Ï Türkmenistan-Türkiýe: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Türkiýe: syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 766
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhana toplumlarynyň işgärleri üçin guralan okuw maslahatlarynyň tapgyry ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda dünýä tejribesini peýdalanmaga bagyşlandy. Ol Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak agentligi /TIKA/ bilen bilelikde guraldy.

Milli ykdysadyýetimiziň pajarlap ösýän pudagyna - syýahatçylyk we şypahana - dynç alyş ulgamyna häzirki zaman ülňülerini ornaşdyrmak okuw maslahatynyň baş maksady bolup durýar. Syýahatçylyk işini ýöretmegiň dürli ugurlaryny gurşap almak bilen, tälim beriş maksatnamasy, hususan-da, menejment, myhmanhana hyzmatlary, işewür gatnaşyklaryň psihologiýasy we milli etiketiň aýratynlyklary ýaly mowzuklara bagyşlanan leksiýalaryň tapgyryny, şeýle hem daşary ýurt hünärmenleriniň gatnaşmagynda tälim beriş okuwlary öz içine alýar.

Bu ýere ýygnananlar umumy mejlisde çykyş edip, daşary ýurtly işewür toparlarynyň, şol sanda iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda täze syýahatçylyk we dynç alyş halkara merkezini döretmek boýunça başyny başlan giň gerimli taslamasyna uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Bu ýerde birnäçe ýylyň dowamynda ajaýyp kaşaň myhmanhanalaryň, pansionatlaryň, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň we beýleki dürli maksatly desgalaryň onlarçasy gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa türkmen topragynyň bu künjegini tanalmaz derejede özgertdi.

Biziň ýurdumyzyň ägirt uly tebigy-sagaldyş we taryhy-medeni ýerleri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny hem-de tutuş syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, daşary ýurt maýadarlaryny işjeň çekmek häzir Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlarynyň, festiwallaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen Awaza sebitde iri işewür we medeni merkeziň derejesine eýe boldy. Häzir şu ýylyň tomsunda Hazaryň kenarynda geçirmek bellenilen Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek işleri giňden ýaýbaňlandy. Diňe bir milli medeniýetiň däplerine we köpdürlüligine baý bolan baýramçylyga däl-de, eýsem, egsilmejek syýahatçylyk serişdesi hökmünde onuň kuwwatynyň aýdyň öwüşginine öwrüljek bu uly waka nobatdaky binagärlik açylyşlary hem gabatlanar.

Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Halkara syýahatçylyk kongresini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, dünýäniň syýahatçylyk ulgamynyň maýadarlary we bilermenleri, daşary ýurt işewürleri çagyrylar.

Türkmenistana gelip görýän daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda deňiz şypahanasynyň meşhurlygy günsaýyn artýar. Bu ýerde munuň üçin zerur bolan şertler döredilýär, syýahatçylyk hyzmatlary we degişli düzüm giňelýär. Türkmenistanlylar üçin bolsa altynsöw çägeli, arassa howaly we deňizli Awaza eýýäm höwes bilen dynç alynýan ýere öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilen şypahana-dynç alyş desgalaryny pasportlaşdyrmak işiniň möhümdigi bellenildi. Munuň özi ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylyk ulgamyny döretmäge, Türkmenistanyň dünýäniň syýahatlar we syýahatçylyk ulgamyna has giňden goşulmagyna ýardam etmelidir. Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça Baş müdirliginde Hazaryň kenarynda hereket edýän myhmanhanalara, sagaldyş we medeni-dynç alyş merkezlerine täze görnüşdäki pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Syýahatçylyk işini dolandyrmakda täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, syýahatçylyk bazaryna hemişelik monitoringiň we degişlilikde, bu ugurda soňky dünýä meýillerini we islegleri nazara almak bilen, hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Myhmanhanalaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlary şu ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder we Hazaryň türkmen kenarynda kemala gelýän sagaldyş merkezlerinde, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde - “Kuwwat”, “Kerwen”, “Hazyna”, “Watançy”, “Nebitçi”, “Arzuw”, “Bereket”, “Türkmenbaşy”, “Çarlak”, “Şapak” we “Daýanç” kaşaň myhmanhanalarynda tapgyrma-tapgyr geçiriler.