Ï Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 674
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežada bu ýurduň Buşer welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz hatynda gurban bolanlaryň hem-de ejir çekenleriň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.