Ï Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary

view-icon 862
Şu gün, Döwletli etrabynyň merkezindäki Jeýhun şäherçesinde döwrebap sport mekdebi gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde her günde 365 adam bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän şertler bar. Lebap welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda bina edilen bu gelşikli hem-de döwrebap sport şäherçesi hususy gurluşyk kärhanasy tarapyndan bellenilen möhletlerde gurlup, ulanmaga berildi we ol häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

ýerde täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Baýramçylyk esasynda bezelen sport mekdebiniň öňündäki meýdançada döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täze mekdebiň açylyşy bilen welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular bu ýere ýygnananlary gutladylar.

Dabara gatnaşyjylar bedenterbiýe-sagaldyş pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy, häzirki zaman spor toplumlarynyň yzygiderli gurulmagy we häzirki taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrýan ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip bellemek bilen, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň abadançylygy we sagdynlygy hakynda yzygidlerli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşlalyk sözlerini aýtdylar.

Täze sport desgasynda ýaşlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy hem-de sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Iň täze türgenleşik enjamlary we gurallary bilen üpjün edilen sport mekdebinde ýylylyk we salkynlyk ulgamy özbaşdak hereket edýär. Mekdepde bar bolan suwa düşülýän we geýim çalşyrylýan hem-de dynç alyş otaglary, lukmançylyk bölümi türgenleriň hyzmatynda. Mekdepde tälimçiler üçin hem ýöriteleşdirilen otag bar.

Sport zallarynda we meýdançalarynda küşt, şaşka boýunça bäsleşikleri, milli göreş, boks, tennis ugurlary boýunça türgenleşikleri, şeýle hem köpçülikleýin bäsleşikleri geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Sport mekdebinde ýeňil atletika bilen meşgullanýanlaryň ussatlygyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilipdir. Mekdebiň açyk meýdançasynda kiçi futbol, basketbol, woleýbol, ýeňil atletika, tennis bäsleşiklerini geçirmäge niýetlenen ýörite meýdançalar bar. Döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, bag nahallary we dürli güller sport şäherçesiniň görküne görk goşýar.

Dabarada has tapawutlanan gurlyşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Amyderýanyň kenarlarynda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryny gurmak işleri barha giň gerime eýe bolýar. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde ýurdumyzyň gündogar sebitinde ösüp barýan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi we döwrebap terbiýelenmegi üçin zerur bolan ähli şertleri özünde jemleýän onlarça çagalar baglary gurulýar. Olaryň köpüsi şu ýylyň dowamynda ulanmaga berler. Ýylyň başyndan bäri her biri 180 çaga niýetlenen döwrebap çagalar baglary Garaşsyzlyk we Farap etraplarynda, şeýle hem 100 orunlyk çagalar bagy Garabekewül etrabynda gurlup ulangmaga berildi.

Şu gün bolsa Atamyrat etrabynyň merkezinde täze çagalar bagy gapylaryny giňden açdy. Ol ýerde baýramçylyk esasynda bezelen iki gatly mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň öňündäki meýdançada täze desganyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara guraldy. Bu ýerde 12 toparlarda çagalaryň 240-syna döwrebap bili-terbiýe berler. Ykjam mebeller bilen üpjün edilen giň ýatylýan otaglary, köp sanly gurjaklary we çaga ukybyny ösdürmäge niýetlenen serişdeleri bolan oýun otaglary, kiçi naharhana, aýdym-saz we sport zallary, ýüzüş howuzy hem-de lukmançylyk otagy körpeleriň hyzmatynda bolar.

Şeýle hem bu ýerde çagalaryň başlangyç bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Koppýuter we lingafon otaglary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Mekdebe taýýarlaýyş okuw otaglary interaktiw enjamlaryny we ýörite okuw maksatnama gurallaryny özünde jemleýär. Şeýlelikde, bu ýerde körpeler ýörite mekdebe taýýarlaýyş tapgyryny geçerler. Çagalar şäherçesiniň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde gelşikli telärler, hiňňillikler gurlupdyr. Ýörite bölümleriň döwrebap yşyklandyryjylary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bu künjege aýratyn bezeg berýär. Desganyň özbaşdak ýyladyş we suw-energiýa üpjünçiligi ulgamy bar.

Çagalar bagynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan we halkymyzyň durmuş derejesiniň, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň möçberlerine buýsanýandyklaryny bellediler we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Lebap welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda bina edilen täze çagalar bagyny ýerli gurluşyk guramasynyň hünärmenleri gurdular. Şu günki dabarada has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.