Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň meşhur sport işgärini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň meşhur sport işgärini kabul etdi

view-icon 738
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gyşky oýunlar sport toplumynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet dumasynyň deputaty, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky geňeşiň prezidiumynyň agzasy Irina Rodninany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistana ýene-de gelip görmäge we soňky ýyllarda ýurtda bolup geçen ägirt uly özgertmelere, şol sanda sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilen uly möçberli işlere has haýran galýandygyny beýan etmäge döredilen mümkinçilige örän şatdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde figuralaýyn typmagyň rowaýatyna öwrülen meşhur türgen bilen mähirli salamlaşyp, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli halkara baýramçylygynyň öňisyrasynda däp boýunça ýurdumyzda geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine beslenen çärelerine gatnaşmaga seslenendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz saglygyň halkyň gymmatly baýlygydygyny nygtap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam, onuň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň türkmenistanlylaryň sazlaşykly ösen we beden taýdan sagdyn neslini kemala getirmegi maksat edinýän döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz döwletimiziň sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge hem-de höweslendirmäge ugur alnyp, şu ýyllaryň içinde yzygiderli, uly işleriň amala aşyrylýandygyny, bu ulgamda milli kanunçylygyň gyşarnyksyz kämilleşdirilýändigini, “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” çäklerinde dünýä derejesindäki türgenleriň taýýarlanylýandygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, aýlawlaryň, awtodromlaryň, ýörite sport okuw mekdepleriniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin binalary we beýleki möhüm sport desgalaryny gurmak boýunça uly möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Aşgabatda alnyp barylýan sebitde iň uly olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde getirildi, şol ýerde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup şu iri sport çäresini geçirmäge hukuk aldy, munuň özi dünýäde uly seslenme tapdy hem-de türkmen türgenleriniň öňünde täze uly möçberli mümkinçilikleri açýan seçilip alnan ugruň dogrudygynyň ynandyryjy subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göniden-göni türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, türkmen tarapyndan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyny ösdürmäge we hususan-da, sport babatda örän ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Myhman halkara uly sport merkezine öwrülen türkmen döwletiniň tagallalaryna we ynamly ädimlerine ýokary baha berip, şol çäreleriň eýýäm äşgär netijeleri berýändigini, ýylyň-ýylyna türkmen türgenleriniň halkara hem-de sebitleýin ýaryşlarda ýeňişleri gazanýandygyny nygtady.

--Siziň güneşli ülkäňizde iri Buzly köşkleriň gurulmagy we sportuň gyşky görnüşlerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işjeň iş haýran galdyrýar hem-de ägirt uly hormat goýmaga mynasyp bolýar, bu meni çäksiz tolgundyrýar hem-de Siziň döwletiňiziň sporty ösdürmäge aýratyn we uzakdan görüjilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär – diýip, şohrat gazanan Olimpiýa çempiony belledi. Şunda ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda bitirýän hyzmatlaryny aýratyn nygtap geçdi, hormatly Prezidentimiz sporty we sagdyn durmaş ýörelgesini işjeň wagyz ediji bolup, öz göreldesi bilen sport hereketini giňden ösdürmäge ýardam etmek bilen halkyny ruhlandyrýar.

Bütindünýäde meşhur figuraçynyň pikiri boýunça iki ýurtda geçirilýän dünýä derejesindäki sport ýaryşlary, şol sanda Aziada-2017, Kazanda Uniwersiada, Soçide Olimpiýa oýunlary türgenleri taýýarlamak üçin uly itergi berer. Munuň özi ýurduň abraýydyr, bähbididir we öz muşdaklarydyr, iň esasy bolsa ýaş nesli terbiýelemekdir diýip, ol nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport baradaky geňeşiň prezidiumynyň agzasy Irina Rodnina duşuşmaga döredilen mümkinçilik we özünde ajaýyp täsir galdyran Türkmenistana gelmäge çakylyk üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çapdan çykan kitabyny we soňky 10 ýylda halkara sport kinosy festiwalynyň altyn toplumyndan filmleri sowgat berdi.