Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

view-icon 874
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlendi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak, ýurtda kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek maksady bilen, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berlen hasabatda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň barşynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada aýdyldy. Şeýle hem ol Milli howpsuzlyk ministrliginiň gullukçylarynyň ýurdumyzda howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirýän çäreleri hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz döwlet garaşsyzlygynyň gazananlaryny pugtalandyrmakda Milli howpsuzluk ministrliginiň möhüm orny eýeleýändigini aýtdy we başy başlanan düýpli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň özüniň saýlap alan rowaçlyk we ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan halkymyzyň bitewüligini hem-de agzybirligini ugur edinýän birnäçe möhüm ýagdaýlary şertlendirýändigini belledi.

Milli goşunymyzyň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna, onuň harby-tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk hem-de durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň barşy barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Umuman, harby ulgamdaky düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berilmeli üç sany möhüm ugra ünsi çekdi. Bu babatda gürrüň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin oňaýly gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini döretmek barada barýar. Döwlet Baştutanymyz ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlygy we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, esgerleriň türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän bu asylly däplerinde terbiýelenmelidigini nygtady.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew Watanymyzyň gaýduwsyz serhetçileri tarapyndan gözüň göreji ýaly goralýan Döwlet serhetlerindäki ýagdaýlar barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzda serhet galalarynyň täze binalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýtdy we olaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Milli Liderimiz mähriban Watanymyzyň araçäklerinde mukaddes borçlaryny ýerine ýetirýän serhetçileriň türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet serhetleri gadym wagtlardan bäri goňşy döwletleriň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini berkarar edýän düzüm bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedeşleri girizdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysyna prokuraturanyň düzümleri tarapyndan şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy, şol sanda raýatlaryň haýyşnamalaryny we ýüz tutmalaryny öwrenmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler hakynda hasabat berdi. Ol Türkmenistanda hukuk döwletiniň demokratik esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemek bilen, prokuratura işgärleriniň milli bähbitleri goramakda öz borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändiklerini, ýurdumyzyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi alyp barýandyklaryny habar berdi.

Kanunçylygyň gyşarnyskyz berjaý edilmegini we olaryň ýerine ýetirilişine anyk gözegçiligiň alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz her bir ýagdaýy jikme-jik öwrenmegiň we hereket edýän milli kanunçylygyň bozulmagynyň öňüni almagyň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň uly geňeşçisi H.Nazarowy Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatmak, 1-nji derejeli ýurist Ý.Öwezgylyjowy Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmak hakyndaky Kararlara go çekdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol kanun bozmalaryň öňüni almak we ýurtda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Ýurdumyzda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler toplumy hakynda-da habar berildi.

Ähli görnüşdäki hukuk bozmalaryň öňüni almak boýunça Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň durmuşa geçirýän çäreleriniň derwaýysdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň garaşsyzlygynyň gazananlaryny, parahatçylygyň hem-de jemgyýetde milli agzybirligiň esaslaryny goraýandyklaryny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň hereket howpsuzlygyna gözegçiligi güýçlendirmegi boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz polisiýanyň polkownigi A.Hajyýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew öz gezeginde ýylyň başyndan bäri täze taryhy eýýamyň talaplaryny we ýagdaýyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada jikme-jik hasabat berdi.

Anyk çözgütleri kabul etmekde ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň üstüne ägirt uly jogapkärçiligiň düşýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Ýokary kazyýetiň başlygyna mundan beýläk-de kanunçylyk esaslaryna daýanmagyň we her bir işi düýpli öwrenmegiň zerurdygyny tabşyrdy. Türkmenistan hukuk döwleti bolmak bilen, biziň ýurdumyzda kanun ýokarda goýulýar. Türkmenistanyň mundan beýläk-de kanun bozujylar bilen barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz islendik düzgün bozmalaryň öňüni almak üçin degişli çäreleriň ulanylmalydygyny we her bir işiň çözgüdine jikme-jik hem-de adalatly çemeleşmeleriň zerurdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýewe söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalalaryna laýyk getirilmegini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Ýurduň özygtyýarly ösüşiniň döwründe biz döwletiň ýokary gymmatlygy adam we onuň abadançylygy diýip yglan etdik, Baş kanunymyz bolan Konstitusiýa laýyklykda, döwletimiz şahsyýetleriň erkinligi üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň durmuşynyň, hukugynyň, mertebesiniň goralmagy bilen baglanyşykly ähli çäreleri durmuşa geçirer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy kanunçylyk tejribeleriniň öwrenilmeginiň we onuň kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanylanda peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň geňeşçisi B. Çaryýewe ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň üç aýynda gullugyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň gümrük gullugynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň seçilip alynmagy we olaryň ýerli-ýerinde goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden geçýän ähli ýükleriň göwnejaý barlagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler barada durup geçdi.

Soňra ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen, ilkinji nobatda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň tassyklan “Göknar-2013” ýöriteleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat berdi. Aýdylyşy ýaly, hukuk goraýjy edaralar, saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri, ýerli ýerine ýetiriji edaralary we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän meýilnama laýyklykda ilat arasynda, ozaly bilen bolsa ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat işini alyp barýan ýörite toparlar döredildi. Şeýle hem ol gullugyň işgärleri üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, şu gün bu ulgamda işleýänlere döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilýändigini habar berdi.

Neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy umumy tagallalaryň güýçlendirilmeginiň derwaýysdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz dünýä bileleşiginde köp sanly asylly başlangyçlary işjeň öňe sürýän ýurt bolan Türkmenistanyň mundan beýläk-de diňe bir milletiň däl, eýsem, tutuş adamzadyň saglygyna çynlakaý howp salýan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barjakdygyny belledi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy, podpolkownik A.Osmanowa polkownik harby adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow merkezi edara ediş guramasynda we gulluga degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurdumyza işewürlik we gezelenç etmek maksady bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sany durnukly artýar. Şeýle hem gullugyň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň raýatlarynyň beýleki döwletlere gitmegi we şol ýerde bolmagy üçin, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň talaplaryna laýyk gelýän ýokary goragly we biometrik maglumatly pasportlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatynyň diplomatik pasportynyň, Türkmenistanyň raýatynyň gulluk pasportynyň, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň teswirlerini hem-de nusgalaryny görkezdi. Şeýle hem ol Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasynyň, Raýatlygy bolmadyk adamyň ýol resminamasynyň, Bosgun şahsyýetnamasynyň, Bosgunyň ýol resminamasynyň, şeýle hem Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň teswirlerini we nusgalaryny görkezdi hem-de öň berlen şeýle resminamalaryň ygtyýarnama möhleti tamamlaýança öz güýjüni saklaýandygy barada habar berdi.

Mundan başga-da, D.Baýramow gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini bellemek bilen, şu gün gullugyň binýadynda Seljerme merkeziniň açylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz diňe bir biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlaryň anyk hasabyny üpjün etmek däl, eýsem, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar üçin “açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan Türkmenistanyň myhmansöýer ýurt hökmündäki derejesini goraýan Migrasiýa gullugynyň iş usullarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem milli Liderimiz täze gurlan Seljerme merkeziniň gullugyň işini kämilleşdirmekde möhüm orny eýelemelidigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow halkara talaplaryna laýyk gelýän täze nusgadaky resminamalary umuman oňlap, olaryň dolanyşyga girizilmegine ygtyýar berdi.

Şeýle hem Milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik D.Baýramowa polkownik harby adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmek, Döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak we Watan goragçylary üçin amatly gulluk hem-de ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çärelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Döwletimiziň bu möhüm meselä mundan beýläk-de uly ähmiýet berjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berlen tabşyryklaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli liderimiz türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyndan mälim bolşy ýaly, biziň milletimizde özüniň edermenligi, gaýduwsyzlygy we harby ulgamyň dolandyryş düzüminde nusgalyk derejä göterilmegi bilen şöhrat gazanan şahsyýetleri örän köp bolupdyr, olaryň tejribeleri taryhyň dürli döwürlerinde dünýä ýutlarynyň köpüsinde giňden öwrenilipdir diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz ýurdunyň mukaddes çäklerini, halkynyň asudalygyny, milli gymmatlyklaryň eldegrilmesizligini gözüniň göreji deýin goran şöhratly türkmen serkerdeleriniň asylly däpleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe yzygiderli ösdürilýändigini we onuň kämilleşdirilýändigini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şahsy düzümiň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmagyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, ýaş nesilleri şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik we mukaddes harby borja wepaly gulluk etmek ýaly asylly ýörelgeleriň esasynda terbiýelenmeginiň derwaýysdygyna ýene bir ýola ünsi çekdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şahsy düzümleriň mähriban Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadançylygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda wepaly gulluk etmek borçlaryna birkemsiz ygrarlydyklaryny, hemmetaraplaýyn taýýarlygy bolan harby gullukçylaryň şöhratly ata-babalarymyzyň watansöýüjilik däplerini mynasyp dowam etdirmek bilen, Watanymyz üçin janaýaman gulluk etmäge taýýardyklaryny aýratyn nygtadylar. Watan gymmatlygynyň ýurdumyzyň harby gullukçylary üçin mukaddes borçdygyny bellemek bilen, mejlise gatnaşyjylar beýik borja wepaly gulluk etmegiň her bir ynsan üçin belent mertebedigini bellediler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine maşgala abadançylygyny, parahatçylyk, jan saglyk, özygtyýarly Türkmenistanyň kuwwatynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen ägirt uly meýilnamalary ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

* * *

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň ýanyndaky Ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultetde “Döwlet we harby dolandyryş” ugry boýunça okuwlary tamamlan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna diplomlary we ýokary hünär derejesiniň nyşanlaryny gowşurdy.

“Oguzhan” Köşkler toplumynyň eýwanynda geçirilen bu dabara akademiki fakulteti tamamlap, ýokary hünär derejesini alan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy we hökümet agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew raport berdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bu ýerde geçirilen çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýörite diplomlary hem-de ýokary hünär derejesiniň nyşanlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyzyň elinden ýokary hünär derejäni alamatlandyrýan diplomlary we nyşany kabul etmek bilen, olar harby kasama wepaly boljakdyklaryny ynandyrdylar. “Döwlet we harby dolandyryş” ugry boýunça diplomy we ýokary hünär derejesiniň nyşanyny ilki bilen Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew kabul etdi. Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy A.Garaýew, Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew, Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow, Türkmenistanyň Migrasiýa döwlet gullugynyň başlygy D.Baýramow degişli diplomlara we ýokary hünär derejesiniň nyşanlaryna mynasyp boldular.

Olar diplomlary we nyşanlary kabul etmek bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýanyna barýarlar we baýdagyň synyndan öpüp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýäris diýen buýsançly sözleri aýdýarlar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Garasşyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň çäklerinde türkmen topragynda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagy, kanunçylygyň we hukuk tertip-düzgüniniň berjaý edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugularynyň biridir diýip belledi. Aýdylyşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanmagyna, türkmen esgerleriniň hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebasyşy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ýokary serkerdeler düzüminiň wekillerini “Döwlet we harby dolandyryş” ugry boýunça ýörite okuwlary tamamlandyklary bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olaryň mähriban Watanymyzyň parahatçylykly durmuşyny, onuň serhetleriniň bitewüligini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny, ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen asylly we jogapkärli gulluklarynda uly üstünlik arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, general-leýtenant Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň ýanyndaky Ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultetiň ilkinji uçurymlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebasyşy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesini okady.

Häzirki döwürde harby gullukçylar üçin ýokary derejeli zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilýändigini aýdyp we milli Liderimiziň harby gullukçylar üçin yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de serkerdeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlarynyň goragynda durmak bilen, özleriniň harby borçlaryna hemişe wepaly boljakdyklaryny ynandyrdylar.

Dabara gatnaşyjylar mähriban Watanymyza, halkymyza we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk kasamyny aýtdylar.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň bu günki çärä gatnaşan harby okuwçylary bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz olaryň okuwlary, saýlap alan hünärleri we geljekki arzuwlary bilen gyzyklandy. Döwletimiziň mundan beýläk-de ösüp barýan ýaş nesiller, şol sanda geljekki Watan goragçylary barada yzygiderli alada etjekdigini belläp, milli Liderimiz olara bilim dünýäsinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz geljekki Watan goragçylaryna ýüzlenip, olaryň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda asudalygy, jemgyýetimizde agzybirligi, her bir raýatymyzyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin arman-ýadaman zähmet çekmegini üpjün etmekde şöhratly ata-babalarymyzyň halallyk, pespällik, mertlik, ar-namyslylyk, watansöýüjilik ýaly belent däplerine, ahlak ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny ündedi. Watanyň mukaddesdigi, oňa gulluk etmegiň bolsa beýik borçdugyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylarynyň bu ugurda belent sepgitlere ýetmegini talap etdi.

Milli Liderimiz harby okuwçylaryň geljekde Watana bolan çuňňur wepasy bilen her bir raýatyň söýgüsine we hormatyna mynasyp boljakdyklaryna, asudalygyň goragynda birkemsiz gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi we olara okuwlarynda, gulluklarynda üstünlik arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylary bu günki dabara bilen ýene bir gezek gutlady we olar bilen hoşlaşdy.

* * *

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.