Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 706
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, hususan-da, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny nygtady.

Balkan welaýatyň häkimi B.Hojamämmedow wideoşekilli iş maslahatynda häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işi bilen baglanyşykly meseleleiň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we sebitiň ähli etraplarynda ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häzir oba hojalyk işgärleri üçin wajyp möwsümiň dowam edýändigini aýtmak bilen, gowaça ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Göni aragatnaşykda geçirlýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol sebitde desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ilkinji nobatda bolsa döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy. Bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýarndygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işeriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişiniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitiň senagat düzümini sazlaşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk ulgamyna ünsi çekip, kärendeçileriň durmuşynda wajyp möwsüm bolan gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi, oňa dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty diňlenildi.Häkim häzirki döwürde welýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy we ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda ak ekinlere göwnejaý ideg etmegiň, gowaça ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli alnyp barylmagynyň örän möhüm wezipelerdigini bellemek bilen, bu işleriň häzirki döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz sebitiň çäklerinde alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny ünsi çekdi.

Soňra widoşekilli göni aragatnaşykda geçirilýän işler barada hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işleri ministri R.Meredow çykyş etdi. Ol buýsançly ajaýyp waka barada -- Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygy barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, geçen hepdede Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölüminde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 65-nji maslahatynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Onda iki ýyllyk möhlete bu komissiýanyň ýolbaşçy düzüminiň saýlawlary geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Bu derejä laýyklykda, biziň ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň , ýagny ady agzalan abraýly düzümiň dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini hem ýerine ýetirer. Bu waka biziň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň üstünlige beslenýändiginiň nobatdaky tassyklanamasy, dünýä ýüzünde Türkmenistan döwletimiziň ýokary abraýynyň subutnamasy bolup durýar.

Bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge gyşarnyksyz we yzygiderli eýerjekdigini belledi. Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy täze taryhy eýýamda biziň özbaşdak döwletimiziň halkara abraýynyň has-da pugtalanandygyna şaýatlyk edýän möhüm wakadyr diýip nygtady.

Türkmenistanyň bu abraýly düzümiň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistan döwletiniň alyp barýan döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandyklaryna we oňa düşünýändiklerine, aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi Ýewropa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşylgy ýola goýmakda möhüm ugurlaryň biridir, şeýle hem ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen netijeli özara hereketleri ösdürmäge gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljegi uly bolan ugurlar hasaplanýan ykdysadyýet we toplumda, maliýe we maýa goýumlar, senagat we tehnologiýalar, ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarda hem-de beýleki mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýokarda aýdylanlaryň esasynda döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy bilen baglylykda, döwletimiziň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek hem-de ýakyn iki ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bu ugurda alyp barjak işleriniň Ýewropa ykdysady komissiýasyna agza döwletler üçin netijeli hem-de bähbitli bolmagyny gazanmak maksady bilen ähli zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna A.Ýegeleýewi hem çagyrdy. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işleriniň ýagdaýy we bu ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ulag toplumynyň we telearagatnaşyk pudagynyň ýurduň saldamly durmuş-ykdysady ösüşinde, döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky meselelerini üstünlikli çözmekde möhüm ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu agzalan pudaklara döwlet mundan beýläk hem ýardam eder diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek bilen pudaklaryň ähli kärhanalarynyň we düzümleriniň işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabatda 18-19-njy aprelde “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamany amala aşyrmak maksady bilen bilelikdäki utgaşdyryjy iş toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek baradaky buýrugyň taslamasyna gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, bu Ähtnama şu ýylyň 20-nji martynda türkmen paýtagtynda geçirilen Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahaty dowam etmek bilen, agzalan taslamanyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir üç goňşy ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşant bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara we sebit möçberinde ulag düzüminiň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän ýaýbaňlandyrylan şahalarynyň döredilmegine ýardam etjek bu taslamanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki utgaşdyryjy iş toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek baradaky Buýruga gol çekip, wise-premýerlere bu Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bozulmaz we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýe bolan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, häzirki zaman taryhy eýýamda däp bolan döwletara gepleşiginiň öz ösüşinde täze tapgyra gadam basandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahat we abadan durmuşa ymtylmagynda doganlyk owgan halky bilen raýdaşdyr, doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berer, şu ugurlarda dünýä jemgyýetiniň tagallalaryna işjeň gatnaşar.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, ol Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, şol sanda Arçabil şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamasynyň derwaýys meselelerine ünsi çekip, milli Liderimiz Arçabil şaýolunyň nusgalyk derejä göterilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp sanly edara ediş binalarynyň gurlup ulanmaga berlen paýtagtymyzyň bu böleginde ugurdaş düzümleriň döredilmelidigini aýtdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň hem-de Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançalaryň uly dabaralar, şanly senelerimiz mynasybetli medeni çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülendigi mynasybetli, bu ýerde sürüjileriň we pyýadalaryň oňaýlygy üçin ugurdaş desgalary, ýagny ýerasty geçelgeleri we beýleki düzümleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýlelikde, milli Liderimiz Arçabil şaýolunyň durkuny düýpli döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işlere jogapkärli çemeleşmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ýerde ýol gurluşygynyň hilinden we abatlaýyş işlerinden başlap, ýolagçy duralgalaryna, ýol belgilerine, onuň yşyklandyrylyşyna we gök zolaklaryň dörediligşine çenli ähli görkezijileriň nazara alynmalydygyny we onuň çözgüdine toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmelidigini nygtady.

Ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýollaryň, estakadalaryň we köprüleriň gurluşygynyň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we olaryň degişli derejede saklanmagynyň derwaýysdygyny belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň içeri işlder ministr I.Mulikow ministrligiň düzümleriň öňünde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça jogapkärli wezipeleri nazara almak bilen polisiýanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içeri işler düzümleriniň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň ulag ýollarynda howpsuzlyk kadalarynyň üpjün edilişine aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Ýollarda hususy we döwlet awtoulaglarynyň köpelmeginiň, ýol hereketiniň artmagynyň ministrligiň düzümleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyrýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň öňünde durýan we ilkinji nobatda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Aşgabatda iki sany suw sowujy ulgamy bolan zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň we Ukrainanyň “Interbudmontaž” kompaniýasynyň Arçabil etrabynda gurýan inženerçilik ulgamynyň gurluşygynyň gidişi barada habar berdi. Hususan-da, häzirki döwürde şäheriň demirgazyk künjeginde ötügiň gurluşygy boýunça işleriň dowam edýändigi, suw geçiriji we beýleki inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň bir böleginiň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Hasabatda ozal ylalaşylan şertnamanyň çäklerinde Ukrainanyň kompaniýasyna birnäçe ýeňillikleri üpjün edýän şertleriň döredilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzdaky zeý suwlarynyň derejesini has-da peseltmäge, Aşgabadyň inžeenrçilik-aragatnaşyk ulgamalaryny dünýä ülňüleriniň hataryna çykarmaga, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelerini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer diýip belledi.

Ähli şäher düzüminde häzirki zaman ölçegleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen bu maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäherde amatly ekologiýa ýagdaýynyň, ilatyň ýokary durmuş derejesi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, Ukrainanyň “Interbudmontaž” kompaniýasyna gurluşyk işlerini doly tamamlaýança salgyt ýeňillikleriniň saklanmalydygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada aýtmak bilen, Jülgede ýerleşýän halkalaýyn ýoluň merkezinde goýuljak heýkeller, olaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk hem-de Halkara atçylyk sport toplumynda we onuň daş-töwereginde arassaçylyk hem-de abadanlaşdyrmak işleriniň geçirilişi barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimizden Jülgede ýerleşýän halkalaýyn ýola “Atly aýlaw” we onuň onuň aňyrýanynda ýerleşýän aýlaw ýoluna bolsa “Polatly aýlaw” adyny dakmaga ygtyýar bermegini haýyş etdi.

Ýyndamlykda we gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolup durýar we ol baý medeni mirasymyzda görnükli orny eýeleýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz umumyadamzat medeniýetiniň ösmeginde möhüm orny eýeleýän bedewlerimize buýsanmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, aýlawlara at dakmak bilen baglanyşykly teklipleri halkymyz oňlasa, olaryň amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri S.Satlykow özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, paýtagtymyzda arassaçylyk işleri üçin niýetlenen tehnikalary netijeli peýdalanmak, şeýle hem degişli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekiili iş maslahatynyň barşynda A.Rejebowy ýurdumyzyň jemagat hojalygy ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky, şeýle hem Ý.Gylyjowy Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda durmuşa geçirilýän birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Galkynyş” iri gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň barşy barada aýtdy. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny durmuşa geçirýän çäreler hakynda habar berdi.

Ýurdumyzyň çäginde soňky ýyllarda açylan täze iri nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň tizleşdirilmeginiň derwaýysdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamdaky taslamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem olaryň eksport ugruny diwersifikasiýa etmek boýunça strategik meýilnamalarynyň esasy ugrudygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilýän taslamalaryň bellenilen möhletinde we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri üpjün etmek maksady bilen, wise-premýere maý aýynyň ahyryna çenli Mary welaýatynda iş sapary bilen bolmagy tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu wajyp pudakdaky işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, wise-premýer B.Hojamuhammedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň möhleti tamamlanýança onuň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek Ý.Kakaýewiň üstüne ýükledi.

Soňra Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gözegçilik edýän toplumynda işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurtda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna “Döwlet maldarçylyk birleşiginiň meseleleri hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykdaky wideoşekili iş maslahatyna döwlet maldarçylyk birleşiginiň başlygy D.Myratberdiýew çagyrdy. Ol öz gezeginde garamyndaky düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler we birleşiginiň işi kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Birleşigiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdiginiň üstünde durup geçmek bilen biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy durmuş - ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösüdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bellenen işleriň ählisiniň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.Umuman alananda, hödürlenen resminamanyň taslamasyny oňlap we oňa gol çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-permýere we birleşigiň ýolbaşçysyna onuň ýerine ýetirilmegi boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň dowamynda A.Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal habar berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, galla oragy möwsüminde herekete giriziljek oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Bugdaý ýygýan kombaýnlary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky” resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Obasenagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli güýçleri şol, sanda öňde durýan galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen tehniki serişdeleri we hyzmat gulluklaryny şol ugra gönükdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýerden bu möhüm oba hojalyk möwsümini ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli möhüm çäreleri görmegi talap etdi. Umuman, hödürlenen kararyň taslamasyny oňlap, döwlet Baştutanymyz onuň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet birleşikleriň ýolbaşçylaryny bellemek meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz olaryň işine bahany galla oragynyň netijeleri boýunça bereris diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Ç.Çarlyýewi “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, W.Weliýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji we Ý.Çaryýewi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji edip bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow öz gözegçilik edýän pudaklarynda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, söwda we dokma toplumynyň maýalary özleşdirmek we eksport kuwwatyny artdyrmak barada amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-- premýer täze döredilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň işiniň guramaçylyk meselelerine degişli çözgüt barada hasabat berip, bu düzümde ýolbaşçy wezipelere ýolbaşçylary hödürledi.

Milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine O.Işangulyýewany bellemek hakyndaky Permana gol çekip, ony göni aragatnaşyga çagyrdy. Birleşigiň ýolbaşçysy haly pudagynyň ösüşiniň depginleri, maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylyşy, türkmen halylarynyň dünýäde meşhurlygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-permýere ýüzlenip, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Abadan şäherinde ýerleşýän haly kärhanasynda düýpli gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, has kämil tilsimat enjamlary ornaşdyryp, täze, döwrebap kärhanany gurmak baradaky meseläni düýpli öwrenmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda türkmen halyçylygynyň iň oňat däplerini aýawly saklamak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, bu gadymy sungatyň ösdürilmegini döwrebap esasda alyp barmagyň döwletimiziň uly üns berýän aladasydygyny belledi.Gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz şu maksat bilen ýurdmyzda, halyçylaryň zähmeti we durmuşy üçin iň oňat şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz haly önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, olaryň görnüşlerini giňeltmegiň, şeýle hem daşary ýurtly satyn alyjylar bilen hazmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi. Pudagy ösdürmegiň aýry-aýry ugurlaryny anyklaşdyrmak bilen we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin milli Liderimiz önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli tabşyryklary berdi.

Biziň halylarymyz milli gymmatlygymyzdyr diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy. Olar gadymdan bäri bütin älime bellidir, häzirki wagtda-da türkmen halylaryna dünýäde isleg juda ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz içerki bazaryň ugurlaryny işjeň öwrenmegiň möhümdigini we milli haly önümlerini barha köp öndürmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem döredijilik pikirlerini goldamagyň möhümdigine, halyçylaryň asyrlar aşyp örän köp nesilleriniň zähmeti netijesinde häzirki wagtda belentliklere ýeten sungat bolan gadymy hünäre täze çemeleşmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Iş maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz O.Işangulyýewany “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine belläp, degişli resminama gol çekdi.

Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi.