Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda badalga alan ýaryş toparlaryň bäşisini bir ýere ýygnady. Hormatly baýrak ugrunda ýokary liganyň dört topary – “Ahal”, “Aşgabat”, “Merw”, Türkmenbaşy şäherinden “Şagadam” we birinji liganyň wekili – Balkanabatdan “Gara altyn” bäsleşýärler.
Milli Futbol federasiýasynyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirýän bu ýaryşy birinji aprelde badalga alýan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine gabatlandy. Mälim bolşy ýaly, dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu umumymilli sagaldyş çäresi eýýäm ikinji gezek bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçiriler. Garaşylyşy ýaly, öňde boljak sport baýramçylygyna dürli sport oýunlarynyň muşdaklary gatnaşar. Sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan futbolyň wekilleri hem bu çäreden çetde galmadylar.
Köp ugurly “Aşgabat” stadionynyň futbol meýdançalarynda geçirilýän ýaryşyň düzgünine laýyklykda onuň birinji tapgyrynda toparlar bir aýlaw oýnarlar. Soňra onuň jemleri boýunça gowy toparlaryň ikisi Milli Futbol federasiýasynyň Kubogynyň finalynda duşuşarlar.
gün ýaryşyň açylyşynda ýurdumyzyň wise-çempiony “Merw” garaşylmadyk ýagdaýda “Gara altyndan” 1:2 hasaby bilen ýeňildi. Beýleki duşuşykda bolsa “Şagadam” “Aşgabady” 1:0 hasaby bilen utmagy başardy.
Ýaryş 1-nji aprelde tamamlanýar.