Ï Belentliklere çykýanlary türgenleşdirýän klub
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belentliklere çykýanlary türgenleşdirýän klub

view-icon 731
Şu ýyl Türkmenistanyň alpinistleri we dag belentliklerine syýahat etmegi gowy görýänler üçin aýratyn ýyl bolar. Günki kyrk ýyl mundan ozal dag belentliklerine çykýanlaryň ýaşuly nesli, özlerine berilen dereje ýazylgy sanly „Turist“ diýen nyşany buýsançly göterenler hem-de gatnalamadyk ýodalar bilen dag belentliklerine çykmagy gowy görýänler „Edelweýs“ ady bilen ýurtda ilkinji alpinistler klubyny döretdiler.

Hut “Edelweýsde” türgenleri- - dag belentliklerine çykyjylaryň bölümçe işi goýulman, eýsem ilkinji sapar klub işi ýola goýuldy. Bu bolsa alpinizmi ýokary derejä çykarmaga, beýleki ýurtlaryň alpinistleriniň arasynda abraý gazanmaga mümkinçilik döretdi.


Muňa Aşgabatda 1997-nji ýylda GDA ýurtlarynyň alpinizm boýunça belli tälimçileriniň maslahatynyň geçirilmegi doly şaýatlyk edýär. Bu maslahatyň maksady, ilkinji nobatda, ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda syýahatçylygyň ähli ugurlarynyň ösdürilmegini nazarlaýan tabşyryklaryny amala aşyrmak ugrunda bahasyna ýetip bolmajak tejribäni öwrenmekden ybarat boldy.

Şu ýyl alpinistleriň ýene-de bir belläýn şanly seneleri – ol hem „Edelweýs“ alpinistler klubynyň miras düşeri bolan „Agama“ klubynyň döredilmeginiň 20 ýyllygydyr. Milli türgenleri- alpinistleri terbiýelemegiň oňyn tejribeleri hut „Agama“ klubynda amala aşyrylýar. Öz manysy boýunça adatdan daşary ýagdaýy aňladýan sportuň bu görnüşi ruhy taýdan sagdyn adamlary öz hataryna çekýär. Bu bolsa diňe bir sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde öňde goýlan weüipeleri amala aşyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem oglanlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna ruhlandyrýar. Bu ýerde olara joşup duran gujurlaryny sarp etmäge, edermenlik mekdebini geçmäge we durmuş gerek bolan oňyn maksatlaryna ýetmäge kömek edilýär. Häzirki wagtda bu ýerde nerk durmuş kadalary berjaý edilýär. Bu ýerde klubyň müdirliginiň we aktiwiniň mejlisleri, tälimçiler we dürli toparlaryň geňeşiyzygiderli geçirilýär. Bu çärelerde guramaçylyk meseleleri çözülýär, ýaşlar we tejribeli türgenler üçin umumy bedenterbiýe we ýörite türgenleşikler, şeýle hem teoretiki sapaklar we maslahatlar geçirilýär. Şenbe we ýekşenbe günleri daga çykmaklyk we ýerinde amaly sapaklar guralýar.

Klubyň agzalary we agzalyga dalaşgärler geçirilýän sapaklaryň dowamynda daga sapar edilen gerek bolan, alpinistçilik we daga taýýarlygy goşmak bilen, alpinistçilik enjamlaryny ulanmagyň usullary boýunça teoretiki we amalay endikleri ele alýarlar.


Alpinistçilik taýýarlygyny ele alan „Agama“ klubynyň agzalary MHM, IIM, GM, Türkmenistanyň GM ýanyndaky Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň ýörite gulluklaryna we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna yzygiderli kömek berip durýarlar. Klubyň tälimçileriniň we türgenleriniň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri boýunça müdirliginiň, Türkmenistanyň GM we IIM ýörite bölümleriniň işgärleri bilen sapak geçirmek üçin çagyrylmagy, klubyň agzalarynyň hünär derejeleriniň ykrar edilmeginden nyşandyr. „Agama“ klubynyň agzalary bu çäreleri meýletinlik esasynda geçirýärler.