Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelen Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň iberen mähirli sözlerini, Türkmenistanyň halkyna we onuň milli Liderine bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk we ägirt uly oňyn özgertmeleriň ýolunda rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýokary wezipeli wekili bilen mähirli görşüp, milli Lidermiz özüniň ukrain kärdeşine hoşniýetli sözlerini aýtdy we Ukrainanyň Türkmenistan üçin döwrüň synagyndan geçen, uzakmöhletleýin, özara peýdaly esasda gatnaşyk saklaýan ýurtdugyny belledi.
türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzykly pikir alyşmalar boldy. Şonuň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ähli umumy gyzyklanmalara we iki ýurduň halklarynyň düýpli laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklaryň soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýygjam hem-de netijeli gatnaşyklara bolan ikitaraplaýyn meýiller soňky ýyllarda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň kuwwatly şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kemala gelendigini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz ukrainaly hyzmatdaşlaryň ýangyç-energetika toplumyndaky, ulag, şäher gurluşyk ulgamlaryndaky we milli ykdysadyýetimiziň beýleki möhüm ugurlaryndaky wajyp taslamalary durmuşa geçirmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Şeýle hem bilen, hormatly Prezidentimiz Ukrainanyň kompaniýalarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.
barşynda gumanitar ulgamdaky, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim pudaklaryndaky döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gadymy döwürlerden bäri dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan iki halkyň baý medeni we özboluşly däp-dessurlaryna bolan özara gyzyklanmalaryň durmuşa geçirilýän ähli medeni çäreleriň, şol sanda ýakynda Ukrainanyň Aşgabatda geçirilen Medeniýet günleriniň üstünlikli bolmagyny şertlendirýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurdaky bilelikdäki işiň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşyklaryň şunuň ýaly işjeň häsiýete eýe bolmagynyň iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine, şeýle hem Türkmenistan bilen Ukrainanyň abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň we ÝHHG-nyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça giňeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýän döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleriniň netijesidigini aýratyn nygtady.
Myhman türkmen paýtagtynyň tanalmaz derejede özgerendigini belledi. Ol Aşgabatda birnäçe ýyllaryň dowamynda ýaşady we işledi. Şeýle hem myhman hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna hoşniýetlilik, bagt we döwlet gurluşygynyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda myhman milli Liderimize hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň ukraina dilinde neşir edilen ikinji jildini gowşurdy.
Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow gatnaşdy.