok. Şonda siziň ýurduňyzyň paýtagtynda ýapyk binalarad we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu wakanyň mende hem uly gyzyklanma döredýändigini men boýun alýaryn. Bu ýerde men çagalygymdan bir mysaly getiresim gelýär. Haçan-da men kiçijik çagakam men telewizorda Panamerikan oýunlaryna (ol sebitleýin oýunlardy) tomaşa etdim. Bu oýunlar mende uly täsir galdyrdy. Haçan-da haýsy ýurda sapar bilen gitmeli diýen sorag ýüze çykanda, men ýaýdanman Türkmenistany saýlap aldym. Sebäbi meniň bu saparym hut halkara sebitleýin oýunlaryna nähili taýýarlyk görülýändigine tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Mende eýýäm diňe iri halkara çärelerine görülýän taýýarlyklar bilen tanyşmaga, olaryň geçiriljek şäherlerine baryp görmäge mümkinçilikler boldy. Olaryň hataryna Afiny, Londany. Hat-da Rio-de-Žaneýrony görkezmek bolar. Bu şäherlerde men sport desgalarynyň gurluşygyny synladym. Ýöne Aşgabadyň olimpia şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri mende aýratyn uly täsir galdyrdy. Meniň pikirimçe, bu ýerde gurluşyk işleri bellenilen möhletden öňe geçirilip ýerine ýetirilýär.
Häzirki wagtda men sport ätiýaçlandyryş wekili bolup işleýärin. Meniň müşderilerimiň ählisi – türgenlerdir. Olaryň haýsydyr birine şikes ýeten wagtynda men oňa maddy taýdan zerur bolan öweziniň dolunmagyna çalyşýaryn. Meniň uly bolmadyk edara jaýym bar. Men myhmansöýer Türkmenistana ýene-de gelip görmäge wagt taparyn diýip, umyt edýärin. Men siziň sport küreklemesi merkeziňizde ýene-de bir sapar bolup, tälimçiler we türgenler bilen tejribelerimizi, sportuň hut şu görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine täsir etjek ideýalarymyz bilen paýlaşmagy arzuw edýärin.
Robert PAUERS:
- Türkmenistana gitmek baradaky pikir öz-özünden döredi. Köp ýurtlaryň sport ösüşlerini görkezýän kitapçany öwrenmek bilen, biz ýurduň akademiki küreklemek boýunça birleşen ýygyndy toparynyň Aşgabadyň etegindäki Gurtly kölünde gyş aýlary türgenleşik geçýändigine üns berdik. Bu hem olimpiýa çempiony Daniel Biriniň siziň ýurduňyza gitmek baradaky çakylygyny almaga sebäp boldy. „Amerika-300“ guramak pikiri bilsa 2006-njy ýylda döredi. Bu pikiriň baş maksady sport arkaly dünýä ýagşylygy, ýagtylygy, öňe gidişligi ýaýmakdan ybaratdyr. Men köp sanly meşhur türgen dostlaryma, şol sanda olimpiýa çempionlaryna, alpinizm, motosport, hat-da rodeo boýunça ussat türgenlere jaň edip başladym. Meniň eden teklibim ilki garaşylmadyk ýagdaý boldy. Men ýene-de 300 ýyldan ýer ýüzünde urşuň, zorluklaryň bolmazlygyny, adamlaryň dostlukly ýaşamaklaryny, bir söz bilen aýdanyňda – ýerde jennedi döretmelidigini aýtdym. Şonuň üçin hem biz häzirki günlerden hemmelere elýeterli we düşnükli bolan bolan sporty wagyz etmek arkaly ýagşylygyň dänejiklerini ekip başlamaly. Bu pikiri meniň dostlarym goldadylar. Şeýlelik bilen hem „Amerika-300“ kommersiýa däl meýletin guramasy döredi.
Türkmenistana gelmek bilen, men bu ýurduň biziň pikirlerimiziň ýokary derejede beýan edilýän ýurdudygyna göz ýetirdim. Ýurtda durmuşa geçirilýän bu çäreleriň arkasynda bilsa ýeke-täk adam – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dur. Hormatly Prezident ýurtda sportuň ösdürilmegi üçin ähli tagallalary edýär. Biziň görüp ýetişen zatlarymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň diňe kiçijek bölegidir, bu zatlara guwanmazlyk mümkin däl. Inha bu işler meniň ýaňky agzap geçen dänejiklerim bu ýurtda bar, özi hem olar köp ýurtlar üçin nusga bolarlyklydyr. Siziň nesilleriňiziň ýene-de 300 ýyldan Türkmenistanyň häzirki Prezidentine geljekki nesiller barada öz wagtynda eden aladalary üçin diňe hoşallyk sözlerini aýtjakdygyna men ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen häzirki wagtda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebtiniň täze Afinasy döredilýär diýip, pikir edýärin we men muny uly buýsanç bilen aýdýaryn.
Biziň guramamyzy aňladýan „300“ belgi spartanylarň nusgasy bolup durýar. Olar gaýduwsyz söweşiji bolan bolsalar-da, öz güýçlerini diňe aw awlamaga we öz watanlary bolan Sparty goramaga sarp edipdirler. Şeýle hem ene ýeriň her bir ýaşaýjysy ynsan tarapyndan döredilen zatlary ýumurmaly däl-de, eýsem olary goramaga borçlydyr. Bu babatda sport bolsa iň gowy çagyryşdyr. Sebäbi sport, ilkinji nobatda, basybalyjylyga çagyrman, eýsem öz-özüňi amala aşyrmaga çagyrýar. Sport özüňi durmuşdaky ornyňy tapmaga mümkinçilik döredýär. Sebäbi sport türgenleşikleri tertibi, güýçleriňi jemlemegi ösdürýär hem-de öz-özüňi yzygiderli kämilleşdirmäge çagyrýar.
Şular ýaly maksat bilen biz ondan gowrak ýurtlarda bolup gördük. Biz mundan beýläk hem öz geografiki çäklerimizi giňelderis. Siziň ýurduňyza bolan saparymyz, ýene bir gezek nygtaýaryn, biz üçin aýratyn bir buýsanç. Sebäbi bu ýerde, beýleki hiç bir ýerde, biz üçin örän gymmatly bolup durýan maksatlar amala aşyrylýar.
Sözümiň ahyrynda bolsa men bir zady aýtmak isleýärin, sen gowy türgen bolsaňam, gowy ene-ata bolsaňam ýa-da gowy syýasatçy bolsaňam, sen ýeňiji bolmaly, ýagny başgaça aýdanyňda, ýüregiňde altyn medal bolmaly.