Bilim ministrliginiň, Zenanlar guramasynyň we Sport baradaky döwlet komitetiniuň guramaklarynda geçirilen bäsleşige Aşagabat şäheriniň we ähli welaýatlaryň ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş eden ýaş türgen gyzlarynyň – 7-10-njy synp okuwçylarynyň 120-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşik Aşgabadyň umumy bilim berýän 84-nji we 85-nji mekdeplerinde „Saglyk-owadnlyk“ atly çagyryş bilen sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Däp bolşy ýaly, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, küşt we sport gimnastikasy boýunça iki tapgyrda – ýazda we güýzde geçirilýär.
Gyzlaryň spartakiýadasynyň jemleýji tapgyrynda mekdep derejelerinden başlap, paýtagt we ýurduň sebit derejelerinde ýeňiji bolan gyzlar duşuşýarlar.
Birinji orna Mary welaýatynyň gyzlar ýygyndy topary mynasyp boldy. Ikinji we üçünji ornabolsa degişlilikde Ahal welýatynyň we paýtagtyň ýaş sportçy gyzlary eýelediler. Olara bäsleşigi guraýjylarynyň adyndan ýörite diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.