Ï Beýik Ýüpek ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýüpek ýoly

view-icon 2505
Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk ulgamyny ýola goýmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň has girdejili ugry bolan halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu jähetden milli Liderimiz bu işiň has möhüm ugurlaryny kesgitledi. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini giňeltmekden we görnüşlerini artdyrmakdan, hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmakdan, ulgamda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, şeýle hem netijeli maglumat-mahabat işini ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň iri halkara syýahatçylyk çärelerine we sergilerine gatnaşmagy soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe boldy.


Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda her ýylda geçirilýän ITW Berlin sergisi dünýä möçberli wakalaryň has ähmiýetlileriniň biri bolup durýar. Bir aý mundan ozal ol ýerde tutuş hepdeläp Türkmenistan hem jahankeşdelik ulgamyndaky mümkinçiliklerini we milli myhmansöýerlik däplerini görkezdi. ITW-niň guramaçylary Orta Aziýa ýurtlarynyň sergi guran bölümlerini “Beýik Ýüpek ýoly” diýip atlandyrdylar. Ol ýerde bu ugruň ösdürilmeginde taryhy ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň täze häzirki zaman görnüşinde dowam etdirilmeginde derwaýys orny eýelän biziň ýurdumyzyň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

ХIХ asyryň ikinji ýarymynda ýewropaly gündogary öwreniji alymlaryň dolanyşyga girizilen “Ýüpek ýoly” düşünjesi geçen döwürde ylmy-barlag pudagynyň çäklerinden çykyp, üçünji müňýyllygyň durmuş talaplary we meýilleri esasynda emele gelen ählumumy ösüş boldy. Gündogar bilen Günbataryň arasynda ruhy köprini emele getirýän Ýüpek ýolunyň mirasyny öwrenmegi teklip etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewür gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň ygtybarly esasyny emele getirýän sebitiň we yklymyň halklarynyň arasyndaky medeni, ylmy gatnaşyklary ösdürmek, gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipelerini öňe sürýär.



Beýik Ýüpek ýolunyň tejribesiniň ähmiýeti sebitdäki we tutuşlygyna alnanda bolsa Ýewraziýa giňişligindäki ýagdaýlary utgaşdyrmak, syýasy-diplomatik ugurdan başlap, söwda-ykdysady gatnaşyklary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek jähedinde wajyp orny eýeleýär.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ulag-aragatnaşyk we syýahatçylyk ulgamyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistan Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň agzasy bolmak bilen, yklymüsti syýahatçylygyň bir bitewi ulgamyny döretmegi nazarlaýan “Beýik Ýüpek ýolundaky syýahatçylyk” uzakmöhletleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Berlin ITW-2013 bilen baglanyşykly gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, bu ýere gelen tomaşaçylara we hünärmenlere uly täsir galdyran milli bölümimizden başga-da, Türkmenistan şol gözden geçirilişde Gazagystan we Özbegistan bilen ýewropaly syýahatşynaslar we jahankeşdeler tarapyndan uly üns berlen “Beýik Ýüpek ýoly” bilelikdäki syýahatçylyk önümleri taslamasynda hem görkezilendigini bellemeli. Munuň özi Orta Aziýa sebitinde örän netijeli hyzmatdaşlyk syýahatçylyk taslamalarynyň biridir. Oňa 2010-njy ýylda badalga berildi. Şol wagtdan bäri bu ugurda durnukly ösüş duýulýar. Germaniýada geçirilen halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň nobatdaky tanyşdyrylyşy gadymy Ýüpek ýolunyň geçen künjegi bolan taryhy ýerlere syýahat etmäge isleg bildirýänleriň sanyny artdyrdy.

Haçandyr bir wagtlar giň giden ýaýlalaryň arasynda gülläp ösen şäherleriň, ymgyr sähralyklaryň üstünden kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki döwürde bu ýerlerden ýokary derejeli ulag ýollary, häzirki zaman demir ýollary çekildi. Biziň ýurdumyzyň diňe bir taryhy-medeni ýadygärlikleri däl, eýsem, tebigy mirasy bilen tanyşmagy maksat edinen syýahatçylar demir ýol arkaly gezelenç etmegi makul bildiler. Ulagyň bu görnüşi syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişine we häzirki döwrüne nazar aýlamaga ajaýyp mümkinçilik berer.



Ýakynda Türkmenistana UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleri öz içine alýan ugur boýunça syýahat etmegi maksat edinen jahankeşdeleriň nobatdaky topary geldi. Biziň ýurdumyzyň myhmanlaryny ähli amatlyklary bolan ýöriteleşdirilen syýahatçylyk otlusy Mary şäheriniň demir ýol menziline getirdi. Bu ýerde olar dünýä medeniýetiniň taryhynda iň bir täsin künjek bolan Margiana ýurdy bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu künjek arheologlaryň we taryhçylaryň köpýyllyk yhlasly zähmeti netijesinde öz syrlaryny açyp başlady.

Syýahatçylar otludan düşüp, amatly awtobuslara mündüler we “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna tarap ugradylar. Bu ýere gelip düşen syýahatçylaryň arasynda Fransiýadan, Italiýadan, Norwegiýadan we Germaniýadan gelen wekiller bar. Olaryň köpüsi syýahatçylygyň şu görnüşini saýlap almak bilen, Gadymy Merwiň şöhratly ýadygärliklerini öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik alandyklaryny aýdýarlar. Myhmanlaryň “Gündogaryň merjeni” we “şalaryň kalby” adyny alan bu taryhy künjek, şeýle hem ol ýerdäki gadymy şäherçeleriň arheologik toplumlarynda edilen soňky ylmy açyşlar barada ýeterlik düşünjesiniň bardygy mälim boldy.

Gadymy Merw bilen uzak garaşylan duşuşyk türkmen binagärliginiň meşhur ýadygärliginden, Soltan Sanjaryň kümmetinden başlandy. Beýik Seljuklar imperiýasynyň iň soňky hökümdarynyň ady Türkmenistanyň taryhynda tutuş eýýam bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagta çenli Soltan Sanjaryň kümmeti dindarlaryň müňlerçesiniň zy ýarat edýän ýeri bolup hyzmat edýär we daşary ýurtly syýahatçylarda, taryhçylarda hem-de binagärlerde uly gyzyklanma döredýär. Ol özüniň ajaýyp keşbi bilen seljuklar döwletiniň iň ýokary gazananlaryny we ösüşini beýan edýär we häzirki wagtda özüniň täsin keşbi bilen görenleri haýran galdyrýar. Bu ýadygärligiň dünýä binagärliginiň iň ajaýyp desgalarynyň hataryna goşulmagy tötänden däldir. Onda tehniki täzeçillik we döredijilik beýikligi sazlaşýar.



Soňra myhmanlar Erkgala we Gäwürgala, Uly we Kiçi Gyzgala ýaly haýran galdyryjy ýadygärliklere baryp, açyk asmanyň astyndaky muzeý boýunça gezelenç etdiler.

Bu ýerde ýewropaly syýahatçylar gadymy beýik binalaryň harabalarynyň öňünde durup, beýik şäheriň wakalara örän baý bolan taryhy baradaky gürrüňleri üns bilen diňlediler...

Şondan soňra, myhmanlar otla gaýdyp gelip, Aşgabada—gadymyýetden häzirki döwrüň özboluşly şäherine ugradylar. Paýtagtymyz myhmanlary özüniň köp öwüşginli yşyklary, kaşaň myhmanhanalary bilen garşylady. Şondan soňky günüň säheri olar üçin Türkmenistanyň Milli muzeýine gezelençden başlandy. Bu muzeýde bahasyna ýetip bolmajak gadymy gymmatlyklar saklanýar. Türkmen we daşary ýurt arheologlarynyň meşhur Nusaýyň, Gadymy Merwiň we beýleki taryhy, medeni ýadygärlikleriň çäklerinden tapyndylary muzeýiň aýratyn buýsanjy bolup durýar. Syýahatçylarda muzeýiň etnografiýa bölümi uly gyzyklanma döretdi. Onuň eksponatlarynyň hatarynda türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşy, senedi we çeperçilik senetleri bilen baglanyşykly zatlary görkezmek bolar. Köp sanly türkmen zergärçilik önümleri hem-de şaý-sepleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Soňra gezelenjiň maksatnamasy türkmen topragynyň ýene-de bir şöhratly taryhy künjegine—Aşgabadyň etegindäki Köne Nusaý ýadygärligine baryp görmek bilen dowam etdirildi. Taryhyň sahypalaryna diňe bir ajaýyp syýasy ýeňişleri bilen däl, eýsem ýokary derejedäki medeniýeti bilen giren kuwwatly Gadymy Parfiýanyň beýikliginiň subutnamalary bilen ýakyndan tanyşlyk ýewropaly syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Gadymy taryhyň gözli şaýatlary bolan özboluşly ýadygärliklere gezelençden soň, ýene-de Türkmenistanyň häzirki güni bilen tanyşlyk başlandy. Myhmanlarymyz paýtagtymyzyň dürli künjeklerine, şol sanda “Ylham” seýilgähine, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy” seýilgähine baryp gördüler. Dünýäniň köp ýurtlaryna we şäherlerine baryp gören ýewropaly syýahatçylar Aşgabadyň gözel keşbine haýran galyp, türkmen paýtagtynyň dünýäniň iň döwrebap, abadan we özboluşly, myhmansöýer hem-de ýaşaýjylar üçin iň oňaýly paýtagtlarynyň biridigini aýtdylar.

Myhmanlar şeýle hem Aşgabatdaky Ärtogrul Gazy metjidine we Gypjakdaky Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördüler. Bu ajaýyp binagärlik desgalary diňe bir türkmen halkynyň binagärlik däpleriniň dowamatlylygynyň aýdyň beýany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň ahlak sargytlaryna, müdimi ruhy gymmatlyklara sarpa goýmagyň nyşanyna öwrüldi.

Paýtagtymyzyň merkezindäki “Gülüstan” bazary hem myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çünki, aýdylyşy ýaly, hut bazarlara baryp görmek islendik gündogar ýurdunyň köp öwüşginli durmuşyny, özboluşlylygyny hem-de halk durmuşynyň häsiýetli aýratynlyklaryny duýmaga mümkinçlik berýär. Bu ýerdäki özboluşly myhmansöýerlik ýagdaýy ýewropaly syýahatçylary has-da haýran galdyrdy. Olar bazardaky satyjylar bilen mähirli we mesawy gürrüň etdiler. Özüne 80-den gowrak adamy birleşdirýän syýahatçylar toparynyň şeýle söhbetdeş bolmagy üçin iňlis, nemes we fransuz dillerini oňat bilýän biziň ýolbeletlerimiz tagalla baryny etdiler.

Ýöne gezelenç şunuň bilen tamamlanmady. Agşam myhmanlara ýene-de bir çäre garaşýardy. Şol çäräniň barşynda syýahatçylar türkmen milli aşhanasynyň tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligini aldylar. Şunuň bilen birlikde myhmanlar aýdym-sazly we joşgunly tansly halk şüweleňine tomaşa etdiler. Olar köp öwüşginli halk dessurlary bilen tanyşdylar.

Ýewropadan gelen myhmanlaryň özleri bilen alyp barýan zatlary diňe ýadygärlik üçin suratlar, wideoýazgylar, ýadygärlik sowgatlar bilen çäklenmeýär. Olaryň aýtmagyna görä, esasy zat türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň, açyklygynyň we ruhy taýdan sahylygynyň özlerinde galdyran ýatdan çykmajak täsirleri bilen baglanyşyklydyr. Olar Türkmenistana ýene-de gelip görmek islegininiň bardygyny mälim etdiler, çünki entek bu ýerde olara örän köp gyzykly zatlar garaşýar. Ýeri gelende aýtsak, bu syýahata gatnaşyjylar “Beýik Ýüpek ýoly “ taslamasynyň ugurlarynyň giňeldilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Myhmanlar indiki gezek özleriniň görmek isleýän desgalarynyň atlaryny aýdyp, biziň taryhymyzy oňat bilýändiklerini ýene-de bir gezek görkezdiler. Häzirki wagtda biziň mirasymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülýändigi türkmenistanlylary örän buýsandyrýar. Mysal üçin, daşary ýurtly syýahatçylaryň köpüsi Köneürgenç, Dehistan, Amul, Gökdepe galasy, türkmen pirleriniň kümmeti ýaly mukaddes ýadygärlikler, şeýle hem Bathyz, Köýtendag, Repetek ýaly ajaýyp tebigy zolaklar barada köp eşidendiklerini we olary öz gözleri bilen görmek isleýändiklerini aýtdylar.

Biziň ýurdumyzyň köp sanly ajaýyp ýerleriniň arasynda ýewropaly syýahatçylaryň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn bellemelidiris.

“Mahlasy, Beýik Ýüpek ýoly diňe bir Gündogardan Günbatar ugry boýunça ösmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň Aziýada hem köp şahalary bolupdyr” diýip, syýahatçylar aýdýarlar. Myhmanlar häzirki syýahaçtylyk ugurlaryna täze ugurlary goşmak mümkinçiligi barada hem ýatlaýarlar.

Diňe biziň ýurdumyzyň özünde gadymy ýadygärlikleriň iki müňe golaýy, şol sanda gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan ýadygärlikler bar. Onlarça tebigy ýadygärlikler ýaly, olaryň ählisi hem syýahatçylaryň uly isleg bildirýän ýerleridir we ýylyň bütin dowamynda tanyşlyk üçin açykdyr.

Olary halkara syýahatçylyk ulgamyna goşmak Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmek maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Maksatnama Türkmenistanyň tebigy-şypahana we taryhy-medeni desgalarynyň örän köp sanlysyny: "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan, meşhur Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap we beýleki şypahanalardan, Nusaý, Dehistan, Köneürgenç, Köýtendag, Gadymy Merw ýaly meşhur ýadygärliklerden başlap entek dünýäde känbir meşhur bolmadyk, ýöne ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýe bolan ýerlere çenli täsinlikleri öz içine alýar.

... Şol wagt biz Ýewropadan gelen syýahatçylar toparlarynyň birini ugradyp, 9-njy aprelde agşam “Beýik Ýüpek ýoly” ugry boýunça biziň ýurdumyza gelen beýleki bir topary garşyladyk. Ikinji topara hem şol bir ýol garaşýar, ýöne indi bu ugur Aşgabatdan Mara tarap bolar.

Şu ugur boýunça ikinji sapar eýýäm şu ýylyň oktýabrynda amala aşyrylar. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bolsa eýýäm ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň desgalaryň sanawyny giňeltmek boýunça syýahatçylaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler.