Ï Aziada IV gatnaşjak “dörtlük” kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziada IV gatnaşjak “dörtlük” kesgitlendi

view-icon 823
Erkekleriň arasynda kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleri boýunça ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň deslapky düzümi kesgitlendi.

Koreýanyň Inçihon şäherinde geçiriljek ýaryşda türkmen kikboksçylary dört agram derejesinde baýraklar üçin söweşerler. Biziň türgenlerimiz iki görnüşde- ful-kontakt (57-den 71 kg çenli agramda) we lou-kik (63,5 kg we 81 kg çenli agramda) çykyş ederler.

Ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň deslapky düzümine Lebabyň sport mekdebinden Aziz Jumabaýew (71kg çenli – tälimçisi Zakir Atajanow). Galan ýerlere aşgabatly Gurban Bekhanow (57 kg çenli) , ol guramaçylaryň “Iň gowy tehnikasy” üçin ýörite baýraga hem mynasyp boldy, Şöhrat Hallyýew (63,5 kg çenli) we Allamyrat Annamyradow (81 kg çenli) dalaş edýärler. Türgenleriň hemmesi- Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, kikboksing boýunça milli merkeziň ýolbaşçysy Aleksandr Snagowskiniň terbiýeleýän türgenleri bolup, şäher sport komitetiniň düzümine girýärler.