Ï Ministrler Kabinetiniň mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi

view-icon 747
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol ýurdumyzyň deputatlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, milli kanunçylygy kämilleşdirmek parlamentiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň parlamentarileriniň öňünde goýan wezipelerini nazara almak bilen, ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar. Kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasynyň esasy düzgünlerine, şeýle hem halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna gabat getirilýär. Mejlisiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, milli parlamentariler ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary bilen bilelikde iş alyp barýarlar.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistan kanunyň hem-de öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagyny öz baş ugry hökmünde yglan etdi diýip belledi. Täze taryhy döwrüň talaplaryna gabat gelýän häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegi demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan üstünlikli ösdürilmegine ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak babatda birnäçe tekliplerini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda söwda-dokma toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda Latwiýa Respublikasynyň paýtagty Riga şäherinde geçiriljek “Moda we dokma” atly ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmaga görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Şol ýerde türkmen dokmaçylary ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň harytlarynyň köp görnüşlerini, haly önümlerini görkezerler, biziň ýurdumyzda moda ulgamynyň ösüşiniň ugurlary we aýratynlyklary bilen tanyşdyrylar. Şeýle hem sergide ýurdumyzyň ussat zergärleri tarapyndan döredilen zergärçilik sungatynyň eserleri görkeziler. Biziň ýurdumyzdan sergä öz önümleri bilen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasy, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gatnaşar. Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary serginiň çäklerinde geçiriljek pudaklaýyn maslahatyň işine, dokma senagaty ulgamynda türkmen-latyş gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan işewür duşuşyga gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,ýurdumyzyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik düzümini ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hilini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Şu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň mundan beýläk-de artdyrylmagyna ýardam eder.

Daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň, täze bazarlary özleşdirmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmegiň wajypdygyny nygtady.

Latwiýada geçiriljek sergide Türkmenistanyň dokma toplumynyň maýa goýum, tehnologiki we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrylmagy biziň önüm öndürijilerimize Ýewropanyň söwda giňişliginde möhüm orun eýeleýän Baltika ýurtlarynyň bazarlaryna çykmak üçin täze mümkinçilikleri açýar dýiip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Latwiýa Respublikasynda geçiriljek “Moda we dokma” atly ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmak hakyndaky” Karara gol çekip, biziň ýurdumyzyň bu gözden geçirilişe mynasyp derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda öňde goýan wezipelerini, hususan-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap şäherçeleri gurmak babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýat häkimlikleri, ministrlikleri we edaralary bilen bilelikde bu ugurda degişli işler geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza geçirilen işler barada jikme-jik hasabat berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagta çenli täze şäherçeleriň ýerleşjek ýerleri kesgitlendi, olarda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy taýýarlandy, binalaryň we desgalaryň deslapky bahasy, şeýle hem şol maksatlar üçin gönükdiriljek maýa goýumlarynyň möçberleri kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýerli häkimiýet ulgamyny özgertmegi, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegi talap edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmek boýunça çäreleriň toplumyny kabul etmek ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Şunda ýerli öz-özüni dolandyryş guramalarynyň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dolandyryş çykdajylaryny azaltmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Kanunlarynda geňeşleriň üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryň degişli derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmek esasy maksat bolup durýar.

Bu işiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz amatly, degişli şertlerde ýerleşdirilen täze ilatly ýerleriň döredilmegi, dolandyryş merkezleriniň oba ilatyna golaý ýerleşdirilmegi oba ýaşaýjylaryna zerur bolan hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip belledi. Bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň jemgyýetimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu meseläni ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde has içgin ara alyp maslahatlaşmak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň şertnamalaýyn – hukuk binýadyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryndan gelip çykýan hem-de ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen bu Konsepsiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabrynda gol çeken karary bilen tassyklandy.

Bellenilişi ýaly, degişli konsepsiýany yzygiderli durmuşa geçirmek maksadynda iş meýilnamasy taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda bu işler üç ugurda durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we halkara işleriniň esaslaryny kesgitleýän, şeýle hem ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işlerini giňeltmäge ýardam edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi degişli kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

DIM-iň şertnamalaýyn-hukuk işleriniň ikinji ugry Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşulmagy bilen baglydyr.

Wise-premýeriň, DIM-iň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, üçünji ugur bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, biziň ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasynda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-ä golaýyna gol çekildi, olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn – hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de ähli diplomatik korpusynyň öňünde goýlan hem-de dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalaryň agzasy bolan ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen wezipeleriň möhümdigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklaryň birnäçesini, şol sanda degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler bilen bagly tabşyryklary berdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklap, biziň ýurdumyz geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürer, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ählumumy tagallalary birleşdirmäge ýardam eder diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Öňümizdäki aýyň esasy dabaralary “Suw damjasy - altyn dänesi” baýramyna, Bütindünýä saglyk gününe hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanar. Bu şany seneleriň her birine gabatlanyp aýratyn baýramçylyk maksatnamasy taýýarlanylar. Şol maksatnamalar bolsa özüne mowzuklaýyn sergileri, konsertleri, teatrlaşdyrylan sahnalary, döredijilik bäsleşiklerini, ylmy maslahatlary, sport çärelerini we beýlekileri birleşdirýär. Ajaýyp türkmen bedewleriniň hormatyna baýramçylyk halkara derejesinde bellenilip geçiler. Türkmen topragynda dürli ýurtlardan ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny, atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenleri we çapyksuwarlary jemleýän bu baýramçylyk şu ýyl has-da giň gerimde belleniler. Şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek Halkara sergi-ýarmarkasy guralar. Oňa gatnaşmak üçin atçylyk ulgamynda we atçylyk sportunda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem çagyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň möçberli baýramçylyk çärelerini geçirmekde biziň ýurdumyzda uly tejribäniň toplanandygyny belledi. Ýöne, bu işde-de täze we döwrebap çözgütleri gözlemek möhümdir, olary ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň, köpçülikleýin medeni-aň-bilim işini kämilleşdirmegiň, türkmen ýaşlarynyň döredijilik işjeňligini höweslendirmegiň, milli mirasy öwrenmegiň maksatlaryna gönükdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwerlik ugrudyr we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de wise-premýere bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we tejribe alyşmak, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, gowaça ekşiniň geçirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň yzysüre Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary hem bu örän wajyp çärä girişdiler.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekişini bellenen möhletlerde hem-de ýokari hilli geçirmek üçin ähli zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, beýleki oba hojalyk işleri, hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we ösüş suwy tutulýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Suw hojalyk enjamlaryny satyn almak hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda jemi 25 müň gektar täze suwarymly ýerleri özleşdirmek, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän Gozgançaý derýasynda gurulýan täze suw howdanlary üçin dürli suw hojalyk enjamlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere ýazky oba hojalyk işlerini guramaçylykly hem-de göz öňünde tutulan möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylary üçin häzir gyzgalaňly we jogapkärli döwrüň dowam edýändigini aýdyp, gowaça ekişi geçirilende agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Munuň özi oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň hökmany şerti bolup durýar.

Ekerançylyga suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, häzirki zaman gidrotehniki desgalaryň gurulmagy, suw hojalygy pudagynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, şol sanda häzirki zaman tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almagyň hasabyna pugtalandyrylmagy ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.

Häzir biziň ýurdumyzda suw gorlaryny rejeli ulanmak, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem ilatyň agyz suw bilen üpjünçilgini gowulandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa aguz suwy bilen üpjün etmek baradaky baş maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Suw hojalyk enjamlaryny satyn almak hakyndaky” Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň ilerleýşi, şeýle hem “Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünleri bilen üpjün etmek babatda geçirilýän işler hakynda jikme-jik habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy serişdelerine baý bolan Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir diýip belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary hilli mineral dökünleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar diýip nygtady.

Bu wezipäniň möhümdigi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegi, dokma senagatynyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň eksport kuwwatyny berkitmegi ugur edinen oba hojalyk toplumynyň sazlaşykly ösmegi bilen şertlendirilendir. Umuman alnanda, bularyň hemmesi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda Demir ýol ulaglary ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň demir ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi demir ýol pudagynyň sazlaşykly ösmegi bilen şertlendirilendir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze demir ýollary gurlanda we hereket edýänleriniň durky täzelenende olary täze tehnologiýalary peýdalanyp, gurmak zerur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň demir ýollarynyň uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýollarynyň ýokary derejede ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, demir ýol ulaglarynyň düzümini has-da döwrebaplaşdyrmagy tabşyrdy hem-de innowasion we ýokary tehologik çözgütleriň, öňdebaryjy işläp düzmeleriň, ylmy pikiri we tehniki ösüşi gazanmagyň zerur bolup durýandygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer hasabatyň çäklerinde “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek we köp gatly awtoduralgany gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda milli Liderimize habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şäher gurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe binagärligiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzy gurmagyň meselelerine täzeçe, häzirki zaman çemeleşmeleriniň zerurdygyny nygtady. Bu babatda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň, hususan-da, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdi.

Biziň esasy maksadymyz adamlaryň ýaşaýşy we işi üçin has oňaýly gurşawy döretmekden ybaratdyr we häzirki wagtda ajaýyp köşkler, edara jaýlary, has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumlary bilen bezelen Aşgabadyň sebitiň “Binagärlik dürdänesi” diýlip atlandyrylýandygyny milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu derejäniň seýilgäh bezegi ulgamynda innowasiýalar bilen hem tassyklanylmalydygyny aýdyp, şäheriň, onuň köçeleriniň seýilgäh zolaklaryny bezemek aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar diýip belledi. Döwlet Baştutany “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň durkuny täzelemek we köp gatly awtoduralgany gurmak hakynda” hödürlenen Karary tutuşlygyna alnanda makullap hem-de oňa gol çekip, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmegi talap etmek bilen wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek bounça döwlet durmuş syýasatynyň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda çykyş edip, döwlet Baştutanymyza biziň ýurdumyzda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini hem-de Bütindünýä saglyk gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda, şeýle hem 1-7-nji aprel aralygynda geçiriljek degişli sport çäreleri hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy diňläp, raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, olaryň beden hem-de ruhy taýdan ösüşi üçin şertleri döretmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi, okgunly we üstünlikli ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti milletimiziň saglygy hakda alada etmek döwletimiziň hemişe esasy wezipeleriniň biridigini nygtap, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap almalydyr, sportuň dürli görnüşleri we milli sport oýunlary boýunça köpçülikleýin çäreleri hem-de ýaryşlary özünde jemlemelidir diýip belledi. Türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga çekmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmek arkaly ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň geçirýän ylmy işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmak babatynda nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etjek innowasion işleri we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmakda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi. Pudaklaýyn ylmy höweslendirmek, degişli ugurda düýpli we amaly ylmy barlaglary artdyrmak, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli ädimleriň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözügtler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.