Şu gün welaýatlaryň we paýtagtymyzyň atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklarynyň ýazky möwsümi açyldy. Şu mynasybetli ýurdumyzyň aýlawlarynyň münberlerine bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanda ägirt uly meşhurlyga eýe bolan at çapyşygynyň janköýerleriniň müňlerçesi ýygnandy.
Ýurdumyzyň atçylyk-sport toplumlarynda aýdym-tans toparlarynyň hem-de bagşylaryň we ýaş türgenleriň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy.
Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça maksatlaýyn çäreler, şeýle hem ähli welaýatlarda häzirki zaman, halkara ülňülerine laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi şol syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň anyk miwesidir. “Behişdi bedewlere” belet we ýokary baha berýän, şeýle hem ajaýyp atşynas bolan milletiň Lideriniň başlangyjy bilen atçylyk sportuny we at çapmagyň milli sungatyny ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge uly üns berilýär.
Şu gün Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda at çapyşyklarynyň 6-sy boldy. Mysal üçin, birinji çapyşykda 2400 metr aralykda 4 we uly ýaşar bedewler bäsleşdiler. Şonda 2 minut 48,2 sekunt wagt görkezip, Keýmir diýen gara at ýeňiji boldy. Ikinji bolup, Dal bedew diýen dor at bu aralygy 2 minut 48,3 sekunt wagt görkezip geçdi. Gumman atly al at 2 minut 49,5 sekunt wagt bilen pellehanadan üçünji bolup geçdi.
çapyşyga 1800 metr aralyga ýaryşa üç ýaşar atlar goşuldy. Şonda däp boýunça “Açyş” baýragy ugrunda bäsleşildi. Bedewleriň ýyndam bäsleşiginde 2 minut 05,9 sekunt wagt bilen ilkinji bolup pellehanadan Garlawaç diýen gurtmele at geçdi. Gözel obam diýen dor gysrak hem-de Gurgun diýen gyrat 2 minut 06,5 we 2 minut 07,2 sekunt wagt görkezip degişlilikde, ikinji we üçünji orna eýe boldular.
Üçünji çapyşyk hem örän çekeleşikli boldy. Onda üçünji topar üçýaşar atlar 1400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Melehan diýen akýal mele at birinji bolup, 1 minut 37,1 sekuntda geçdi. Gorkmaz diýen dor at 1 minut 37,2 sekunt wagt bilen ikinji, Aýnur diýen mele gysrak bolsa, 1 minut 37,5 sekunt wagt bilen üçünji bolup pellehanadan geçdiler.
Ahalteke bedewleriniň dördünji çapyşygy hem örän dartgynly boldy. Muny olaryň görkezen wagtlary hem äşgär edýär. Bu çapyşykda hem 1400 metr aralyga üçünji topar üçýaşar atlar goşuldylar. Bu çapyşygyň iň ýyndam aty Merdem atly mele at bolup, onuň görkezen wagty 1 minut 36,1 sekunt boldy. Ikinji we üçünji bolup pellehanadan Arzyly diýen akýal mele gysrak hem-de Nämesen diýen gara at geçip, degişlilikde 1 minut 36,2 sekunt we 1 minut 36,3 sekunt wagt görkezdiler.
Bäşinji çapyşykda dört we ulyýaşar atlar 2000 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu aralygy ilkinji bolup Mekanly diýen gyrat 2 minut 26,2 sekuntda geçmegi başaryp, bäsdeşlerinden has ýyndamlygyny görkezdi. Goşant diýen dor at pellehanadan ikinji bolup geçip, 2 minut 26,6 sekunt wagty, Merdana diýen al at bolsa üçünji baýrakly orna eýe bolup, 2 minut 27 sekunt wagty görkezdi.
Başlanan ýazky möwsümiň jemleýji 6-njy çapyşygynda 1800 metr aralyga ýaryşa ýene-de dört we uly ýaşar atlar goşuldylar. Jemleýji çapyşykda pellehanadan ilkinji bolup Gamsyzguş diýen akýal mele at 2 minut 07,7 sekunt wagt görkezmek bilen beýlekilerden tapawutlandy. Bürgüt diýen dor at 2 minut 09 sekunt wagt bilen ikinji, Galkan diýen mele at bolsa, 2 minut 09,1 sekunt wagt bilen üçünji bolup pellehanadan geçdiler. Ilkinji bolup pellehanadan geçen ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýazky at çapyşygynyň çäklerinde “behişdi bedewleriň” möwsüminiň özüne çekiji çapyşyklaryna ahalteke bedewlerine hakyky sarpa goýýan janköýerler uly höwes we çäksiz tolgunmak bilen tomaşa etdiler.