Ï Awazanyň desgalary pasportlaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazanyň desgalary pasportlaşdyryldy

view-icon 869
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Baş müdirliginiň maslahatlar zalynda Hazaryň kenarynda hereket edýän myhmanhanalara, sagaldyş-medeni dynç alyş merkezlerine täze pasportlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şypahana-sagaldyş desgalarynyň ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylyp, ol Awazada türkmenistanlylara we daşary ýurtly syýahatçylara edilýän hyzmatyň derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer. Mundan başga-da, bu çäre syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň ykdysady taýdan esaslandyrylan meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, oňa goşmaça maýa goýumlaryny çekmek üçin zerur bolup durýar.


Täze nusgadaky pasportlar şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklandy. Ol resminamalarda Hazaryň kenarynda kemala gelen myhmanhanalar, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, şol sanda myhmanhanalary gurmakda buýruyjylar bolup çykyş edýän ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn edaralary, potratçy kompaniýalar, desganyň gurlan senesi, onuň ýyldyz derejesi, myhmanhanalardaky orunlaryň sany we olarda edilýän hyzmatlar hakyndaky esasy maglumatlar jemlenendir. Awazanyň şypahanalarynyň pasportlary görnükli ýerde goýlup, dynç alýanlar islendik wagtda onuň mazmuny bilen tanşyp bilýärler.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda uly geljegi bolan syýahatçylyk ulgamynyň sazlaşykly ösüşi, bu ulgamda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, oňa daşary ýurtly maýadarlaryň işjeň çekilmegi Türkmenistanyň häzirki döwürdäki döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

2007-nji ýyldan başlap, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ägirt uly taslama uly möçberde maýa goýumy goýberildi. Netijede, häzirki döwürde Hazaryň kenaryna ajaýyp binagärlik toplumlary bolan “Watançy”, “Hazyna”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Serdar”, “Arzuw”, “Daýanç”, “Şapak”, “Bereket” ýaly kaşaň myhmanhanalar görk goşup, olar bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 3 müňden gowragyny kabul edip bilýär. Häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan howa menzili, kuwwatly gaz turbinaly elektrik bekedi, deňiz suwuny süýjediji zawod şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Gämi gatnawly 7 kilometrlik derýa Awazanyň içinden geçýär. Onuň awtoulag we pyýada köprüleri bilen birleşen kenarlarynda amfiteatrlary, özboluşly çüwdürimler toplumyny, kafeleri we restoranlary, deňiz ýahtalary we gezelenç gaýyklary üçin duralgalary öz içine alýan abadanlaşdyrylan zolak uzalyp gidýär.

Häzir "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň 17-si bina edilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň buýurmasy esasynda maşgala bolup dynç almak üçin ähli oňaýly şertleri özünde jemleýän köpugurly myhmanhanalar, kottežler toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň köpüsi şu ýylyň dowamynda gurlup ulanmaga berler.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň sanyny 7 müň adama çenli artdyrmaga mümkinçilik berjek myhmanhanalardan, pansionatlardan, sagaldyş merkezlerinden we beýleki şypahana desgalaryndan başga-da, sport desgalaryny, medeni-dynç alyş merkezlerini, akwaparklary, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri, döredijilik festiwallaryny geçirmek üçin işewürik merkezlerini gurmak meýilleşdirildi.

Şu jähetden şypahana-dynç alyş desgalarynyň pasportlaşdyrylmagy Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmäge, ýurdumyzyň myhmanhana hyzmatlary işiniň we syýahatçylyk hyzmatlar ulgamynyň derejesini halkara ülňülerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän işiniň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge kuwwatly itergi berer.