Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-2014 Kubogynyň final ýaryşynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-2014 Kubogynyň final ýaryşynda

view-icon 691
Türkmen futbolçylary AFK-2014 Kubogynyň jemleýji bölegine ýollanmany gazandylar. Bu habar Filippinleriň paýtagty Manilada tamamlanan “E” toparynda saýlama oýunlarynyň jemleri boýunça mälim boldy.

Filippinleriň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň jemleýji oýnunyň öň ýanynda toparlaryň ikisi-de final ýaryşa çykmak üçin gowy mümkinçiliklerini – her haýsy 6 oçkosyny saklamagy başardylar.

Ýer eýelerini janköýerleriň müňlerçesiniň goldamagynda geçen oýun örän çekeleşikli boldy. Duşuşygyň ykbalyny 67-nji minutda Filippinler toparynyň hüjümçisi Filip Ýanghasbendiň tora salan eke-täk pökgüsi çözdi.

Şeýlelikde, filippinliler “E” toparynda 9 oçkosy bilen öňe düşdüler. Türkmenistanyň ýygyndy topary bolsa 6 oçkosy bilen tora salnan we goýberilen pökgüleriň ajaýyp tapawudy (10-1) netijesinde beýleki toparlarda ikinji orunlary eýelän beýleki komandalaryň arasynda tapawutlanmagy hem-de AFK-2014 Kubogynyň final bölegine çykmagy başardy. Final ýaryşyna ýene bir ýollanmany “D” toparynda ýeňiş gazanan Bangladeşiň komandasy gazandy. Onuň tora salnan we goýberilen pökgüleriň iň pes tapawudynda (6-1) 6 oçkosy bar.

Şeýlelikde, finalçylaryň sekizisi-de belli bolup, olar geljek ýyl Maldiwlerde ähmiýeti boýunça ikinji sebitleýin baýrak ugrunda bäsleşerler. Bu ýygyndy toparlaryň içinde Owganystan, Gyrgyzystan, Mýanme, Palestina, Filippinler, Türkmenistan, Bangladeş we Maldiw adalary bar.

Ýeri gelende ýatlatsak, AFK-2014 Kubogynyň eýesi 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazanar.