Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi giň gerime eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri bilen geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz edijisi bolup durýan Türkmenistanyň Prezidenti ähli türkmen halkyny Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň başlanmagy bilen gutlady.
“Türkmenistan -- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar boýunça sport ýaryşlarynyň, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz bedenterbiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy hem-de şu ýörelgelerden ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň saglygyny berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip nygtady.
Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap sport desgalary yzygiderli gurulýar, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary döredilýär, köpugurly myhmanhana-syýahatçylyk we şypahana toplumlary kemala gelýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar.
Biz geljekde hem “Döwlet -- adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgämize eýerip, berk bedenli, sagdyn we arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýän milli däplerimizi, sagdynlyk we bagtyýarlyk baradaky durmuş ýörelgelerimizi üstünlikli dowam ederis! Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny barha belende götereris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan taplanan, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, olar halkara derejesinde biziň Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, öz ýeňişleri bilen onuň şöhratyny artdyryp bilerleri ýaly, türkmen türgenleri üçin has amatly şertleri döretmek barada milli Liderimiziň atalyk aladasy bilen ruhlanan häzirki ählihalk sagaldyş çäresine gatnaşyjylar uly Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň maksatnamasynda meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge çalyşýarlar.
Bu ählihalk sagaldyş çäresiniň ikinji gününiň nähili gçendigi hakynda biziň habarçylarymyz gürrüň berýärler.
Hokkeý boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygyny şu günki sport wakalarynyň esasylarynyň biri diýip atlandyrmak bolar. Onda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan’’ topary we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň “Ýaş Olimp” olimpiýa rezerwi mekdebiniň topary duşuşdylar. Janköýerleriň örän köp sanlysyny jemlän bu duşuşyk gyşky sport oýunlary toplumynda geçirildi.
Bu ýaryşa dört toparyň – ýokarda agzalyp geçilen iki toparyň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebinden iki toparyň gatnaşandygyny ýatladýarys. Düýn bu toparlar öz aralarynda ýarym final bäsleşiklerinde duşuşdylar. Şol duşuşyklaryň netijesinde hem şu günki finalçylar belli boldy.
Aýgytlaýjy oýnuň öňüsyrasynda üçünji orun üçin duşuşyk geçirildi, onda 5:1 hasabynda sport mekdebiniň topary ýeňiş gazandy. Altyn medallar ugrundaky duşuşykda bolsa şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda ýetginljekleriň arasynda hökkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilen birinji halkara ýaryşynyň kümüş baýraklaryna eýe bolan “Oguzhan” topary 4:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Ýeňiji toparda hüjümçiler Ý.Berdiýewiň we B.Baýmyradowyň her biri iki gezek tapawutlanmagy başardy.
5-6-njy aprelde “Oguzhan” topary Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek ýene-de bir ýaryşda özüniň güýjüni synap görer. Şonda gyşky sport oýunlar toplumynda alty toparyň gatnaşmagynda nobatdaky bäsleşik guralar. “Oguzhan” Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň ýygyndy topary, Içeri işler ministrliginiň “Galkan” topary, Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” topary, Döwlet serhet gullugynyň “Merdana” topary hem-de Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň “Watançy” topary bilen bäsleşer. Soňky iki topar hokkeý ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşar.
“Aşgabat” köpugurly sport toplumynda hem çekeleşikli ýaryşlar geçirildi. Bu ýerde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça şäher birinjiligi guraldy. Bu ýaryşlara türgenleriň 50-ä golaýy gatnaşdy. Olaryň hatarynda 32 kilograma çenli agramda ýeňiş gazanan Begmyrat Baýjaýewi ilkinji nobatda bellemelidiris. Çünki, ol ýaryşlara gatnaşan türgenleriň arasynda iň ýaşydyr: golaýda onuň 10 ýaşy doldy.
Türkmenistanyň ýagyndy toparynyň uly tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi I.Matkarimowyň aýtmagyna görä, bu aşgabatly türgeniň örän ýaşdygyna garamazdan, onuň uly geljegi bardyr.
Şeýle hem şu gün ýaryşda S.Annadurdyýew (40 kilograma çenli agramlyk derejesinde), K.Maksadow (44 kilograma çenli agramlyk derejesinde), G.Ataballyýew (48 kilograma çenli agramlyk derejesinde), A.Rasulow (51 kilograma çenli agramlyk derejesinde), M.Çörliýew ( 56 kilograma çenli agramlyk derejesinde), P.Pirgulyýew (62 kilograma çenli agramlyk derejesinde). W.Berdygylyjow (69 kilograma çenli agramlyk derejesinde), R.Awagemýan (77 kilograma çenli agramlyk derejesinde) we S.Ýenin (85 kilgrama çenli agramlyk derejesinde) ýeňiş gazandylar.
Agyr atletika baradaky gürrüňi dowam etdirip, şu gün ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysynyň Türkiýeden gaýdyp gelendigini bellemelidiris. Biziň türgenlerimiz Kemer şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boldular. Türkmenistanyň topary 6-13-nji aprel aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şzäherinde geçiriljek dürnýä çempionatyna taýýarlyk gördi. Bu ýerde II Bütindünýä ýetginjekler tomusky olimpiýa oýunlaryna ilkinji ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. Bu sport ýaryşy 2014-nji ýylda Hytaýyň Nankin şäherinde geçiriler.
Bu oýunlara türkmenistanlylaryň eýýäm bir ýollanmany alandygyny aýtmalydyrys. Bu barada Türkmenistanyň agyr atletika boýunça Milli merkezine sportuň şu görnişi boýunça Halkara federasiýasynyň wekilleri habar berdiler. Olar bu ýollanmanyň biziň ýurdumyzda agyr atletikanyň giňden ösdürilmeginde gazanylan üstünlikler üçin berlendigini habar berdiler.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, şu gün paýtagtymyzyň adybir sport toplumynyň meýdançalarynda geçirilen ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi barada hem aýdyp geçmelidiris. Bu ýere türgenleriň 60-a golaýy ýygnandy. Olar ýekelikde hem-de iki bolup bäsleşdiler.
Şahsy birinjilikde ýetginjekleriň arasynda final duşuşygynda ikinji orny eýelän Ý.Rogusskiden üstün çykan A.Gurbanow ýeňiş gazandy. Üçünji ýere M.Gasanow mynasyp boldy.
Gyzlaryň arasynda G.Mumhammetkulyýewa altyn medala mynasyp boldy. D.Bekmyradowa we D.Kadyrowa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Iki bolup oýnamaga diňe ýetginjekler gatnaşdylar. Bu bäsleşikde Rogusskiý – Gurbanow ikiligi hormat münberiniň iň ýokarky baskançagyna ykdy. Ikinji ýere Sähedow – Kadyrow ikiligi hem-de üçünji ýere Gasanow – Gökmen ikiligi mynasyp boldular.
Ýakyn wagtda biziň türgenlerimiz dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan Dewisiň Kubogy ugrundaky bäsleşikde çykyş ederler. Bu ýaryş 21-30-njy aprel aralygynda Ýangon (Mýanma) şäherinde geçiriler. Şol ýerde Türkmenistanyň ýygyndysy “Aziýa – Okeaniýa” toparynda medallar ugrunda bäsleşer.
Şu gün “Galkynyş” sport toplumynda ýene-de iki sany sport çäresi – gylyçlaşmak we “Sagdyn maşgala” atly sport çäresiniň çäklerindäki ýaryşlar geçirildi.
Ýetginjekleriň arasynda A.Kondratýew şowly çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldy. Final duşuşygynda ol ýeňillik bilen M.Dawydowdan üstün çykdy. Bürünç medala bolsa K.Baýramsähedow we R.Timoşenko mynasyp boldular.
Gyzlaryň arasynda bolsa A.Melikowa öz ussatlygyny görkezmegi başaryp, aýgytlaýjy duşuşykda ikinji orna mynasyp bolan A.Kiçiýewadan üstün çykdy. Üçünji orny M.Rahymberdiýewa we K.Hatýanowa paýlaşdylar.
Bu ýaryşlar aşgabatlylar üçin has abraýly bäsleşige – aprel aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna özboluşly taýýarlyk boldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralan “Sagdyn maşgala” atly sport çäresi dört tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr özüne maşgala toparlarynyň (kaka, eje we çaga) hereket oýunlary boýunça bäsleşigini birleşdirýär. Ikinji tapgyr tomusda geçirilýär. Bu ýerde maşgala toparlary öz aralarynda basketbol, woleýbol, tennis, küşt, şaşka we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşýarlar.
Soňra Türkmenstanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk tapgyry guralýar. Ol özüne sportuň milli görnüşlerini – göreş, ýaglyga towusmak, aýterek – günterek we beýlekileri birleşdirýär.
Bu sport çäresi täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanýar. Dekabr aýynyň iň soňky günlerinde maşgala toparlary üçin erjellik we ugurtapyjylyk babatda dürli bäsleşikler guralýar.
Şeýle çäreleriň biziň ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda geçirilýndigi bellärliklidir. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň gowy maşgala toparlarynyň 12-si final ýaryşlary – bäsleşigiň milli tapgyry üçin seçilip alynýar. Şol ýaryşda baş baýrak - "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky we Gökderedäki sagaldyş merkezlerine alty sany ýollanmany almak ugrundaky baýrak üçin bäsleşilýär. Şeýle bolansoň, birinji tapgyryň jemlerini jemlemäge howlukmalyň, çünki maşgala toparlarynyň arasyndaky esasy ýaryşlar öňümizdedir.
3-nji aprelde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde örän köp sanly sport çäreleri geçiriler. Olar sagdyn durmuşy wagyz etmekde möhüm orun eýeläp, ýaş sport zehinleriniň örän köp sanlysyny sport gurnaklaryna çpekmäge mümkinçilik döreder.
Şu gün Daşoguz şäherinde, täze 1-nji sport mekdebiniň binasynda agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň birinjiligini almak ugrundaky bäsleşik badalga aldy.
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ýaryşlara dürli bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijileri bolan welaýatyň ussat türgenleri gatnaşdylar. Iki günüň dowamynda türgenler 40 kilogramdan başlap, 85 kilograma çenli we şondan hem ýokary agram derejelerinde baýrakly orunlar ugrunda güýç synanyşmaly bolarlar. Garaşylyşy ýaly, esasy göreş toparlaýyn we şahsy bäsleşiklerde Daşoguz şäheriniň hem-de Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň wekilleriniň arasynda bolar. Häzire çenli olar sportuň bu görnüşinde welaýatda öňdebaryjylar hasaplanýar.
Ýaryşyň açylyş dabarasyndan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy, soňra oňa gatnaşýan toparlaryň ýörişi boldy. Soňra meýdança dürli agram derejelerindäki türgenler çykyp, olar eýýäm ilkinji synanyşyklardan agyrlygy itekläp, silkip galdyrmakda oňat netijeleri görkezdiler.
Şeýlelikde, 36 kilograma çenli agram derejesinde agyrlyk götermegiň iki görnüşi boýunça 77 kilogram netije gazanan R.Durdyýew ýeňiji boldy. 40 kilograma çenli agram derejesinde 95 kilogram netije görkezen D.Abdyllaýew birinji orny eýeledi. Has agyr agramdaky türgenleriň arasynda bolsa 77 kilogram agram derejesinde iki görnüş boýunça 205 kilogram netije görkezip, Ş.Söýünow tapawutlandy. Toparlaýyn ýaryşda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň wekilleri ýeňijiler boldular.
Agyr atletikanyň daşoguzlylar tarapyndan sportuň uly sarpa goýulýan görnüşleriniň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle meşhurlyk köp babatda ýerli ýöriteleşdirilen mekdepleriň, aýratyn-da Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Andalyp adyndaky geňeşliginiň mekdebiniň öňki okuwçylarynyň diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyşlary bilen baglydyr. Häzir halkara derejesindäki bu sport ussatlarynyň, aýratyn-da Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň üstünliklerine eýerýän oglanlaryň sany az däldir. Döwlet tarapyndan sporty we bedenterbiýäni, ösdürmek, şol sanda onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler agyr atletikanyň welaýatda mundan beýläk-de ösjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda agyr atletika boýunça häzirki zaman sport mekdeplerini gurmak hakyndaky aladasy demirgazyk welaýatynda aýratyn şatlyk bilen garşylandy.
Ýaryş iki günläp dowam eder.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň ikinji güni gyzykly sport çärelerine beslendi. Şu gün Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebinde Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň mekdep-internatlarynyň okuwçylarynyň arasynda oýunlaryň estafeta görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oglanlar we gyzlar ýyndamlykda, gujur-gaýratlylykda, çeýelikde öz ukyplaryny görkezdiler. Bu mekdebiň açyk sport meýdançasynda bolsa şu gün ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň ähli şäherleriniň we etraplarynyň toparlaryna wekilçilik edýän bilim we sport edaralarynyň işgärleriniň arasynda kiçi futbol boýunça iki günlük ýaryş başlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek milletiň saglygyny berkitmäge, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir” diýen sözleri diňe bir ýurdumyzda soňky ýyllarda gurlan täze häzirki zaman sport toplumlarynda, sagaldyş merkezlerinde, sport mekdeplerinde däl-de, eýsem, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýokary derejede ösmeginde öz beýanyny tapdy. Bu ýagdaý aýratyn-da Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň ilkinji günleri mese-mälim äşgär boldy.
Köpçülikleýin sport –sagaldyş çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar diňe bir welaýatyň merkezinde däl-de, eýsem, sebitiň şäherleriniň we etraplarynyň sport meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň zähmetkeşler toparlarynyň arasynda hem guralýar. Garaşsyzlyk etrabynda hepdeligiň birinji güni stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça mekdep toparlarynyň arasynda etrap boýunça ýaryş geçirildi. Şonda oglanlaryň arasynda 1-nji orta mekdebiň topary, gyzlaryň arasynda bolsa 5-nji orta mekdebiň topary ýeňiş gazandy.
“Kim çalasyn!” diýen şygar astynda sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem mekdep toparlarynyň arasynda ýaryşlar örän gyzykly geçip, 1-nji orta mekdebiň topary ýeňiji bolmagy başardy. Garabekewül etrabynda 100 we 200 metr aralyga ylgamakda hem-de 100 metr aralyga 4 adamdan ybarat toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Şonda etrabyň kärhanalaryndan, guramalaryndan we edaralaryndan toparlaryň 24-si özara güýç synanyşdylar. Galkynyş etrabynda bolsa hepdeligiň birinji güni gimnastika, agyr atletika boýunça bäsleşikler, köpçülikleýin ýöriş geçirilip, oňa iki müňden gowrak adam gatnaşdy.
Seýdi, Magdanly, Gazojak şäherlerinde, etrap merkezlerinde futbol, woleýbol, tennis, ýeňil atletika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlar başlandy. Lebabyň nebiti gaýtadan işleýän we energetika merkezi bolan Seýdi şäheriniň ýaşlary bolsa baýramçylyk hepdeliginiň ahyryna çenli ajaýyp sowgat alarlar. Bu ýerde 365 orunlyk täze häzirki zaman sport mekdebiniň açylmagy göz öňünde tutulýar.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň Murgap jülgesinde badalga alan ikinji güni birinji gündäki ýaly, dürli sport çärelerine bilen baý boldy.
Ýene-de Mary şäherindäki Saglyk ýoly ir säherden türgenleriň elli bäş müňüsini we sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklary bolan şäheriň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny kabul etdi. Bu ýerde “Bagtyýar nesil-kuwwatly Watan!” diýen şygar astynda köpçülikleýin sport ylgawy boldy, oňa talyp ýaşlar, şeýle hem dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlar gatnaşdylar. Ylgaw şäheriň merkezinde, Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada tamamlandy. Pellehanada iň ýyndam we şowly çykyş eden türgenlere häkimlikler, sport komiteti we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hormat hatlary diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şol gün welaýatyň on müň adamlyk täze stadionynyň sport meýdançalary we zallary umumy sport we ýöriteleşdirilen sport mekdeplerinde terbiýelenýänleriň iň oňatlarynyň bäsleşýän ýerine öwrüldi.
Häzirki zaman şäher gurluşygynyň ölçegleri boýunça gurlan Altyn sähra etrabynyň dolandyryş merkezi bolan Parahat şäherçesiniň Garaşsyzlyk we Altyn asyr köçeleri boýunça ir bilen Türkmenistanyň Demokratiki partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan guralan köpçülikleýin sport ýörişi geçirildi. Oňa bu häzirki zaman şäherçesiniň hem-de golaýdaky geňeşlikleriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Ýöriş uly baýramçylyk sport ýaryşlary bilen tamamlandy, olarda ýaşlar hem-de uly ýaşly adamlar sportuň dürli ugurlarynda we aýratyn hem milli sport oýunlarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler, şolaryň geçirilmegi üçin oba ýaşaýjylarynyň oňat üpjün edilen häzirki zaman sport binýady bar.
Iň oňat türgenlere we sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlaryna ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.
Şol gün aýry-aýry zähmetkeşler toparlarynyň arasynda hem sport ýaryşlary geçirildi. “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň we onuň düzümleriniň işgärleriniň arasynda, woleýbol oýny çekeleşikli ýagdaýda geçildi. Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi diňe bir sport çäreleriniň köplügi bilen däl, eýsem, baý medeni çykyşlary bilen hem tapawutlanýar. Baýramaly şypahana şäherinde “Sagdyn nesil-bagtly durmuş” atly şygar bilen açyk meýdanda şäher medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň çykyşy boldy. Onuň maksatnamasyna sagdyn durmuş ýörelgesini, sport bilen meşgullanmagy, mukaddes türkmen topragynyň baýlyklaryny we sahylygyny wasp edýän aýdym-sazlar girdi.

* * *