Ï Halkara syýahatçylygy Bütindünýä mirasynyň merkezlerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara syýahatçylygy Bütindünýä mirasynyň merkezlerinde

view-icon 673
Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Izmir şäheriniň golaýynda ýerleşýän Çeşme şypahana şäherjiginde geçirilen “Syýahatçylyk Bütindünýä mirasynyň merkezlerinde: islegler we mümkinçilikler” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň resmi taýdan açylyş dabarasyna Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň /UNWTO/ Baş sekretary Taleb Rifai, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy Merkeziniň direktory Kişore Rao gatnaşdylar. Olaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, dünýäniň millionlarça adamlarynyň dürli ýurtlaryň rowaýata öwrülen taryhy ýadygärliklerini görmek, beýleki halklaryň özboluşly medeniýetleri bilen tanyşmak islegi syýahatçylyk ulgamynyň düýp özeni bolup durýar. Dünýäde syýahatçylyk gezelençleriniň çalt depginler bilen ösmegi /2012-nji ýylda jahankeşdeleriň bir milliarddan gowragy halkara serhetlerinden geçdiler/ teletomaşaçylara we okyjylara dünýäniň gözel ýerlerini açyp görkezýän netijeli habar beriş işi bilen baglydyr.

Bütindünýä mirasy sanawyna taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriniň eýýäm müňe golaýy girdi. Olar şeýle bir täsin, şeýle bir näzik bolansoň, özlerine örän aýawly we ünsli garalmagyny talap edýär. Şonuň üçin adamzat medeniýetiniň bu gymmatlyklaryny aýawly saklamaga toplumlaýyn çemeleşilmegine esaslanan mirasy dolandyrmagyň milli ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi syýahatçylyk pudagynyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer. Ady agzalan maslahat hem hut şu meselä bagyşlanyp, onda tematiki barlaglar, bilermenleriň maslahatlary bilen tanyşdyryldy, mirasy aýawly saklamakda we medeni syýahatçylygy ösdürmekde ýurtlaryň üstünlikli tejribesine garaldy.

Müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň döreden taryhy-medeni mirasynyň ägirt uly ähmiýetine baha bermek mümkin däl. Onuň many-mazmuny diňe biziň ýurdumyzyň çäklerinde hem tutuş dünýä üçin ähmiýetli bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde taryhy-medeni desgalaryň, şol sanda Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen ýadygärlikleriň iki müňden gowragy ýerleşýär. Türkmenistanda ýadygärlikleri aýawly saklamak bilen senagat we durmuş taýdan ösüşiň arasyndaky şeýle oňaýly arabaglanyşyk dünýäniň ähli ýurtlarynda ýokdur.

Binagärlik ýadygärlikleriň, keramatlyklaryň, tebigatyň gözel künjekleriniň ýagdaýy Türkmenistanda medeni “ekologiýanyň” aýdyň görkezijisi bolup, ol ençeme zatlaryň, ozaly bilen, milli gymmatlyklara garaýyş babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasynda guralýar. Häzir oňa döwrebap milli medeniýeti we syýahatçylygy ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar.

Bu barada halkara maslahatynyň esasy çekişmeler meýdançalarynyň birinde gürrüň edildi. Şonda taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamagy gowulandyrmak, syýahatçylaryň dünýä kartasynda ol ýa-da beýleki syýahatçylyk merkezini saýlap almagynyň sebäplerini delillendirmek işinde habar beriş-aragatnaşyk strategiýasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Sebitleýin Ýewropa toparynyň 27-nji martda Çeşmede geçirilen 55-nji maslahaty başy başlanan gatnaşyklaryň dowamyna öwrüldi. Onuň gün tertibine 2013-nji ýylda halkara syýahatçylygyny ösdürmegiň birleşen konsepsiýasyny, Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiliginiň esasynda sebitleýin başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak, Syýahatçylygyň ählumumy ahlak kodeksini durmuşa geçirmek hem-de öňde boljak bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda UNWTO-nyň Baş Assambleýasynyň 20-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.