Şu gün eziz Watanymyz Türkmenistan tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belledi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze mazmuna eýe bolan bu senä milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 1-nji aprelden 7-nji aprel aralygynda eýýäm ikinji ýyl geçirilýän Sagdynlyk we baýtyýarlyk hepdeligi gabat geldi. Sport-köpçülikleýin çäreleriň uly maksatnamasyny öz içine alan bu çäre tutuş ýurdumyzy gurşap, sagdyn durmuş ýörelgesiniň töweregine müňlerçe adamlary birleşdirdi we ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi.
Milli senenamanyň şanly seneleriniň sanawyna girizilen bu bahar güni Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykylyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly ýaryşlar geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn ýaşaýş-durmuş ýörelgeleriniň we endikleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyz Bütindünýä saglyk gününi tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan halkara baýramy hökmünde giňden we dabaraly belleýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen baýramçylyk Gutlagynda nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen milli Liderimiz bu asylly işde türkmenistanlylara, ozaly bilen ýaşlara şahsy görelde görkezip, adam, onuň saglygy we abadançylygy hakynda aladany ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryna çykardy. Türkmenistanda kabul edilen “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanun döwletimiziň halkyň saglygy barada aladasynyň ýene bir subutnamasy bolup, işjeň sagaldyş-dynç alyş bilen meşgullanmak üçin ilatyň ähli gatlaklaryna giň mümkinçilikleri kepillendirdi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyna köp wagt ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gös-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda “Saglyk” döwlet toplumlaýyn maksatnamasy işlenip taýýarlandy we üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnama netijesinde adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň däplerini berkarar etmek maksady bilen, häzirki döwürde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleriniň, dynç alyş öýleriniň, bereketli topragymyzyň ösümliklerini peýdalanmak bilen derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Welaýatlaryň her birinde gurlan “Ene mähri” merkezleri, döwrebaplaşdyrylan dünýä belli “Mollagara”, “Arçman”, “Baýramaly”, “Ýylysuw” şypahanalary, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurlan häzirki zaman binalary—bularyň hemmesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistan hem-de türkmen halky üçin ösüşiň we rowaçlygyň döwrüne öwrülmeginiň aýdyň subutnamalary bolup durýar.
Şu maksatlar üçin döwletimiz häzirki zaman sport-sagaldyş desgalaryny gurmak, şol sanda ösen syýahatçylyk ulgamyny kemala getirmek, şeýle hem degişli ugurda bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak üçin köp serişde goýberýär.
Şeýlelikde, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamany”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" hem-de “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda halkara ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynyň – stadionlaryň, aýlawlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň onlarçasy ulanmaga berildi we gurulmagy dowam edýär. Häzir ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli edaralaryň taslamalarynyň häzirki zaman türgenleşik sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, ýüzülýän howuzlary, tennis meýdançalaryny we beýlekileri öz içine alýandygyny bellemek gerek. Aşgabat şäheriniň etegindäki Gökdere jülgesinde, şeýle hem Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç almak üçin ajaýyp şertler döredildi. Bularyň hemmesi biziň döwletimiz üçin ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam saglygy hakynda aladanyň ýüze çykmasy bolup durýar. Şunuň ýaly alada adamyň ömrüni uzaldyp, ony sagdynlaşdyrýar we işjeňleşdirýär.
Tutuş ýurdumyzda ýylyň dowamynda dürli sport çäreleriniň—ýaryşlaryň, bäsleşikleriň, çempionatlaryň geçirilmegi döwletiň ünsünde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen şygar astynda okuwçylaryň we talyplaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, dürli pudaklaryň işgärleriniň, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda her ýyl ýaryşlary geçirmek başlangyjy köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmekde täze galkynyşy alamatlandyrdy we türkmenistanlylarda ählumumy ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda “Aşgabat” stadionynda dürli öwüşginli baýramçylyga öwrülen IV Milli spartakiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi guwançlydyr.
“Sport biziň durmuşymyzyň bezegine öwrülmelidir, ol adamyň diňe bir bedenini däl-de, eýsem, ruhuny hem taplaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öwüt-ündew berýär.
Häzir ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň ençeme görnüşi, şol sanda Türkmenistan üçin adaty bolmadyk awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, sportuň suwdaky görnüşleri pajarlap ösýär. Ulanmaga berlen Olimpiýa suw-sport toplumy, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin toplumlaryň ikisi, şeýle hem köpugurly “Aşgabat” stadionyndaky awtodrom munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň rowaçlyk syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy we ykrar etmegine mynasyp boldy. Çünki, onuň esasynda milletimiziň genofonduny has-da berkitmek boýunça maksatnamalar, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeni bilen sylaglanmagy, şeýle hem milli Liderimize adaty Fudokan – Şotokan karate-do /WTFSKF/ Bütindünýä federasiýasy tarapyndan 10-njy danyň Hormatly eýesiniň diplomynyň /karatede we dzýudoda kämillik derejesi/ gowşurylmagy Türkmenistanyň Baştutanynyň dünýäniň sport hereketiniň öňünde bitiren ägirt uly hyzmatlarynyň, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge goşan uly goşandynyň ýokary derejede ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda karary şol syýasatyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini ýene bir gezek alamatlandyrdy. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly Oýunlary geçirmek hukugyny gazanmagy guwançly ýagdaýdyr. Bu baradaky habar bütin dünýäde uly seslenme döredip, türkmen halkynyň tüýs ýürekden buýsanjyna öwrüldi. Mahlasy, biziň ýurdumyz eýýäm halkara derejesindäki iri ýaryşlary guramakda we geçirmekde üstünlikli tejribe toplady. Şol ýaryşlaryň sanawynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol we hokkeý ýaryşlary, “Dakar” tapgyryndan “Ýüpek ýoly-2009” awtorallisi, şeýle hem şu ýylyň martynda Aşgabatda geçirilen sambo boýunça Merkezi Aziýanyň bäşinji çempionaty bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aziada-2017 Merkezi Aziýada iri Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Ol otuzdan gowrak desgalary öz içine alýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu taslamada şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri we öňdebaryjy inžener-tehniki pikir öz beýanyny tapyp, ol Türkmenistany ýakyn wagtda iri halkara sport merkezine öwrer.
Köpetdagyň gerşinden uzalyp gidýän, aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan, iri sport köpçülikleýin çäreleriniň we ozaly bilen şanly seneler mynasybetli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen Saglyk ýoly hem sport babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň özboluşly nyşany bolup durýar. Ine, bu gün hem bu ýerde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandy.
Ir säher bilen Giňdiwaryň gözel künjeginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sekiz kilometrlik Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde owadan sport lybasyna beslenen talyplar, hünärment okuw mekdepleriniň, sport mekdepleriniň okuwçylary, paýtagtymyzyň zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçiliginiň wekilleri hatara düzüldiler.
Bu ýere şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça birnäçe aý dowam eden we Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda üstünlikli tamamlanan IV Umumymilli ýaryşlara gatnaşyjylar geldiler. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy säher şemalyna buýsançly pasyrdaýar. Joşgunly aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary çärä gatnaşýanlaryň baýramçylyk ruhuny artdyrýar. Hemme ýerde ählihalk baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy äşgär duýulýar.
8 kilometrlik Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Bu ýere ýygnananlar—sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylap, milli Liderimizi şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, olaryň öňünde gysgajyk söz sözledi.
Bilşiňiz ýaly, şu gün Bütindünýä saglyk güni giňden we dabaraly bellenýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz hem ýurdumyzda bu ajaýyp baýram mynasybetli Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini, bäsleşik esasynda gyzykly geçen köp sanly sport ýaryşlaryny we beýleki çäreleri geçirdik. Mähriban halkymyzyň “Sakasy-saglyk!” diýşi ýaly, bu çäreleriň ählisiniň esasynda adam hakyndaky alada, ilatymyzyň saglygyny berkitmek wezipesi durýar. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmäge, zyýanly endiklere garşy göreş alyp barmaga, berk bedenli, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi.
Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramakdan we berkitmekden, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk sport çärelerini açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň owazy dag-derelere ýaň salýar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, olary Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şondan soň bu ýere ýygnananlar köpçülikleýin Saglyk ýoluna çykyp başladylar.
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk sport ýörişini kabul edip, öz egindeşleri bilen çärä gatnaşyjylara goşuldy.
Säher şapagynyň öwüşgini bilen ajaýyp keşbi emele getirýän gözel künjekde, dag howasynyň hoştaplygy bilen tebigy ajaýyplygyň sazlaşýan ýerinde çekilen Saglyk ýoluna gadam goýan hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedentebiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidigi barada aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ulgamda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde biziň halkymyz “Sagdyn bedende---sagdyn ruh” diýen ýörelgä ygrarly bolup, milli Liderimiziň görelde bolmagynda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Şeýle hem Türkmenistanyň paýtagtynda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde soňky ýyllaryň dowamynda ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän sport maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, täze stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň gurulmagy ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň hatarynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýolunyň dowamynda ýodanyň ýagdaýy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abdanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy we bu ýerlerde gök zolaklary döretmegiň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem bu künjekden ýylsaýyn gözelleşýän we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli türkmen paýtagtynyň görnüşi açylýar.
Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň we hoştap howaly dag dereleriniň birinde bina edilen Saglyk ýoly indi birnäçe ýyllaryň dowamynda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Onda iri sport we medeni çäreler yzygiderli guralýar. Bu ýere säher bilen çykyp, dagyň arassa howasyndan dem alyp, gojaman Köpetdagyň belent gerşinden daş-töweregiňi synlanyňda, tebigatyň ajaýyp keşbi ruhuňy göterýär.
Saglyk ýolunyň tapgyrlarynyň birinde döwlet Baştutanymyz golaýdaky serhet galasynda gulluk edýän serhetçiler bilen söhbetdeş boldy, olaryň gulluk şertleri hem-de geljekde meýilleşdirýän işleri bilen gyzyklandy. Söhbetdeşlik tamamlanandan soň ýaş serhetçiler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýjylaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoly boýunça ýörişini dowam etdi. Hormatly Prezidentimiziň häli-şindi bu ýerde bolmagy saglyk ýolunyň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen, raýatlarymyzda ony geçmäge bolan höwesi artdyrýar. Şu günden beýläk bolsa, ýurdumyzyň raýatlarynyň Köpetdagyň eteginde ýaýylyp gidýän bu täsin künjekden ýöräp geçmäge bolan höwesi has-da artar. Çünki döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Saglyk ýolunyň bütin dowamynda ýurdumyzda duş gelýän we Gyzyl Kitaba girizilen ýabany haýwanlardyr, janly-jandarlaryň, guşlaryň, şeýle-de öý haýwanlaryň ýasalan şekilleri oturdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren degişli tabşyryklaryna laýyklykda, olary dessine durmuşa geçirmäge girişilmegi bu günki gün Saglyk ýolunda şeýle täsin görnüşler döredildi. Ony döretmek üçin Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilelikde zehinli talyp heýkeltaraşlardyr suratkeşleriň arasynda degişli bäsleşigi yglan etdiler.
Taýýarlanan şekilleriň Saglyk ýolunyň dowamynda ýerleşdirilişine hem örän oýlanyşykly çemeleşilendigini-de nygtamak gerek. Olar ýerli tebigat bilen örän ajaýyp görnüşi emele getirip, haýwanat dünýäsiniň bu ýerde hut janly keşbi açylýar. Olar dag tebigaty bilenem sazlaşýandygy dessine göze ilýär.
Saglyk ýoluny geçip barşyňa uçup barýan bürgüdiň, awuna bökjek bolýan alagaplaňyň, alyslary dykgat bilen synlap duran dag goçunyň, rysgyny tapyp üýşüp barýan kirpileriň şekilleri örän täsin galdyrýar ýa-da owlajyklary biri-birine bökýän, zemzeniň süýrenip barýan, towşanjyklaryň garaýyşly şekillerinde gözüň eglenýär.
Hormatly Prezidentimiz oturdylan şekilleri synlap, olaryň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň, bu işi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Bulardan başga-da, 8 kilometrlik Saglyk ýolunyň her bir tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan kitaplary, şeýle hem dürli keselleriň öňüni almak hakynda kitapçalaryň ýigrimiden gowragy, dünýä belli sagaldyş şypahanalarymyz hakynda kitapçalar hem-de keselleriň öňüni almak hakynda UNISEF-iň kitaby goýlan diwarlyklar bilen bezelipdir. Ýoluň şol tapgyrlaýyn meýdançalarynda dabara gatnaşýanlara Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly meşhur işinde beýan edilen melhem otlaryň esasynda taýýarlanan çaýlaryň 30-dan gowrak görnüşi, süýji suwlar hödürlendi. Olar jana şypaly çaýlardan dadyp, döwlet Baştutanymyza milletiň saglygy hakynda edýän aladasy üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselelerine berýän ünsünden ruhlanan daga dyrmaşýanlar hem Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna guralan şu günki dabaralardan çetde galmadylar. Olar dagyň iň belent nokadynda garaşsyzlygyň we döwletliligiň mizemez sütünleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dikdiler. Döwlet tugumyz bu ýerde milletiň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyryp, arassa asmanda parlap durar.
Baýramçylyk ýörişiniň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Üçünji orna mynasyp bolan Aşgabat şäher enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Annagözel Durdyýewa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň diplomy gowşuryldy. Ikinji orna mynasyp bolan Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň jogapkär işgäri Begli Bäşimowa Türkmenistanyň senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň hem-de ABŞ-nyň ilçihanasynyň atteşesi Gruwele Türkmenistanyň telekeçiler partiýasynyň diplomlary, birinji orna eýe bolan ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pattersona Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň diplomy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz Saglyk ýolundan geçmekde ýeňiji bolanlary tüýs ýürekden gutlady hem-de mynasyp bolan sowgatlaryny gowşurdy. Milli Liderimiz olara sagdynlygynyň gözbaşy bolan bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, bu ugurda geljek-de hem täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyşky oýunlar sport toplumyna bardy. Bu ýerde figuralaýyn typmagyň ussatlarynyň görkezme çykyşlary boldy.
Soňky döwürde güneşli Diýarymyz üçin adaty bolmadyk sportuň gyşky görnüşleriniň meşhurlyga eýe bolýandygyny bellemek gerek. Figuralaýyn typmak we hokkeý oýnamak isleýänleriň sany ýylsaýyn artyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2011-nji ýylyň oktýbrynda ulanmaga berlen 10 müň tomaşaçy orunlyk Gyşky oýunlar sport toplumynda we Olimpiýa sport mekdebinde ýaş zehinler terbiýelenip, sportuň bu görnüşleri ýurdumyzda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar.
Sport toplumynyň öňünde uly baýramçylyk ýaýbaňlandy. Bu ýerde şanly waka mynasybetli Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Hemmeler uly joşgun bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, sport toplumyna girdi. Onuň giň zalynda sport muzeýi ýerleşdirilip, onda ýurdumyzyň gyşky sportunyň ýyl ýazgysynyň wakalary giňden beýan edilýär. Görnükli ýerde sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we biziň türgenlerimizi ýeňişlere ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1 belgili sport lybasy goýlupdyr. Mälim bolşy ýaly, bir ýyl mundan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda geçirilen ilkinji hokkeý ýaryşynyň ýapylyş dabarasynda milli Liderimiz ilkinji gezek tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda konkili buza çykdy we ýeňiş gazanan topara arzyly kubogy hem-de ýaryşyň ähli ýeňijilerine medallary gowşurdy. Soňra döwlet Baştutanymyz ýaryşa gatnaşyjylar bilen bilelikde surata düşüp, olar bilen hormat aýlawyny amala aşyrdy hem-de dabara gatnaşyjylarda we köp sanly tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Muzeýde türkmen figuraçylarynyň halkara ýaryşlarynda gazanan sylaglary, kuboklary hem-de hokkeýçilerimiziň şu ýylyň fewralynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ilkinji halkara ýaryşynda mynasyp bolan baýraklary uly orun eýeleýär. Köp sanly suratlar arkaly bu ýaryşa Belarusdan, Russiýadan we beýleki döwletlerden gelen toparlar bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde Aşgabadyň buzunda türkmen çagalary bilen bilelikde küştdepdi tansyny ýerine ýetiren, figuralaýyn typmak boýunça üç gezek olimpiýa çempiony we on gezek dünýä çempiony, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputaty, RF-niň Prezidentiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiň prezidiumynyň agzasy Irina Rodninanyň suratlaryny görmek bolýar. Ol geçen ýylyň oktýabrynda GDA gatnaşýan döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana ilkinji gezek geldi.
Sport toplumynda baýramçylyk buzly şowhun başlanmazdan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza ikinji gezek gelen Irina Rodninany kabul etdi.
Kabul edişlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz münbere geçýär.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Baýramçylyk çykyşlarynyň başlanandygyny alamatlandyrýan joşgunly sazlar ýaňlanýar.
Ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde “Sport, biz seniň bilen!” diýen aýdym bilen ugurdaş Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň figuralaýyn typmak boýunça türgenler topary çykyş etdi. Türkmen türgenleri buzuň üstünde ussatlyk hem-de çeýelik bilen sungat derejesindäki çykyşlary ýerine ýetirýärler. Çykyşa gatnaşýanlaryň hemmesiniň örän owadan hem-de göze gelüwli lybaslary bar. Sport toplumynyň yşyklandyryjylary figuralaýyn typýanlaryň her bir hereketini, olaryň sporta bolan höwesini aýdyň beýan edýär. Umuman, buz üstünde ýerine ýetirilen çykyşlaryň her biri gözelligi we çeýeligi alamatlandyryp, özboluşly tomaşany emele getirýär.
10 müň tomaşaçy orny bolan sport toplumynda guralan çykyşlara tomaşa edýänleriň şowhuny astynda dabaranyň alypbaryjysy figuralaýyn typmak boýunça ady rowaýata öwrülen Irina Rodninany çagyrýar. Ol türkmen türgenleri bilen bilelikde ajaýyp tansy ýerine ýetirýär.
Şeýle hem sport toplumynyň buzly sahnasyna Niderlandar Patyşalygyndan we Türkiýe Respublikasyndan gelen türgenler peýda bolýarlar. Olar ýörite çakylyk esasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Gyşky oýunlar sport toplumyndaky baýramçylyk çärelerine gatnaşan köp sanly tomaşaçylaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek baradaky asylly maksatlarynyň dabaralanmagynyň nyşany bolup durýar.
Şu günki baýramçylyk dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň agtygy hem özüniň deň-duşlary, synpdaşlary bilen gatnaşdy. Çünki ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyrylan asylly çärelere işjeň gatnaşýan körpe nesilleriň bu günki dabaralara gatnaşmagy hem-de tutuş ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanan asylly çärä dahylly bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň agtygy atasynyň ýanyna gelip, özüniň buzuň üstünde typmaga höwesiniň bardygyny mälim edip, meýdança çykmaga rugsat sorady. Milli Liderimiz agtygynyň höwesini oňlap, onuň buzuň üstünde typmagyna ygtyýar berdi. Şu pursat nesilleriň arabaglanyşygynyň milletiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydygyny, pederler üçin bolsa, bimöçber buýsançdygyny alamatlandyrýan aýdyň hakykatdyr.
Milli Liderimiziň agtygy buzly meýdança çykmaga taýynlyk görýän pursadynda, onuň çaga höwesine we erjelligine haýran galan şu günki dabara gatnaşýan daşary ýurtly türgenleriň tälimçileri hormatly Prezidentimiziň agtygynyň okuwy, onuň höwes edýän ugurlary bilen içgin gyzyklandylar. Döwlet Baştutanymyzyň agtygy daşary ýurtly tälimçileriň berýän sowallaryna säginmän, iňlis dilinde jogap berdi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp barýan ýaş nesilleriň döwrebap bilim – terbiýe alýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň agtygynyň hem öwredilýän dersleri erjellik bilen ele alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiziň agtygy buzuň üstünde joşgunly saza goşulyp, özi ýaly çagalar bilen sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirdi.
Munuň özi sportuň ähli görnüşleri boýunça nusgalyk görelde görkezýän milli Liderimiziň asylly ýörelgelerine nesilleriň eýerýändiginiň, ata kesbiniň dowamat dowam bolýandygynyň aýdyň alamatydyr. Atasynyň mekdep derejesine göterilen göreldesine eýerýän zehinli agtygyň bu günki hereketleri biziň ýurdumyzda gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen alnyp barylýan asylly işleriň barha rowaç alýandygyny beýan edýän waka öwrüldi we ol bu çykyşlara tomaşa edýänlerde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi.
Döwlet Baştutanymyz Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda ussatlyk bilen çykyş edýänleriň arasynda öz agtygynyň umumy herekete goşulyp, çaga yhlasyna we erjelligine guwanç bilen tomaşa etdi. Buzuň üstünde ýerine ýetirilen göwün göteriji çykyşlar nesillerimiziň döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny alamatlandyrdy. Munuň özi biziň ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp barýan ýaş nesillere ruhy-medeni taýdan terbiýe bermek arkaly, olara milli we dünýä derejesindäki gymmatlyklara, köpçülikleýin sportuň dürli görnüşlerine içgin aralaşmaga mümkinçilik berýändiginiň we bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şol barmana dürli öwüşginli şüweleň tamamlaýjy tapgyra gadam basýar. Dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar astynda parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetliligiň hatyrasyna jebisligi alamatlandyryp, küşdepdi tansyny ýerine ýetirýärler.
“Diňe öňe, diňe öňe—jan, Watanym Türkmenistan” diýen aýdym dabaranyň jemleýji pursatyna öwrülip, onuň ýerine ýetirilýän wagty dabara gatnaşyjylaryň hataryna hormatly Prezidentimiziň agtygy hem goşuldy we konkilerinde tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda ajaýyp tansy ýerine ýetirdi.
Aşgabadyň “juwan” buzunda ýaşlarymyzyň ussatlarça ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketlerini synlanyňda, watandaşlarymyzyň hem ýakyn wagtlarda halkara derejesindäki ýaryşlarda, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etjekdigine bolan ynamyň artýar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary Bütindünýä saglyk güni bilen ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.