Ï Boks boýunça halkara tälimçilik tejribesi alşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Boks boýunça halkara tälimçilik tejribesi alşylýar

view-icon 870
Şu gün türkmen paýtagtynda Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa raýdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde boks boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu maslahaty Türkmenistanda sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmek we tälimçileriň bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen Milli olimpiýa komiteti ýurdumyzyň Boks federasiýasy bilen bilelikde gurady.

Ukrainanyň ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet işi boýunça uly tälimçisi, olaryň toplumlaýyn ylmy toparynyň ýolbaşçysy Walentin Ostýanu Milli olimpiýa komitetinde hem-de Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň okuw-sport binýadynda geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşyjylar bilen tejribe alyşmak üçin Aşgabada geldi. Birnäçe günüň dowamynda tejribeli hünärmen ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň tälimçilerini dünýäde sportuň ösüşi, şu ýylyň fewral aýynda Italiýada Halkara höwesjeňler boks assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetinde (AIBA) tassyklanan tälimçileri taýýarlamagyň täze ulgamy, şeýle hem halkara ülňüleriniň derejesinde sportuň şu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmegiň tejribesi bilen tanyşdyrar.

18-nji aprelde tamamlanjak okuw maslahatynyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylara Halkara olimpiýa komitetiniň sertifikatlary gowşurylar. Mundan başga-da, okuw-maslahatynyň diňleýjileri AIBA-nyň tälimçiler sanawyna giriziler.