Ï Sport täzelikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport täzelikler

view-icon 947
Biziň ýurdumyzyň sport durmuşy köp sanly dürli wakalara baýdyr. Ine şu hepde hem hemme türkmen sport söýüjilerini köp sanly ýaryşlar begendirer olaryň köpüsi Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky bäsleşiklerdir. Olaryň başyny bolsa “Aşgabat” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda şu gün bad alýan grek-rim we erkin göreş boýunça ýaryşlar başlar.

Bu ýerde 15-17-nji aprelde harby mekdebiň okuwçylary bilen ýaşlaryň arasynda sportuň bu olimpiýa görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryşlar geçiriler. Paýtagta ähli welaýatlardan ýaş göreşijileriň 200 töwergi ýagnandylar. Sport baradaky döwlet komitetiniň we sport göreşi boýunça milli merkeziň guramagynda geçirilýän bäsleşigiň esasy maksady halkara derejesindäki ýaryşlarda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine türgenleri saýlamakdan ybaratdyr. Has takygy, olar iýul aýynda Aziýa we dünýä birinjiligi ugrunda Mongoliýada hem-de awgusta Serbiýada geçiriljek ýaryşlardyr.

Şol günlerde mekdebiň maslahat zalynda Sport baradaky döwlet komitetiniň ýaş olimpiýaçylaryny taýýarlamak ugrunda erkin we grek-rim göreşi boýunça türkmen eminleri üçin okuw maslahaty geçiriler. Onda halkara eminçiligindäki soňky üýtgeşmelere degişli meseleler maslahatlaşylar şeýle hem ýaş eminleriň okuwy geçiriler.

17-24-nji aprelde Köpetdagyň eteginden uzalyp gidýän Arçabil şa ýoly boýunça ýaryşlary geçiriler. Bu ýerde erkekleriň arasynda welosport boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky bäsleşikler bolar. Şeýle hem oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Aşgabatdan iň oňat ussatlar gatnaşarlar. Ýaryşlar birnäçe aýratyn we toparlaýyn görnüşde geçiriler. Olaryň aralygy 15-den 140 kilometre ýeter.

Öňümizdäki dynç günlerde Lebap welaýatynyň merkezi 17-i ýaşa çenli bolan türkmen ýeňil atletikaçylaryň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň merkezine öwrüler. Döwrebap sport toplumynyň ylgaw meýdançalarynda Türkmenistanda birinjiligi geçiriler. Bäsleşiklerde dürli aralyklara ylgamak uzynlygyna we beýikligine bökmek boýunça we beýleki ugurlar boýunça ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistanyň birinjiligi almak boýunça ýene bir bäsleşik gandbol boýunça 16-20-nji arpelde Türkmenistanyň sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary sport ussatlygy mekdebinde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndylary gatnaşarlar. Gandbol ýaryşlarynyň tamamlanan güni Aşgabat şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebinde sportuň bu görnüşi boýunça 8 we 14 ýaşa çenli bolan oglan-gyzlar gatnaşarlar. Her topara ýurduň ökde küştçileriniň 15-si gatnaşyp, olar baýraklary aýlaw usuly boýunça almak ugrunda güýç synanşarlar.

Bu ýaryşlara geçen ýylyň Bütin dünýä küşt olimpiýadasynyň altyn medalynyň eýesi (16 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda, dürli ýaş toparlarynda ýurduň 15 gezek çempiony 13 ýaşly sport ussady S.Atabaýew gatnaşar. Ol häzirki wagtda ýapyk binalarda dördünji Aziýa oýunlaryna we söweş boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin milli ýygyndynyň deslapky düzümine girýär. Bu sport forumy şu ýylyň tomusynda Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriler. Türkmen milli ýygyndysynyň düzüminde ymykly ornaşmagy üçin ýaş Atabýewe öňdäki milli ýaryşda hökman ýeňmek gerek.

Aziýada baradaky gürrüň gozgalan ýerinde indiki bäşinji ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça sebit oýunlary biziň paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýan Olimpiýa şäherçesinde geçiriljekdigini nygtamak gerek. Şonuň üçin sportuň Aziýa oýunlarynyň maksatanmasyna girýän görnüşleri boýunça ýaryşlar türkmen sportçylaryna şol sport forumyna gatnaşmaga taýýarlagyň möhüm tapgyry bolup durýar.

Şeýle taýýarlyga Hindi oýny bolan kabaddi boýunça Daşoguz welaýatynda birinjiligi almak boýunça geçirilen ýaryşy goşmak bolar. Bu ýaryş türkmen milli oýun bolan “Aýterek-Günterege” meňzeşdir. Ol şu gün ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde geçiriler. Bu ýaryş kabaddi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligine gatnaşmak üçin welaýatynyň ýygydysynyň düzümini kesgitlär. Milli ýaryş Aşgabatda 18-21-nji aprelde geçiriler. Onuň netijeleri boýunça Inçhon şäherinde geçiriljek Aziýada çynlakaý taýýarlanjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlener.

Murgabyň sebitlerinde-de birnäçe bäsleşikler geçiriler. Marynyň döwrebap sport toplumlarynda 17-21-nji aprelde welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýedisi, ýagny adaty karate, gylyçlaşmak, welaýbol (ýaşlaryň we ulularyň arasynda), basketbol, pauerlifting hem-de baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça ýaryşlar geçiriler.

Bulardan başga-da ýurduň beýleki dolandyryş mekrezlerinde we etraplarynda milli göreş, düzzüm, futbol, kekuşinkaý – karate, dzýudo we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary guralar. Olara esasan ýaş türgenler - Watanymyzyň sportunyň geljekki “ýyldyzlary” gatnaşarlar.